Gül ýetişmänkä-açylmanka... 1-nji bölüm.(Köp bölümli eser)

Hemişe şadyýan, şähdi-açyk, begençli, ajaýyp ýylgyryşly Leýli bu gün hem hemişeki ýaly, özüniň "Ýaşaýanlygyna" begenip-şatlanyp öýlerine gaýdyp-barýar. Ýok-ýok, Leýliniň bu boluşy tütjar-baý gyzyň, ýa-da däliniň herekedi dälde aýratyn "Inni beter akyllynyň" herekedi. Ýagny Leýli, bu ýönekeý durmuşda ýaşaýanlygyna başga adamlardan beter-artyk buýsanýar. Leýli üýtgeşik owadan bolsada, halk arasyndaky "Kemsiz gözel bolmaz" diýilen nakyl "Akyl" bolaýýar... Leýliniň durky, garaňky gijede açylan rowaýaty gara-güldek şar-gara. Ondada "Garanyň hem owadany" diýilen lakam alan Leýli köp gyzlardan saýlanýar. Pikir edersiňiz "Beýle gyza hyrydar azdyr" diýip. A ýok!!! Tersine, gyza ýetip bilýän ýokdy. Bolsa bolsun gara-gyz. Oňa derek ardan-namysdan, mertebe-hormatdan gaýnap joşýan peri haýsy gerçek-şazadanyň arzuwy bolmasyn. Bu gyzy nijeme-oglan yrjak bolup gyryldylar, nijeme gudalar gyzy gelin edinmek üçin, öýüniň agzynda tas ýatyp-turupdylar. Beýle gyzda näme gymmatlyk bar!? Gymmatlyk "Şäher arasyndada, oba-içindede ýeke kişä yrylman swidanýa görmedikliginde" bolaýmasa, megerem el-hünäriniň barlygyndandyr, megerem az-owlak ýazyjylygyndandyr. Näme bolsada gyzyň hyrydary köp, bu hem bellizat. Şeýlelikde Leýli, öz ýoly bilen ýöräp gelýärkä, gapdaly bilen ýola goşulup ýene bir ýaş-ýigit gyz bilen bile ýöräp başlady. Leýli "Pfff ýene yrjak bolansyraýanlaryň biridirdä. Bahym giderle" diýip ýigide üns bermän ýöremegini dowam ediberdi. Barjak ýeri uzagrak, aslynda Leýli ýöremegi hem gowy görýär. Ol oglanam Leýlä üýtgeşik üns berenok, elindede bir-topbak birzatlara bar. Dogrysy ýarpy-gujak gül. Şeýdip gyz oglan deňeçerräk ýöremeklerini dorwam ediberdiler. Elbetde garaňkylyk bolup, ýa-da adamsyz çola ýoldan ýöränlerinde Leýli oglandan gorksa-gorkardam, emma gündiz sagat 17:00-töweregi, ýolda adamlar köp bolmasada az hem däl. Şol sebäpli Leýli öz ýoluny arkaýyn dowam ediberdi. Ahyry oglan, Leýlä hiçzat diýmän ýarty gujak buketden birje gyzyl gül alyp, Leýliniň ýoluna ýere oklap göýberdi. Leýli durdy, çala gorkdy. Emma aýlanyp ýoluny ýene dowam etdi. Oglan ýene Leýliniň aýlanan ýoluna bir gül oklady. Leýli ýene gülden aýlanyp geçdi. Oglan öňüräge ylgap gidip gyzyň ýolunda böwet guran-dek güllerden setirler düzdi. Gyz çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Gülleri basmazlyk ýa-ätläp geçmezlik üçin ýa-ha maşyn gatnaýan ýola çykmaly, ýa-da yzyna aýlanmaly, beýleki gapdaly ýaşaýyş jaýlardy...

1-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir