Günde bir gezek berjaý edilmeli kadalar.
1.Günde bir gezek derlemeli. Ähli pikiri soralan uzak ýaşanlar günde bir sapar tiz ýöräp, ylgap, agaç çapyp ýa-da tans edip derländiklerini mälim etdiler.
2.Açlygyňy duýmaly. Eger-de açlygyňy duýmaýan bolsaň, garbanmaga howlukmaň. Her sagatda naharlanyp durmak maslahat berilmeýär. Iň bolmanda günde bir gezek gowy ajykmaly. Iň gowusy arassa howada gezelençden ýa-da argynly zähmetden soň, garbanmaklyk peýdalydyr.
3.Günde bir gezek fiziki taýdan ýadamaly. Hereket energiýany sarp etmäge kömek edýär. Hereketsizlik – ölümiň, hereket – ýaşaýşyň hemrasydyr. Her bir ýaşyň fiziki zähmet, bedenterbiýe we gezelenç üçin öz mümkinçiligi bolýar. Nähili hem bolsa, günüň dowamynda bedeniň fiziki taýdan ýadamagy üçin ýeňil bolmadyk bir iş bilen meşgul bolmaly.
4.Ýylgyrmaly. Şähdiň açyk bolmagy saglygyňa, ruhy ýagdaýyňa oňaýly täsir edýär. Düşünişmezlikler, dereksiz zatlar üçin kelläňi agyrtmaklyk ýüregagyra sebäp bolup, nerw ulgamyna düýpli zeper ýetirýär.
5.Elin süýt-gatyk önümlerini iýmeli. Öýde taýýarlanan süýt-gatyk önümlerinden iýmek has-da peýdaly.
6.Şekeri, duzy, ýagy we spirtli içgileri çäklendirmeli. Süýjüli we ýagly önümler aşa agram ýygnamaga sebäp bolup, saglyk üçin zyýanlydyr. Duz gan basyşyny ýokarlandyrýar, alkogolly içgiler bagyr üçin zyýanly bolup, bedeniň witaminleri özleşdirmegine päsgel berýär.