Zekat
«Zekat» sözi – tämizlik, köpelmek, önmek, öwmek, bereket, ýagşy we tertipli bolmak manylaryny berýär. Bu sözüň ystylah manysy bolsa, Allahyň berilmegini emr eden mallardan bir mukdaryny belli wagt aralyklarynda, emr eden görnüşinde diňe Onuň razylygy üçin bermek diýmekdir. Başgaça aýtsak, şerigat taýyndan baý hasaplanýan bir musulmanyň malynyň belli bir bölegini Allahyň razylygy üçin garyp musulmanlara ýylba-ýyl bermegidir.
Zekat mü’minleriň Allahyň emrine boýun bolmakdaky sadakatyny görkezýändigi üçin sadaka manysynda hem ulanylýar. Ýöne sadaka zekatdan has umumy bolup, wajyp we nafile sadakalary hem öz içine alýar. Zekat bermege «tezkiýe», zekat berene bolsa «müzekki» diýilýär.
Allahyň razylygy üçin bölünip berlen mala zekat diýilmegi, galan maly artdyrýandygy we bela-beterden, musybatdan, apatdan goraýandygy üçindir. Şu aýaty kerimede bu aýdyň görünýär:
«Mü’minleriň malyndan zekat al. Şeýdip olaryň özleri tämizlenip, mallary bereketlensin», (Tewbe, 103). Beýleki tarapdan zekat – bereni günäden saplap, baýlygy hapadan tämizleýär we ruhy derejesini beýgeldýär. Özüne zekat berlen bolsa, bereni öwüp sena edýär, zerurlygyny kanagatlandyrýar. Ijtimagy durmuşda synplar arasyndaky maddy we ruhy tapawutlaryň azalmagynda we ýagşy, tertipli, arassa, sagdyn jemgyýetiň emele gelmeginde zekatyň ähmiýeti örän uludyr.
Zekatyň hökümi
Zekat yslamyň bäş rüküninden biridir. Namaz, oraza ýaly beden bilen däl-de, mal bilen berjaý edilýän ybadatdyr. Zekat – hijretiň ikinji ýylynda orazadan soň farz edilýär.
Zekat – Kurany Kerimde otuz dört ýerde zikr edilýär. Alty ýerde onuň namaz deýin farzdygy şu aýaty kerimedäki ýaly gaýtalanýar: «Namazy okaň, zekaty beriň...», (Bakara, 43, 83, 110; Nisa, 77; Nur, 56; Müzzemmil, 20).
Bu bolsa yslamyň farzlarynyň içinde namazdan soň iň beýik derejäniň we ähmiýetiň zekata berlendigini görkezýär.
Namaz dini ýaşaýşyň sütüni, yslamy durmuşyň girewidir. Zekat bolsa ijtimagy durmuşyň daýanç nokadydyr. Namaz okalmaýan jemgyýetde yslamy durmuşyň we dini ýaşaýşyň peselip, ýitip gitjekdigi ýaly, yslamyň zekat emriniň ýörgünli bolmadyk jemgyýetinde-de, ijtimagy parahatçylygy, agzybirligi, asudalygy gazanmak kyndyr. Bu ýagdaýda baý we garyp synplaryň arasynda jebislik we ýardam etmek ýiter. Söýgi, mähir, hormat duýgulary peseler. Şahslaryň arasynda özara duşmançylyk döräp başlar. Häzirki döwürdäki jemgyýetlerdäki ýaşaýyş muňa aýdyň mysaldyr.
Şonuň üçin namaz we zekat jemgyýetde biri dini, beýlekisi ijtimagy durmuşy sazlaýan ybadatdyr.
Zekat – diňe baýyň garyba edýän ýardamy we goldawy däldir. Zekat – garybyň baýyň malyndaky gönüden-göni hakydyr. Kurany Kerim bu meseläni şeýle düşündirýär:
«Olaryň (baýyň) malynda gedaýyň we pakyr-pukaranyň haky bardyr», (Zariýat, 19).
Baý garybyň bu hakyny hökman bermelidir. Zekaty berilmedik mal halal hasap edilmeýär. Beýle baýlygyň içinde ogurlanan, ýagny, eýesine berilmedik – iliň haky ýylba-ýyl köpelip, ahyrda haram baýlyga öwrülýär. Haçan-da malyň zekaty berilse, şol wagt mal arassalanýar, haramdan halas bolýar. Resulullah (s.a.w.) bu mesele barada: «Malyňyzy zekat bilen tämizläň» diýýär.
Şol sebäpli baý malyndan zekat berýäni üçin gedaýa, pakyr-pukara minnet edip bilmez, garyp hem baýdan zekat alýandygy üçin kemsinmeli däldir.
«Altyn-kümşi ýygnap, Allahyň ýolunda harçlamaýana agyr azabyň garaşýandygyny habar ber. Olaryň ýygnan altyn we kümşi dowzah odunda gyzdyrylyp, şonuň bilen eýeleriniň maňlaýy, ýany, arkasy tagmalanar. Olara: «Ine, özüňiz üçin ýygnap basan zadyňyzyň tagamyny görüň» diýler», (Tewbe, 34,35).
Pygamberimiz şeýle diýýär: «Allah Tagala bir kişä mal berer, ol hem zekatyny bermese, şol zekaty berilmedik mal kyýamat güni gözleriniň üstünde iki sany menekli, başy ýylçyr ýylan şekilinde eýesiniň boýnuna dolanar. Soňra onuň eňeginden tutup: «Men seniň malyň, men seniň ýygnap-toplanyň» diýer. Pygamberimiz soňra Äli Imran suresiniň 180-nji aýatyny okaýar: «Allahyň fazly-kereminden berenlerini gullaryndan gysgananlar, muny özlerine bähbitdir öýtmesin. Belki, bu baýlyk olar üçin şerdir. Olaryň gysganyçlyk edip bermedik bu mallary kyýamat güni boýunlaryna dolanar, halka ediler. Gökleriň we Ýeriň mirasy Allahyňkydyr. Allah siziň ähli etmişiňizden habardardyr», (Buhary, Ibni Maje, Mälik, «Muwatta»).