Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Ýaňy men "häsiýetler" atly mowzugymda:
"nokat we bond - her ikiňiziň hem soraglaryňyzy aýratyn mowzuk açyp, şol ýerde jogaplamakçy, enşallah. Sahypanyň öňki halynda-da açypdym, täzeki, ýagny, şu halyndakyda ýok."diýip, degişli agzalara jogap beripdim. Olaň ýazgysyna kän pisindim oturmady - bu adaty ýagdaý. Indi şol ýazgym boýunça, özüm barada öňki ýazgylamdan birini goýmakçy. Islän özi barada şu ýerde ýazgylar goýup bilerler. Başldaym onda: Men şu wagta deňiç özüm barada, belki, örän köp ýazgy ýazandyryn, ýene-de şu ýerde ýazmakçy, yöne bu gezek jemleýji ýaly bir zat bolar. Gerekli sitatalar bn dowam edeýin ýazgyma:
1- Maksat aga, ur diyseler, senem oldurayyan-le :) Mowzugyn dashynda bolyar, azyrak ozum barada derdinjek, taze mowzukdyr poll acjak dal, men copan, men bihepbe, men samsyk, men yalancy, men aldawcy, men kezzap, men nadan, men namyssyz, men zannyyaman we sh.m.! Men molla-da, ishanam, muftem we sh.m. dal! Men shu yerde kop agzanyn gownune degdim, olardan mana haklaryny halal etmeklerini hayish edyarin, yalbaryaryn, arzuw we dileg edyarin! Kopunizin adynyzy dileglerimde hemishe yatladym, yatlayaryn we hemishe yatlaryn, ensalla! Indi, men barada ... shuna menzesh zat yazmasanyz, toydyr zatdyr. Men-a yadadym, cynymy aytsam, surnukdym, belki-de mana yalnysh dushundiler kabireri, olaram meni bagyshlasynlar!we şu ýerde şeýle ýazan ekenim:
Akyl yashda dal, bashda bolar diyipdirler... Yokardaky bash yazgym shul saytdaky uly agzalarymyz ucin dal-de, ayratyn menin bn baglanyshykly bolup biler. Name ucindir men ozumi hic halap bilmedim, hemishe ozumi kici gordum, belki-de, nalajedeyin hokmunde. Ensalla, beyle daldir. Yone bashgalaryna gelende, hemishe hormat etmage calyshdym, cunki, hadysda:"Dushmanynyza-da milayim bolun, belki bir gun dost bolarsynyz..." diylenini uyyaryn. Peydasynam shu wagt cenli gordum, yuz mun shukur. TC-de, TM, TC, Gazak, Gyrgyz, Azeri, Tatar, Mongol,...-bularyn hemmesi bn, shukur, aram onatdy, shol mynasybetli, hemme Turkmenlerin arasy gowy boldy, elbetde, kabirlerinin tersine bolmagy umumyn yagdayiny bozmaz. Bilemok, hernace ozumi yigrensemem, meninem halayik ucin edip biljek peydalarymyn hem barlygyna goz yetirdim, olary amala ashyrmaga calyshyan giyjumin yetdiginden. Ensalla, hemishe sheyle dowam eder diyen umyt we dileg bn!Ýazgylarymda kähalatlarda özümi ýigrenýän diýenimi bilýän bolsaňyz gerek. Ýokardaky ýazgym hem muny tassyklaýar. Men barada ýene öz açan mowzugymda biri şeýle diýen ekeni:
Ata aga men ýok wagtymam meni ýatlapsyňyz minnetdar dilegleriňiz üçin! Menem siz barada biraz ýazaýyn. Ata aga özi sadaja çopanmy çopan dälmi bilemok ýöne ömür özüni çopan diýip atlandyrýa :) Hemişe hemme agzalaň arasynda asudalygyň agzybirligiň bolmagyny isleýä gerek ýerinde çuň oýunlara-da ökde. Käwagt ýönekeýje zatlar üçinem gaty görmesi bar ýöne şonda-da derrw açylyp yzyndan özi ötünç soraýa. Hemme zadyň gowy tarapyny görmäge çalşýa tanaýşym boýunça ýüregi ýukamyka diýýän. Aladaçyl, sada, şadyýan, degişgen, akylly... garaz Altyn Asyryň ALTYN ÇOPANY!!!Elbetde, şeýle däldigimi bilsemem, şeýle bolmaga dyrjaşýaryn, hoşniýetliligi üçin bolsa, jigimden örän minnetdar! Ozum barada iň köp edýän biri bolsa:
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"Öňki golum hem muny tassyk edýän bolmaly! Ozüme hemişe sadamyka diýýän, köp ýerde
"men çopan"diýmegim, munyň delilidir, ýöne maňa bu babatda:
...ýere bakandan ýer gorkar...diýlipdi. Kämahal pikir edýän, men hem bir wagt öýlenmeli bolaryn, şonda maňlaýy gara biriniň bagtyny ýatyraryn öýdüp gorkýan, bu babatda-da Biribardan haýyr bermegini dileýärin. Ynha, bu babatda şeýle ýazan ekenim:
....ýalňyşamda jylawlajak, haýyrlarda gylawlajak birine....Enşallah, şu ýagdaýy Biribar maňa rowa görer! Bu sahypada özümi näçe agras alyp barjak bolsamam bolanok, kämahal gyzlar bilen hem, oglanlar bilen hem degişäýýän. Belki-de, çyzykdan hem çykýandyryn, şeýle bolsa, onda göwnüne degen agzalarym bar bolsa, olardan ötünç soraýaryn, haklaryny halal etsinler! Bu oýunlary çyn hökmünde kabul edýänler hem bar bolup biler, şeýle bolsa ýalňyşýarlar. Sahypadaky oňat ýagdaýy bozmazlyk, agzalary azyrak güldürmek(beýle ýagdaý men tarapyndan çopança ýazylansoň, gülkünjräk bolar diýen niýet bilen) üçin şeýle edýädim. Ynha, şu ýerde , şu ýerde we şu ýerlerde meni görüp, diňläp bilersiňiz! Özümizi hasaba çekmek barada, aýratyn bir mowzuk açsamam, peýdasyny bilsemem, özüm şu ýagdaýy köplenç ýa-da hemişe diýen ýaly ýerine ýetirip bilemok! Gyzlar bilen aga hökmünde gerek umumy, gerek bolsa-da şahsy habarlaşypdym. Bu ýagdaýyň dogry däldigini SYR mowzugynda şeýle ýazan ekenim:
yene 1 zat... Yokarda yazylanlara gora, tejribeler-a we hadysdyr nakyllara gora, syr aydylyanca syr bolup galyar, aydylanson welin zaher bolayyar oydyan. Yene bir zat, gyzlar oz syrlaryny gyzlara, oglanlar hem oz syrlaryny oglanlara ynansa has yerlikli bolarmyka diyyan we yene-de gyzlar oz hususy soraglaryny gyzlara, oglanlar hem oz hususy soraglaryny oglanlara ynansa has yerlikli bolarmyka diyyan, sebabi, gysgca, etik/(ahlaga gora) bolman biler! In gowusy, shu yerde, umumy forumda, azyrak yagday uytgedilip sorag soralsa, has shahsy we mashgala yagdaylaryny hem oglanlar oglanlara, gyzlaram gyzlara PM ya mail arkaly yazsalar has amatly bolar diyip pikir edyarin! Sebabi, komek etmek islesenem, edip bolmayan wagtlary bolyar, syrynam pash boljagy yagdaylar emele gelyar!Hawa, ýagdaý-a şeýle, men bolsa, ýene öz bilenimi edipdirin. Aslynda, niýetim haýsam bolsa bir gyz agzanyň duýgylaryny ogurlamak ýa-da täsir etmek däldi, hemmesinden diýen ýaly yaş tapawudym uly bolansoň, bu babatda ýalňyş pikir ediler öýdemok. Birem, bu babatda, ynha, şu ýerde şeýle ýazan ekenim:
TC-de mana kop teklip edilipdi, 2-3 yerde yazdym welin, soñ ustden dushup hem bashladylar, täzeje agzalarymyz :) Men shu yerde gygyrmak isleyarin, eshitmediklere-de siz duyuryñ : MEN MUNDAN BEYLAK HEMME TEKLIPLERE YAPYK! :)Garaz, köp agzany öz käbir samsyk ýazgydyr pikirlerim, degişmedir sözlerim bilen az gynandyrmadymmykam diýýän?! Şeýle halatlarda kämahal:
ölüp gitsedim, hiç kim menden zyýan çekmesedidiýesim gelýär. Ýöne bu ýagdaýyň dogry däldigini bilemsoň hem beýle diýmegi islamok! Özüm barada ýene ýazsam ýazyp oturmaly, ýöne boldy edeýin! Umuman, ýene bir gezek göwnüne degen agzalarym bar bolsa, olardan ötünç soraýaryn, haklaryny halal etsinler! Salam we dileg bilen!
ata 16 years ago- Salam Nokat! Indi seň meň baradaky soraglaryňa şu ýerde jogap bereýin:
Meniň perişde ýa-da perişde ýaly däldigimi senem beýän edipsiň kakdyryp, ýokarda özümem ýazdym bu babatda. Başga-da agzalar bu babatda öz pikirlerini beýan etdiler. Beýdip, bir agzany pikirleri, görüşi sebäpli, şahsyna ýetip, ynjytjak bolmak nämä gerek?!
men bärde kimdir birine görünjek bolup, özümi söýdürjek bolup, hormata mynasyp boljak bolup we ş.m. ýagdaýlar üçin ýazgy ýazamok ýa terjime edemok, ol-a seň ýazyşyňdaky ýaly, "özüme haýsydyr bir imedži/görünişi zerur görmek" ekeni.
Allahyň razylygy we haýra sebäp bolmak diýibem bir ýagdaý bar, şol barada-da pikir etmeli azyragam bolsa.
Ýok, bilip açýan. "Enşallah, peýdaly bolar we men hem geljek, ýazyljak pikirdir maslahatlardan peýdalanaryn..." diýen niýet bn.
Kimine görä "akyl satmak", kimine görä "hyjuw", kimine "Allah razylygy", kimine-de "pikir alyş-çalyşygy" we ş.m.
Başga ynsanlar hakynda umumy ýerde sebäpsiz ýere ýaňsylaýjy ýazgy ýazmagam beýiklikdir käbirleri üçin. Özümiň nähilidigimi özüm gowy bilýän. Başga biriniň nähilidir bir ýol bn sypatlandyrmagyna mätäç däl.
Ýazýan ýazgylaryma özümi laýyk görüp-görmezligem öz işim. Her kim özi üçin jogap berer. Degişli bolmadyk ýagdaýda iliň işi bn nä işiňiz bar?!
Men dini we gözel ahlak taýdan ýazgylar ýazdym köplenç. Bu babatda gysgaça şeýle diýeýin:"Yslam dini ähli keýp üçin hemişelik kanagatlandyryjydyr. Onuň daşynda keýp gözlemäge hajat ýok!"
Munyň daşyndakylar, elbetde, öz isleg we erklerine görä hereket ederler. Kanagatlanmazlyklary hem örän tebigy.
Aslynda, asyl ýazan ýeriňde muň jogabyny berdim, ýöne maňa şahsy mail ibermek gerekmi şuň üçin?! Gözel ahlak hemmämize-de gerekli. Goýubermeli ekeniň-dä şu ýerde!
Hä, ýöne maňa örän "hoşamaý" sözler ýazjak bolsaň welin, onda ilki soran ýeriňde meň mailim barada bir link bardyr.
Saňa şuny hem aýdaýyn: Sendäki bar bolan nebis, namys, parasat we ş.m. aýratynlyklar mende-de bar, beýlekilerde-de. Kä ýazgylaryňy ýazaňda, şu ýagdaýy pikir etmeli dälmidiň?!
Bende haky diýip 1 zat bar - iň azyndan şony göz öňünde tutsaň has amatly bolar indikiňde. Meňki bir ýaňzytmak - erk, elbetde, sende!
Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynançly ynsan bolmak dilegi bn!