“Ol özüniň zenanyna diňe ýakynlygyna däl, eýsem indi ol pikirlerinde azaşdy, nirede söýeniniň başlap, nirede özüniň gark bolýanyny bilmedi”. (Lew Tolstoý “Anna Karenini”)
Söýgi — zenany has owadanlaşdyrýan, erkek adamy has güýçlendirýän, ruhuňy ýeňledýän, durmuşy gözelleşdirýän ýeketäk duýgudyr. (Fridrih Nisşe)
Dünýäde hiç bir ynsan seniň gözýaşlaryňa degmez, eger-de degýän bolsa, ol seniň aglamagyňa hiç wagt sebäp bolmaz. (Gabriel Markes)
Men ony söýýärin. Sebäbi bu durmuşda oňa taý hiç bir zat ýok…ne ýyldyzlar, ne güller, ne taý geljek ynsan ýok… (Aleksandr Kuprin)
Zenan — güle deňelýär. Erkek kişi —onuň bagbany. Bagban apalap, sypalap gülüni gülledýär. Gül hem oňa jogap edip, minnetdar bolýar, öz mylaýym duýgusyny we gözelligine oňa bagş edýär.
Olar birek-birege el uzadyp bilmediler, emma bir-biriniň ruhunda ýaşamak olara başartdy. (Ariel Býuto)
Düýşüňe girýärmi diýmek, oýa batýarsyň. Oýa batýarsyňmy, diýmek küýseýärsiň. Küýseýärsiňmi, diýmek söýýänsiň. Söýýäňmi, diýmek ol seniň ýaryň… (A.P. Çehow)
Hakyky söýgüde iki adam hem birek-birekden hiç bir zat garaşmaýar. Diňe hakyky duýgudyr, söýýän ynsanyň talaby… (Antuan de Sent-Ekzýuperi)
Okap bilersiňiz Ýürekden edilen arzuwlar
Hiç wagt sizi adaty adam ýaly görýän birini söýmäň. (Oskar Wald)
Aňyýet erbet we gowy duýgulary aýryp bilýär. Söýgi diňe gowulyk getirýär. (D.Çopra)
Bu neneň bagt. Eger-de islän wagtyň söýeniňi bagryňa bassaň…(S. Ahern)
Gygyr, her kim eşider, ýuwaşlyk bilen aýt, ýakynyňdaky eşider. Emma diňe söýýän adam dymýanlygyň sebäbini biler.
Gürleme…Gerek däl…Gygyrma…Hiç wagt, hiç kime islendik zat üçin ýalbarma…Başyňy dik tut we sessizlige git…Seni söýýän adam seni ol ýerde ýalňyz goýmaz… (Rus klassykasy)
yashalym 3 years ago- ++++++++ Sagbol ýetireniňe
$Malika