- Ýok. Seni göýberesim gelenok ýanymdan. Sen göni gaçyp gidersiň häzir boşatsam - diýdi.
- Ellerimi çözäý, bolmasa goşarym agyrýar. Hiç ýerik gaçjakdäl - diýip zarynladym.
- Sen allaýaň.
- Ýok allamok. Otyrjak ýanyňda.
- A seň gözleň owadan, men olara seredip doýup bilemok.
- Bilýän, sen eýýäm aýtdyň.
- Men entek saňa beýle golaýdan seredip göremok.
- Sen hakyky däli. Meň ejem biläýse seni öldürer.
- A sen aýt öz ejeňe. Meni bir oglanjyk daňdy diý, gözlerime golaýdan seretmek üçin.
- Meni bir oglanjyk dañdy diýjek dál. Eje señ Rówşenjan ogluñ meñ gózúmiñ tuşunyñ akýanyny górmek úçin dañdy diýjek- diýip ýylgyrdymda :
- Onsoñam sen súýráp getirdiň meni bärik. A men senden sypmaga saňa gúýjim ýetmedi, - diýdim.
- Bolýala hiç hili gorkyly zat bolmada. Meň diýenimi eden bolsaň seni daňmazdym - diýip mańa golaý gelip gózúme seretdi.
- Şu wagtam giç däl. Meni goýber gözläp ugramakalar. Gözläp başlansoňlar men seň eden işiňi aýtmaly borun.
- Aýdyber. Men saňa golaýdan seretmek üçin bar zada razy. Seret, men gürlämde agzym seň agzyňa degäýjek bolýar.
- Sen hakyky däli.
- Bilýän. Seň gözleň däliretdi meni.
- Ýürege düşdiň şo bir samsyk sözleň bilen. Göýber gowulyk bilen aýdyp durkam - diýip gaharly diýdim.
- Näme duýýanyňy aýt şu wagt, onsoň göýberjek. - Sen barybir meni göýbermeli bolarsyň. Häzir toý gutarsa meni gözläp ugrarlar, we hökman taparlar.
- Sen gaharly wagtyň hasam owadan bolýaň - diýip meni gapdalyma geçip gujaklady.
Men gaty aljyradym, ózúmiñ saññyldaýşymy hiç saklap bilmedim. Ol bolsa beter gujaklaýady. Onuñ boýnundan atyryñ ýakymlyja ysy hiç haçan ýadymdan çykmaz.
- Aý oglan gowy dälä ikimizi şu ýerde tapsalar. Hiç kimiň ýanynda hiç zat gürlejek däl, çöz elimi - diýip ýalbaryp başladym.
- Çözsem sen gaçyp gidersiň, men seni soñ beýdip gujaklap bilmerin, onsoñam titreme, gorkma menden - diýip eli bilen gujagyna gysdy.
- Ýok gaçjakdäl. Ýanyňda otyraýyn toý gutarynça. Edil şu wagyt üstümizden biri gelse näme pikir eder? Men daňylgy ýatyryn, a sen meni gujaklap ýatyrsyň.
- Göýberesim gelenok seni. Indi sen hiç wagt meň ýanyma golaýlamarsyň. Men seni iň soňky gezek şeýle golaýdan görýän.
- Eger elimi çözseň, hiç zat bolmadyk ýaly alyp barjak özümi.
- Sen diňe allaýaň. Sypmak üçin bar zady boýun alýarsyň. Edip bilmejek zatlaryñy sóz berýársiñ.
- Gowy görýäňmi meni? - diýip sózúnde tutjak boldum.
- Howa...- diyip góni jogap berdi.
- Gowy görýän bolsaň daňmazdyň...
- Daňmasam ogşatmazdyň - diýip degişdi.
- Ýöne sen ogşamadyňa barybir. Ogşamajak bolsaň name üçin daňdyň allawçy? - diýip ýylgyrdym.
- Başda ogşajakdym, ýöne sen soň agladyň, men bolsa dözmedim saňa - diýip ózúne gysdy.
- Dözmeseň göýberdä meni.
- Ýok.
- Seň bilen näme etmeli indi aý-oglan, ala samsyk???
- Hiç zadam etme. Ýat gymyldamada, gúrlemede.
- Bolýa. Men ýataýyn, gúrlemáýin ýöne ellerimi boşat. Gapydan biri geläýsede ýöne otyran syrarys. Edil şul ýagdaýda üstümizden biri gelse hiç zat diýip düşündirip bolmaz - diýdim.
- Sen allarsyň meni.
- Ýok. Sen meni boşat, a men aram-aram toýa çykan bolup ýene yzyma seň ýanyňa geljek. Toý gutarynça seň ýanyňda otyrjak. Bolýamy? - diýip "yrylaýda" diýip içimi gúrletdim.
- Bolýada. Ýöne seni bir gezek ogşajak barybir - diýip gúldi.
- Wiý dáli ogşama indi, hálden ogşamadyñ - diýip gúldim. Olam meñ sózlerime beter gúlip:
- Bilgeşleýin diýmáýdä, şol wagt ogşan bolsam sen ózúñden gidip çaşyp ýatardyñ - diýip gúldi. Men ol gúlende ŷúzine seretdim. Ol şeýle bir şadyýandy, bagtlydy. Gózlerindáki şatlygy şu wagta çenli górmedigime haýran galdym. Óñki doganym diýip ýóren Rówşen dál-de dúýbinden başga adamdy, máhirlidi, sypaýydy.
- Bolýa däli. Sen hakykatdanam däli - diýip ýylgyrdym.
- Hiç kime aýtmarsyňmy seni daňanymy?
- Ýokla. Aýdaýsam biziň ejelermiz söwüşer.
- Sen indi meň töweregime gelmersiňä há, meni górseñ kówşúñi eliñe alyp gaçarsyñmy? - diýip sorady.
- Edil çola ýerde senden daşyrak duraryn, ýene meni dańmaz ýaly - diýdim.
- Ýöne öňkiň ýaly ejeň bilen bize myhmançylyga geliber.
- Barjak däl indi size. Däli sen. Senden gorkÿan. Gowy görýän diýdiňä meni samsyjak. Däli.
Şoň üçinem barjakdäl.
-Name üçin? - geñ galyjylyk bilen sorady.
-Saňa seretmek agyr.
- Hä näme Söýýäňmi meni? Men şolar ýaly gowja oglanmy? - diýip ózúne gówni ýetijilik bilen ýylgyrdy.
- Bilemok.
- Bilýäňmi, hakykatda men seni birje gezek daňdym. Ýöne sen meni ömürlik däňdyñ öýdýän.
- Bilemok.
- Bilýän zadyñ bir barmy?
- Ýok. Çykaly bärden däli. Biri bir zat almak üçin girse gowy däl. Senem ýetişen, menem ýetişen, gowy zat pikir etmezler.
- A sen gaty owadan gyz.
- Bilýäňmi men näçe oglandan şol sözleri eşitdim?
- Menden birinji gezek.
- Däli sen hakyky. Dälihana ibermeli seni. Entágem köýnegim ýyrtylmady.
- Bagyşla meni, bolýamy?
- Ýok, bagyşlar diýip pikirem etme.
- Näme üçin?
- Öň men saňa oglana seredişim ýaly seredemokdym. Men saña dogana seredişim ýaly seredýárdim. Indi seni diriligiňe ýakaryn. Meni her göreňde ýüregiň üýtgär ýaly ederin.
- Hiç kime aýtmasaň bolýar. Hemme zada kaýyl Leýlim.
- Aýtmaryn. Ýöne arymy alaryn. Içiñi ýakyp hezil ederin. Kaýyl bolsañ hany góreýin indi sen nâhili bolarsyñ. Çóz meñ elimi - diýip diýmákám ol ózúne çekip dodagymdan ogşady. Men şol pursat ózúmi ýitirsemem derrew ózúme gelen ýaly bolup:
- Fuuu Dáli fuuu aýryl ýok bol. Çóz elimi diýýán - diýip gygyrdym.
- Ýuwaş bol ýemşik. Gygyrma çozjek ýóne gaçmagyn menden - diýip daş tóweregine seredip biri gelaýmesin diýen áheñde men agzymy ýapdy.
- Bolýa çózseñ bolýa Rówşen goşarym agyrýa - diýdim. Olam ýúpi çózúp ugrady. Soñ elimi çózdi- de ýúpi beýlerák oklady. Menem elimiñ ýumrugyny açyp ýapyp kóp gezek gaýtalap, soñam Rówşeni urup başladym. Olam ellerimi tutup:
- Men seni ýene dañmaga dózemok Leýlim. Şonuñ úçin mejbur etme ýemşijek. Bol ýúzime ursana dózseñ - diýdi.
Menem elimi çekdim-de:
- Indi bir goýber dáli, Wákeý uf sen gaty erbet adam ekeniñ. Ellerime seret gyp gyzyl boldy. Braslet dakylan ýaly yzy galdy - diýip ellerime gynanyp seretdim. Olam ellerimi alyp ýúpiñ yz eden gyzyl ýerini ogşap başlady:
- Bagyşla Leýlim, bagyşla ýemşijegim.
- Aýrylsana boldy etsene suwjarmada - diýip ústlerimi kakyşdyrmaga durdym. Meñ kóýneklerimi kakyşdyryp, saçlarymy gowlaşdyryp başagaý bolup durşuma seredip ýylgyryp hamala ómrúnde birinji gezek góren ýaly gózleri bilen iýáýjek bolýardy. Indá boldum óýdýän diýip pikir edip durşuma:
- Mená çykdym onda. Men çykamsoñ ýarym sagatdan dagy çykaý senem - diýdim.
- Bolýa Leýlim. Bir zady berkje bellegin Men Seni óz janymdan beter Sóýýándirin - diýende men oñ gôzúne seretdim. Onuñ maña seredişi, ýylgyryşy, hakykaty sózleýişi meniñ mydamalyk añymda galdy...
Dowamy bar...