Maňa gelýän soraglaryň köpsi şuňa meňzeş: “Näme isleýändigimi bilemok”.
Bu barada köp pikirlendim. Netijede ilki şu soragy özümize bermegimiz gerek, eýsem hakykatdan islemegi başarýarysmy? Hamana bir zatlary çyndan isläp, höweslenip, maksadymyz, energiýamyz islegimize berilmeli ýaly. Diňe şoňa üns jemlemeli. Umuman şol sebäpli näme isleýändigimizi bilmeli.
Aslynda bu soragda birden köp duýgy we many gizlin ýatyr. Köp adam islänok, hatda kömek we goldaw hem islänok. Näme üçin? Biraz egoistlik, biraz jemgyýet… kömek soramagyň kiçilik we peslikdigine ynanýarys. Siz kömek soramasaňyzam men siziň üçin kömek etjek.
“Näme isleýändigimi bilemok” sözleminiň astynda näme many ýatyr? (siziň üçin)
1. Kararsyzlyk: birden köp zadyň arasyndan saýlaw edip bilemok
2. Umytsyzlyk: saýlar ýaly zadym ýok. Özümiň hiç zady başaryp bilmejekdigime ynanýaryn.
3. Gorkýaryn: häzirki ýagdaýymdan birahat bolýaryn, emma täzeliklerden hem gorkýaryn.
4. Gutarypdyryn: bir zatlary üýtgetmek isleýärin, emma wagtymam, energiýamam ýok.
5. Bilemok: özümi, ukyplarymy we nämeler edip biljekdigimi bilmeýärin. Bu barada köp pikirlenmedimem, emma nähili pikir etjekdigimi hem bilemok. Başga biri maňa näme etmelidigimi aýtsyn!
6. Maýmyn işdäli: bir zada höwes bilen başlaýaryn, soňra bolsa derrew içim gysyp taşlaýan, içki disiplinam ýok. Köp zady başlap, derrew taşlansoň, indi taşlajak bolsam başlamaýyn diýýän. Hemme zady derrew etjek bolýaryn.
7. Ýaltalyk: men diňe halaýan işlerimi edýärin. Daş-töweregimdäkiler maňa ýalta diýýärler. Islesem etjegimi bilýän, emma edesim gelenok.
8. Ýitdim: öňler näme isleýändigini bilýän, durmuşyny dolandyrýan adamdym. Öňler menden maslahat sorasalar, indi men maslahat soraýaryn. Indi öňki ýaly durmuşymyň kontroly mende däl.
9. Pul bilen oňuşamok: pul gazanmagyň zerurdygyny bilýärin. Hatda häzirki işimi hem diňe pul üçin edýärin. Emma hak edýänimden az gazanýaryn. Bu ýagdaý meni ýadatýar. Aýlygymy galdyr diýip başlykdan soramagada utanýan.
10. Men bagtsyz: şu wagta çenli köp zatlar etjek boldum. Dürli kitaplar okap özümi ösdürjek boldum. Köplenç üstünlige ýeten adamlara seredip, meniň olardan kem tarapym köp diýip lapykeç bolýaryn. Maňa diňe azajyk itergi gerek. Öz-özümden goldaw alyp bilemok.
11. Mejbury etmeli işlerim, jogapkärçiliklerim bar: menem isleýän täze hususy edara açaýyn. Öz işimiň başlygy bolaýyn, emma meniň durmuşym olaryňky ýaly ýeňil däl. meniň maşgalam, etmeli işlerim bar. Men çaga ýaly arzuw hyýal edip bilmerin ahyry.
12. Gadyrsyz: menden hiç zat çykmaýar. Onsuzam uniwersitetem biderek ýerden okadym. Daşary ýurt dili bilemok. Ukybym ýok. Aslynda men zähmetsöýer, emma biri maňa iş berse bitirýän, ýogsam otyryn.
13. Krizis bar, işsizlik bar, ykdysadyýet erbet: bular bar wagty, täze zatlar islemäge, hakymy talap etmäge hakym ýok. Onsuzam hemmeler işsiz, men işim barka öňküjäm bilen bolubereýin.
Elbetde bu ýagdaýlary köp sanap otursaň bolar. Dogrysy ýagdaýlar diýmälide, bahanalar diýeli.
Bulardan azyndan biri siziň ýagdaýyňyza gabat gelýändir. Bular biziň içdäki bahanalarymyz. Bizi arzuwlarymyza ýetmekden saklaýan düşünjeler. Bular bizi howpdan, riskden goraýar. Emma özümize mynasyp durmuşy ýaşamakdan hem bizi saklaýar.
Häsiýetlerimize seretsek, biz dünýäde taýy tapylmajak adam. Emma biz bizi emele getirýän, biziň pikirlerimizi dolandyrýan jemgyýetde ýaşaýarys. Şol dolandyrylýan pikirleriň kontrolyny öz eliňize almak ýeňil iş däl. Emma pikir edilşi ýaly beter agyr işem däl.
Näme isleýändigimi bilemok
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Adaty "Gyzlaň logikasy"++++++
LÄLEJIK_GYZ 3 years ago- ++++++++++++