Bir gezek Juma Ýazmyradow dümewläpdir-de, işe gitmän, öýde bolmaly bolupdyr. Ony eşiden obadaşy Amannazar görmäge gelipdir. Onuň gelýänini gören Juma Ýazmyradow oýun etmegi ýüregine düwüp, düşege geçip ýatypdyr-da, üstüne ýorgan çekip, aýalyna-da:

— Eger meniň ýagdaýymy sorasa, hamsygan bol-da dur, yzyny özüm oňararyn — diýipdir.

Amannazar hassanyň ýagdaýyny soranda, öý bikesi hamsygan bolup, içki jaýda gymyldaman ýatan adamsyna tarap ümläpdir. Ýüregi howul tapan Amannazar «ähem-ühemläp», içeri giripdir. Juma Ýazmyradowdan hereket bolmansoň, onuň ýanyna geçip oturypdyr-da, ýagdaýyny sorapdyr. Onda-da hassa çalaja «yňňyl-çyňňyl» edipdir-de, belli bir jogap bermändir. Onuň ýagdaýy gaty agyrdyr öýden Amannazar ýuwaşlyk bilen:

— Juma, meni tanaýaňmy? — diýip sorapdyr. Juma Ýazmyradowam gözüni çalaja açan bolup, Amannazaryň uly oglunyň adyny tutup, pessaý ses bilen:

— Sen Gurbanyň ejesimi? — diýipdir.

Şondan soň Amannazar Jumanyň ýalandan hassa bolýandygyny bilip:

— Adam tanaýşyň şu bolsa, indi galmanjyk geçersiň — diýip käýinjiräp, çykyp gidipdir.



* * *

Juma Ýazmyradow dilewar bolsa-da, käte gepde utulýan wagtynyňam bolýandygyny gürrüň berýär. Bir gezek ol bazarda balyk satyn aljak bolup durka, radioda bile işleýän kärdeşi Aýperi Baýlyýewa gapdaldan çykaýypdyr. Ol:

— Aýperi, aýal maşgala bu zatlara ökdedir. Hany, şu balyklary barlap görsene, göwnüme bolmasa, ysy bar ýaly — diýipdir. Aýperem balyklaryň ýanyna golaýlaşyp, ysyrganypdyr-da, soňam Juma Ýazmyradowyň ýüzüne seredip:

— Juma aga, aňyrrak dursana, ysyň sendenmi ýa-da balykdan gelýändigini bilip bilemok — diýipdir welin, Juma Ýazmyradow diýmäge söz tapman, ýylgyryp duruberipdir.

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir