BISMILLÄHIR-RAHMÄNIR-RAHYM
Gudraty güýçli Allatagalanyň iň soňky pygamberi Muhammet aleýhissalama iberen kitaby bolan Kurany Kerim bütin adamzada ýol görkeziji keramatly kitapdyr. «Kuran» sözüniň düýp manysy «okamak» diýmegi aňladýar. Adamzadyň hemme zada okap, öwrenip göz ýetirýändigi we ylym, bilim gazanýandygy sebäpli, Kurany Kerimiň ilkinji inen aýaty «Oka!» diýen buýruk bilen başlanýar. Kurany Kerimiň başgaça atlary hem bardyr. Olar şulardyr: «Kitap», «Furkan» («Hak bilen batyly tapawutlandyryjy»), «Zikir» («Ýatlama»), «Tenzil» («Inderilen»). Bu mukaddes kitabyň käbir meşhur sypatlary bolsa şulardyr: «Mubin» («Beýan ediji»), «Kerim» («Keramatly»), «Nur», «Hudä» («Dogry ýoly görkeziji»), «Rahmet», «Şifä» («Şypa beriji»), «Mewgyza» («Öwüt-nesihat beriji»), «Buşra» («Hoş habar beriji»), «Nezir» («Duýduryjy»), «Eziz» («Hormatlanýan»).
Kurany Kerimiň 23 ýylyň dowamynda dürli sebäplere we şertlere görä inderilmegi, onuň dogry ýoly görkezmek we ters zatlardan goramak isleýän adamzat psihologiýasyna laýyklykda ruhy bejergi we ahlak-terbiýe bermek usulyndan ugur almagy bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi akylhuşa eýe bolan ynsan öwrenme, pikirlenme we bilýän zatlaryny iş ýüzüne geçirme ukyplaryna eýedir. Adamzadyň bir zada öwrenişmegi, öňki öwrenişen zatlaryndan doly saplanmagy üçin wagt we gaýrat-tagalla gerek. Hut şonuň üçin hem Kuran uzak wagtyň dowamynda az-azdan inderilýär. Kurany Kerim 30 jüzden, 114 süreden, 6666 aýatdan ybaratdyr. Kurany Kerim «Fatyha» süresi bilen başlanýar we «Näs» süresi bilen hem gutarýar. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam Kurany Kerimi wahyý ýoly bilen alyp, onuň üstüne özi hiç zat goýmazdan we hiç zadyny hem ýoýmazdan, Allatagaladan gelen görnüşinde ymmatyna ýetirendir.