"8-nji Mart" baýramyna!

Gözel gyzlarymyz söýgi tymsaly,
Mähriban kalbyňyz güller mysaly,
Näz bile edepli görki sapaly.
Siz sebäp ýazylar goşgy gazallar,
Baýramyňyz gutly bolsun gözeller!

Halkyň ar-namysy türkmeniň gelni,
Işeňňir, wepaly, mylaýym sözli,
Perzentler enesi, millet gözeli.
Rysgal, döwlet, bagty bilen gelenler,
Baýramyňyz gutly bolsun gelinler!

Ýüzleri nurana mährem eneler,
Sözleri dürdäne, paýhas elener,
Siz sebäpli üstinlige ýetiler.
Baryňyza şükür gözel eneler,
Baýramyňyz gutly bolsun ejeler!

mrokas
03.07.2021

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir