1.Atlantika dünýäniň iň uly ikinji ummany hasaplanýar. Umman her ýylda ortaça 4 sm ulalmagyny dowam edýär. Şeýlelikde, Ýewropa bilen Amerika biri-birinden uzaklaşýar.
2.Häzire çenli hasaba alnan iň uly tolkun 1971-nji ýylda Ýaponiýanyň Işigaki adasynyň golaýynda ýüze çykypdyr. Onuň beýikligi 85 metre barabar bolupdyr.
3.Ylmy maglumatlara görä, ýer ýüzündäki iň ýyndam hereket edýän zat elektrondyr. Ol atomyň daşyndan aýlanyp, sekuntda 80 müň km ýol geçýär.
4.Ewerestiň deňiz derejesinden iň beýik dagdygy hemmä mälimdir. Emma Gawaidäki Mauna-Kea dagy eteginden depesine çenli ölçelende, 10 203 metr bolýar. Dagyň uly bölegi deňiz derejesinden aşakda ýerleşýär. Ol deňiz derejesinden 4205 metr beýikdir.