Türkmeniň gadymy we hojalykda başga hiç zat bilen ýerini çalşyp bolmajak iti, türkmen alabaýydyr. Alabaýyň tohumyny döretmek we ony saklap biziň günlerimize ýetirmek ata-babalarymyzyň irginsiz zähmetiniň netijesinde mümkin boldy. Ony dowam etdirmek bolsa biziň paýymyza düşýär.
Türkmenistanda alabaýlar diňe öri meýdanlarda mallary goramak üçin däl, eýsem biziň günlerimizde ýurdumyzyň serhedini goramak üçin hem arzylydyr. Yssy we gurak howa şertlerine uýgunlaşan bolansoň, olar ýewropa owçarkalaryna mynasyp bäsdeşdiler. Şonuň üçin hem olar diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem Özbegistanda, Täjigistanda, Eýranda, Gazagystanda hem giňden bellidir.
Täze eýýamda bu ajaýyp itiň tohumyny gorap saklamak döwlet derejesindäki işe öwrüldi. Şonuň üçinem ýurdumyzda türkmen alabaý itleriniň assosiasiýasy döredildi. Bu assosiasiýanyň buýurmasy bilen ýudumyzyň ähli welaýatlarynda türkmen alabaý itlerini saklamaga, köpeltmäge, olaryň tohumçylyk işlerini alyp barmaga niýetlenen binalar toplumy gurulýar. Şeýle toplumlaryň biriniň gurluşygy ýakyn wagtda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde tamamlanar. Bu toplumyň gurluşygyny “Şadyýan gurluşyk” hususy kärhanasy alyp barýar.
Umumy yhlasa we ýurt Baştutanymyzyň milli guwanjymyzy gorap saklamak hakyndaky irginsiz aladasynyň esasynda bu ajaýyp itiň tohumy hemişe ýaşar.
yashalym 3 years ago- Özüñ ýazýañmy?