Türkmenbaşy şäheriniň Çagalar sungat mekdebi 1993-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi. Çagalar sungat mekdebinde 10 hünärden, ýagny milli saz gurallary, fortopiýano, dutar, bagşy we aýdym-saz boýunça bilim berilýär.
Mekdebiň okuwçylary ýurdumyz boýunça geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine, festiwallara we bellenen senelerde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine yzygiderli işjeň gatnaşýarlar. Gagalar sungat mekdep okuwçylaryň arasynda, döredijilik bäsleşiginde Türkmenistan boýunça agzalan mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Şirinjemal Jenekowa III orna mynasyp bolup Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň gymmat baha sowgady bilen sylaglandy. Şeýle-de “Garaşsyzlygyň Merjen däneleri” atly zehinli çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşikde sungat mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Kerimberdi Abdyýew I orna mynasyp bolup şahadatnama gowşyryldy. Şu okuw ýylynda bagşy hünäriniň 3-nji synp okuwçysy Amanmämmedow Abdylla Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň “Gulbaba” adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijisi boldy. Bu gazanylan üstünlikler bolsa mekdep mugallymlaryny we bilim alýan okuwçylary buýsandyrýar we gelejekde hem hasda joşgunly işlemäge itergi berýär.
yashalym 3 years ago- Maşallah!