Abdul Kadyr Geýlany we Perişde-pisint.
Köplere öz asylzadalygy we pirligi bilen tanalýan Abdul Kadyr Geýlany, günlerde bir gün kitap okap oturan mahaly, onuň üstüne oňa kölege berip uly bulut gelipdir. Soňra bolsa bu bulut, Alla tarapyn dil açyp:
- Eý Allahyň guly, merhemetli Abdul Kadyr Geýlany! Allah seniň merhemetligiňi gördi we saňa begendi. Aýtdy "Ol köp sogap etdi, köp alkyşlar etdi, meň ýoluma köp ynsanlary düşürdi, köp-köp namaz okap ähli ylymyň aňry-başyna ýetdi. Aýdyň oňa, inni onuň jaýy jenneti bolar". Sen indi Abdul, namaz okamagyňy, Allah ýoluna ýykylyp gezmegiňi bes et. Dynj al. Barybir seniň jaýyň jennedi. - diýdi. Abdul Kadyr Geýlany bolsa "Maňa pikirlenmäge wagt ber" diýip az-kem oýa batdy. Soňra bolsa ol buluda bakyp:
- Allahyň iň beter söýen bendesi we onuň Resuly bolan, Muhammet Sallallahu Aleýhi Wesselleme, maňa diýilşi ýaly höküm edilmändir. Ýogsa ol Allahyň beter halany ahyry. Oňa "Namaz okamagyňy bes et, barybir jennedi jaýyň" diýilip aýdylmandyr ahyry. Biz näme ol beýik Resuldan öňe geçäýdikmi!? Gowsy sen Şeýtan guýrujagyňy dogry tut we ugra şu ýerden. - diýen mahaly ýaňky bulut tozana öwrüldi we ýom-ýok boldy.
Awtory: Halk arasyndan.
Paýlaşan: IDEALLIDER
Abdul Kadyr Geýlany we Perişde-pisint.
-
Sada...
3 years ago
- Kinosyny gorupdum.
Hercai 3 years ago- ++++++++++++++:))