Hiç kim meniň gören günüm görmesin,
Günde aglap, günde men deý ölmesin,
Meniň ýaly gysga döwran sürmesin,
Allam sizi bagtly etsin doganlar!
Mydam gülüp ýörüň, solmasyn ýüzler,
Hiçem çyglanmasyn ol gara gözler,
Bir-birege aýdyň süýjije sözler,
Maslahatym, gadyr biliň doganlar!
Men söýüpdim Darganataň gyzyny,
Söýmedim hiç zadyn, söýdüm özüni,
Ýatlap aglaýaryn gözel ýüzüni,
Derdim agyr, ýadadym men doganlar!
Söýmejegi däl-de, söýjegi söýüň,
Gerek bolsa şoňa janyňyz beriň,
Bar wagtynda şonuň gadryny biliň,
Ýogsam puşman bolarsyňyz doganlar!
Söhbet aýdar, men bir söýgüden ýanan,
Häzir belli däl kim ýagşy, kim ýaman,
Gidenler gelsinler Allam sag-aman,
Gowy niýetlerde boluň doganlar!
Awtory: Söhbet Döwletow
goshgy duzdurjek bar bolsa Tel: +99363135973
Ahmedik_97 3 years ago- Hich nenen dal, duzedish bermeli yerleri bar. Ellerine saglyk++