Rôwşeniñ yzyndan seredip doñup galdym. Yzyndan ylgap hemme zady dúşindiresim geldi, gygyraýyn diýsem sesim ýetmedi. Doñdurylan daşdan adam ýaly doñup durdym, diñe ýúregim bólúnip gelýárdi, meñ ýerime ol gygyraýaslary geldi. Şol doñup durşuma gózúmden ýaşym paýrap akdy. Serdaryñ bir zatlar diýýáni çala eşidýán:
- Ol kim Leýli ? - diýip sorag berýárdi.
Men bolsa şol doñup aglap durşuma oña ûnsem bermedim....
Soñ Serdar meñ egnime kakdy:
- Leýli saña náme boldy? Aglaýañmy?Nâme ûçin aglaŷañ? Kim ol oglan? Jogap bersene maña? - diýip maña sorag baryny berdi.
Meñ onuñ soraglaryna jogap bermedim. Rówşeniñ getiren gúlini, paketini ýerden aldymda, ôýe tarap ýórâp ugradym.
Serdaryñ:
- Leýli, Leýli diýýán - diýen sozleri ýañlanyp gitdi...

Óýe giremsoñ óz otagyma girip gúli, paketi goýdumda ózúmi ýere berip agladym..
Şol gúnki aglanym henizem ýadymda, çúnki ol gún meñ geljegimi úýtgedipdi.Sebábi indi men Rówşeniñ gózúnde óñkije asmandan asylan gyz dâlde ýere pylçanan, tozana garylan gyz ýaly bolup górúnjegimi bilýárdim. Ol meni hiç haçan bagyşlamajagyny bilýárdim...
Ózúme sógúnýárdim, ýigrenýárdim...
Allajanym kómek et diýip ýalbardym... Oýan Leýli bu dúýş bolmaly diýip gózlerimi gatydan yumup soñ açyp górýán, ýóne bu dúýş dáldi, hakykatdy..
Ol gije meñ úçin hiç haçan geçmez óýtdúm. Ýóne ol gijeler geljegimdáki gúnlere, gijelere seredeñde hiç zat eken...

Maña ykbalyñ taýýarlan oýunlarynyñ bu enták ýañy bir başlangyjy eken...
Daña golaŷ irkilipdirin, soñ birhili dúýşimde çukura gaçan ýaly tisginip oÿandym, ýene Rówşeniñ sessiz gidişi góz óñúme gelip agladym. Garaz aglap, aglap halys tapdan dúşip ýatyp galypdyryn.

Irden ejem meni zordan oýardy:

- Gyzym sen bu gún okuwa gitjek dálmi? Sagadam uçup barýa Bu gún ózúñ turmansyñla galan gúni ózúñjik turup gidýádiñ welin, ýa dúýn ýadadyñmy? Ýa ýarañokmy? - diýip elini mañlaýyma degirip górdi.

- Gyzgynyña ýok, bol gyzym tur indi gijâ galarsyñ - diýdi.

Men galasym gelenokdy, agşam aglap tapdan dúşipdirin, onda-da okuw okuw bolýada, gidâŷmeli. Ýuwunyp geldimde, geýindim. Dúýnki Rówşeniñ getiren gúlinem suwly waza saldym. Soñ çaý, çóregimi iýip okuwa gitdim. Pikirimde-de diñe okuwa baryp nizamda Rôwşeni gôrsem diýip barýardym...

Okuwa bardym nizama duryldy. Oglanlara tarap seretsem, men taraba gôni Rôwşen seredip dur eken.Gôni gôzim dúşdi oñ maña seredişi gaty gaharlydy. Onuñ gôzleri gyzarypdyr, meñem gôzlem oñkydan gowy dâldi. Ol maña seretdigiçe Men ôzûmi gaty erbet duýýadym. Ol gôzleri bilen maña "biwepa sen" diýýán ýalydy. Aslynda biwepalyk edýánleri hiç halamokdym, ýône ynha Rôwşeniñ pikiri boýunça menem şolañ derejesine dúşdim...
Nizam gutaryp her kim oz okamaly ýerine dagadylar. Menem gyzlar bilen ýóráp girdim....
Şol gún okuw bilen únsim ýokdy, ukysyzlyk hemem pikirlerim meni hiç gúnime goýmady...

Okuwdan soñ gaýtjak wagtymyz çykyp mydama okuwyñ girelgesiniñ daş ýúzinde Rôwşene garaşyp durýadym. Olam añyrdan meñ duranymy górúp begenip, ýylgyryp, dálliráp gelerdi. Bu gún bolsa edil óñkilerim ýaly garaşyp durdym, bar kursdaşlary çykdy ýóne Rówşen çykmady. Onuñ ýakyndan gowy górúşýán kursdaş dosty Ýunusyñ gelýánini górúp "gapdalynda Rôwşen ýokmyka" diýip gózledim. Ýóne Ýunusam başga oglanlar bilen gelýárdi. Ol meñ duran ýerime ýakynlanda ýylgyryp:

- Leýli Rówşene garaşýañmy? - diýip sorady.
Men:
- Hawa Ýunus gaýtdymy ýa Rówşen? - diýip soradym.
Ol gúldi-de:
- Ol seni górsem aýt, maña garaşmasyn gaýdybersin, men Merjen bara kursdaşymyz ana şoñ bilen etmeli işlerim bar diýdi.
Men:
- mmm.... Merjen bilen náme etmeli işi barka beýle, aý bolýada halanyny etsin - diýip óýe tarap ýóráp ugradym...

Soñ beýlerákde baglaryñ arasynda oturgyç bardy, şol oturgyça baryp oturdym. Ýunus bilen gaýdýan ýaly sagbollaşyp górúnmán, baglaryñ içinden bolýan herekeyleri synlap ugradym. Ýunus meñ bilen hoşlaşyp góni tel - de jañ edip ugrady. Kime jañ edenini biljek bolup diñşirgendim, ýóne hiç eşitmedim. Soñ birsalymdan okuwyñ gapysyndan Rówşen bilen Merjeniñ el tutuşyp gelýánini górúp ústimden gaýnan suw guýulan ýaly erbet boldum...

Dowamy bar...

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir