Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme,
Çydardan juda kyn söýginiň derdi.
Ol ejiziň asla golundan gelmez,
Yşk… müzzerder eken “men” diýen merdi.
Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme,
Agtarmaly toslamalaň gatyny,
Geçmiş depderçesin reňklere boýan,
Ýatlamak islämok, söýgi hatyny.
Hatda, ne hakykat ne-de bir çäk bar,
Owadan sözleri tutup ýalana,
Diňe bir meni däl, aldap özüni,
Nälet bolsun, şeýle haty ýazana.
Ýekeje söz gürläýme, söýgi hakda,
Gürlemäň siz ýüregimi dagladyp,
Ne peýda gazanýaň eý zalym söýgi?!
Bigünä ynsany ýeke agladyp?!
Seniň çigit ýaly günäň hem ýokdyr
Söýgiň adyň bulap ýörenler ynsan,
Goý durmuşdan çyksyn ýalan söýgüler,
Ynsanlara özüň berewör ynsap.
Gurbanmämmet Meredow
Wonderfull 3 years ago- 👍👍👍👍