Baharda açylýan gül-gülälegi, görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Joşup aýdym aýdara bagşy, waspyn giňden ýetirere şahyr gerek... Tämiz howanyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şat gülküsi, olara öz mährini siňdirýän mährem eneler, bägül dek açylan owadan gelin-gyzlarymyz baharyň gelşigidir.
Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Asmanda bir-de Gün çykyp ähli ýer ýaldyrap duran bolsa, birden hem bulutlaşyp, güýçli ýagmyr ýagyp, älem-jahany suw-sil eder. Bu pursadyň gözelligini diýsene?! Şahyr Gurbannazar Ezizowyň aýdyşy ýaly:
Ellerinden dür dökülýän baharyň,
Nepesi durlady çygly howasy.
Soňra syryp, gök ýüzünden buludy,
Mawy reňkde boýap çykdy asmany.
Gyzlar, oglanlar ýaz paslynyň gelmegi bilen dürli oýunlary oýnaýarlar. Gyşyň sowugynda berk ýapylan gapylar baharda giňden açylar. Uzaklardan çagalaryň şadyýan bökjekleşýän sesleri gelýär:
Ýagyş ýagara geldi,
Saman suwara geldi,
Gyzlar oýnara geldi.
Heýjan elek, jan elek,
Gyş aýrylyp, ýaz geldi.
— diýip, oýunlaryny dowam etdirýärler.
Her pasyl özüçe bir reňki saýlap alypdyr. Göräýmäge, adaty zat ýaly bolsa-da, olaryň her biri çuň manyny aňladýar. Meselem, güýz pasly köçeler sary ýapraklardan düşelen ýodalar bilen bezelýär. Gyş paslynyň täsinligi, toprak ap-akja gar bilen örtülýär. Türkmençilikde «Ak zat alnyňa ýagşy» diýilýär. Ýaz pasly bolsa, ähli bag-bakjalar owadan güller bilen örtülýär, meýdanlar ýaşyl dona bürenýär. Gyzyl güller... olar nähili owadan. Gyzyl gülleriň beýleki güllerden tapawutly aýratynlyklary bar.
Gyzyl gül. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ir wagtlarda obalaryň birinde hiç hili gyzyl gül ösmeýän eken, ähli güller diňe ak reňkdemiş. Şol obada bir-birini jandan söýýän gyz bilen ýigit ýaşapdyr. Bu iki aşyk bir-birine mynasyp eken. Gyz owadan, ýigit bolsa akylly bolupdyr. Ýigit gyzyň ähli islegini bitiripdir. Bir gün gyz:
— Saňa durmuşa çykmagymy isleseň, maňa gyzyl reňkli gül getirip ber — diýýär. Ýigit bu islegi ýerine ýetirip biljegi-bilmejegi hakynda oýlanýar. Ak güllerden doly bakjalygyň içinden gyzyl gülleri gözleýär, emma tapmaýar. Soňra şol ýerde bir bilbile ýüregini dökýär. Bilbil ýigidi diňläp:
— Gynanma, ýigit! Ertir şu wagtda gel, gyzyl güli görersiň... ony alyp gyza ber, durmuş gurup, bagtly boluň — diýýär. Ýigit ertesi gün şol wagtda gelip görse, ekin ak güllerden doly, ýöne ortarada bir gyzyl güle gözi düşýär. Oglan begenjinden ganat baglap, ylgap gülüň ýanyna barýar. Emma gözlerine ynanmaýar we lapykeç bolýar. Bilbiliň özüni tikenekler bilen heläkläp, gülüň düýbünde jansyz halda ýatandygyny görýär. Ýigidiň bagtly bolmagy üçin bilbil özüni heläkläpdir. Ýigit bilbiliň ganyna boýalan gyzyl güli alyp gyzyň ýanyna barýar.
Gyz arzuwynyň hasyl bolandygyna begenýär we güli getiren ýigide durmuşa çykmaga razylyk berýär.
Haçan-da, güller açylanda daş-töwerek alaýaza öwrülýär. Ýagşyň çisňäp, ýapraklara damjalamasy bolsa, biziň göwnümizi galkyndyryp, ýollarymyzy arassa asman ýaly durulyga öwürýär. Näme üçindir ynsanlar bir-birege açyk göwünli, päk, ýaz ýaly giň bolmagy ündeýärler. «Pylany geler-de, dünýäni alaýaz eder» — diýýärler. Beýle diýilmeginiň özi-de, bu aýdylanlara aýdyň subutnamadyr.
Ýazyň görki — zenandyr, zenan görki — aýandyr. Olaryň waspy bu gün dillerde dessandyr. Hawa, bu gün baharyň ilkinji günleri bilen gelýän mährem baýramçylyklarymyzyň biri-de hormata, uly sarpa mynasyp owadan gelin-gyzlarymyzyň, nurana keşpli enelerimiziň güni bolan 8-nji mart Halkara zenanlar baýramydyr. Şol mähriban zenanlar barada ajaýyp şahyrymyzda şeýle setirler bar:
Eneň gezip ýörkä ýeriň ýüzünde,
Ýaza barabardyr gyşyň howasy.
Dogadan nep tapdym diýýän bar bolsa,
Megerem, şol doga enäň dogasy.
Söze baý göwün-göwne jaýdyr. Bahar gözelliginiň waspy sözde beýan ederden çuňdur. Göwünler alaýaz bolsa, onda tebigatyň bütin gözellikleri şonuň goýnunda ýerleşendir. Ir säher oýananyňda, guşlaryň hoş owazly jürküldisi, baglaryň üstünden öwüsýän salkyn şemal, Günüň ýaldyrap dogşy — ynsany sag-aman örenine şat edýär.
Bahar pasly duýgulara baýdyr. Bu ýaşaýşyň gizlenip ýatan gözellikleriniň her gezek täzeden üstüni açmakdyr. Aşyklaryň zamanydyr bu pasyl. Has dogrusy, ajaýyp bir düýş mysalydyr ýaz pasly, ol düýşden ynsanyň hiç oýanasy gelmeýär. Bahar, kalbyňa ýylylyk çoýýan duýgy, ynsanyň içki dünýäsini mähirden gandyrýar.
Bahar diýmek janlanyşdyr, dirilikdir. Bahara Zeminiň ýylgyryşy hem diýýärler. Belki, bu şeýledir. Eger şeýle bolmasa, her ýylda dünýäni läle-reýhana besläp, ýaşaýşa täzeden jan berip gelýän bahar, şeýle gözel bolarmydy?!
Serediň, dünýäni ter güllere, ýaşyl maýsalara besläp gelýän baharda näçe ylham, näçe jady bar. Ynha, şular ýaly ajaýyp bahar günlerinde mährem enelerimiziň, ajaýyp zenanlarymyzyň, läle ýaly görk-görmekli uýalarymyzyň baýramlarynyň bellenilip geçilmegi — biziň zenanlarymyza döwlet tarapyndan goýulýan ullakan hormatdyr, nyşandyr.
8-nji mart Halkara zenanlar günüňiz gutly bolsun mährem eneler, eziz zenanlar! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe size bagt, maşgala abatlygy ýar bolsun. Ojaklaryňyzda çaga gülküleriniň sesi hemişe ýaňlanyp dursun.
Taýarlan: Arslan Alaýew
Aygul nuralyyewa 3 years ago- Gayalaryn gary erap bir eyyam, Pyntyklady pisse bilen badamlar, Seredin...Seredin...Bushluk...Bushluk, Bahar gelyar,bahar gelyar adamlar...@Shahyrana