Ýatlama goşgy

Ýatan ýeriň ýagty bolsun kakamjan
Jaýyň jennet bolsun , ruhuň şat bolsun
Güler ýüzüň gülüp dursun jennetde
Dünýäde-de ýagşylykda ýatlansyn

Ýanýoldaşyň Ýazgül okaýar doga
Alla penasynda saklasyn diýip
Kakageldi Agageldi Röwşen hem Gülşen
Ýazgeldi hem Esger elin galdyryp

Bu gün seni ýatlap dileg edýärler
Dilimizde ýüregmizde sena sen
Jaýyň jennet bolsun , nur içinde ýat
Allajan bagyşlasyn ähli günäsin


Juda degişgendiň açykdy göwnüň
Ýüregiňde hiç ýamanlyk bolmazdy
Garyp özüň ýöne ýüregiň baýdy
O günlermiz indi gaýdyp gelmezmi

Hiç gülmezmi senli gülen ýüzlermiz
Ojagmyza seniň gülkiň dolmazmy
Hiç gelmezmi göýä geläýjek ýaly
Jan Allajan kabul et dogalarmy

Goý kakamjan ýatsyn mydam şatlykda
Hemde gezsin jennetde abatlykda
Hiç bir zat etmesin ýekeje azap
Ýaşasyn behiştde elmydam azat

Ýatan ýeriň ýagty bolsun kakamjan
Jaýyň jennet bolsun , ruhuň şat bolsun
Pahyr gowy adamdy Hakberdi diýlip
Elmydama ýagşylykda ýatlansyn

(goşgy klasdaşym dosdym Agageldiniň haýyşdy boýunça ýazyldy)

Goşgyny ýazan : Gerçeknazar Amannazarow

Edebiýat, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir