Her günki ýaşaýyş durmuşda biziň bagtymyza simap bilen zäherlenmek mümkinçiligi az. Ýöne şeýle bolsa-da biz simaply gradusniklary ulanýançak (belki ony eýýam elektron görnüşine çalyşmaly wagty gelendir) bu howp bar. Eger-de siziň maşgalaňyzda bir adam sowuklan ýagdaýynda öý dermanhanasyndan simaply gradusnik alynýan bolsa, onda şu makala örän ýeterllikdir.

Adaty bolşy ýaly, gyzgynlygy ölçänden soň gradusnigi öý goşlarynyň ýanynda “kakmak” köplenç gynançly netijelere getirýär: öýiň içinde ýaýran simap adamlary howsala getirýär, simapy gum sorujynyň kömegi bilen ýygnamak we netijede birnäçe aýyň dowamynda simapyň zyýanly bugyny dem almaga getirýär. Ondan soňky netijeler barda aýtmaly. Şeýle waka bolup geçen bolsa, nähili ýalňyşlary göýberilmezlik we ejir çekenlere ilkinji kömek bermek barada geliň gürrüň edeliň.

Simap bilen zäherlenmekden nädip gutulmaly

Hakykatda, eger-de gerekli howpsuzlyk çäreler görülse we janly hereket etseňiz döwülen gradusnik howply bolmaýar. Şunlukda, tutup bolmaýan simapyň zyýanly damajalary poluň üstünde “akyp” başlasa näme etmeli?

Edil şol wagt otagdan çagalary we öý haýwanlaryny çykarmaly.
Rezinden edilen ellikleri geýiň we ýuwaşlyk bilen gradusnigiň döwüklerini we simapy sowuk suwly aýnadan bankanyň içinde ýygnap salyň. Damjalary sanjymiňňe ýa-da iki list kagyz bilen ýygnap bolar. Ownujyk pytran damjalary skotçyň ýa-da leýkoplastyriň kömegi bilen ýygnaýarlar. Bankany simapy ýygnap bolandan soň gowy ýapmaly.
Äpişgeleri açmaly we jaýyň howasyny çalyşmaly (ýöne simapy aýyrmakdan öň duwara şemal döretmeli däl, ýogsam ony ýygnap bolmaýar).
Hlorkanyň ýa-da margansowkanyň goýalyşan ergini bilen simapyň dökülen ýerini süpürmeli.
Güniň dowamynda köpräk suwuklyk içiň.
Simapa degen egin-eşikleriňizi zyňmaly.
Şulary etmeli däl:

Simapyň damjalaryny ýygnamak üçin gum sorujyny ýa-da süwsäni ulanyň.
Öý arassalan wagty geýen egin-eşikleri ýuwuň.
Simapy ýerlagyma guýmaly ýa-da hapa salynýan sebede taşlamaly däl.
Simap bilen zäherleneniňiziň alamatlary

Simap bilen zäherlenmegiň iki görnüşi bar:ýiti we hroniki. Gündeki durmuşda köplenç hroniki zäherlenme duş gelýär. Haçan-da ýygnalan simap aýlap birnäçe aýlaryň dowamynda ýaşaýyş jaýyň howasyny zäherläp dursa bu görnüş barada aýdyp bileris. Bu halatlarda zäherlenmegiň şu alamatlary bolup biler:

Gowşaklyk, ukuçyllyk
kelle agyrysy
Gaharjaňlyk
Akyl ýetiriş ukyplarynyň peselmegi
Elleriniň we aýaklarynyň titremegi
Ys almagyň we duýulygyň peselmegi
Ýürek urşunyň bozulmagy
Ýiti zäherlenmegiň alamatlary simapyň bedene düşeninden soň birnäçe sagatdan soň bildirýär. Gynansakda, şeýle kesgitleme bilen duş gelen adamlar-bu maşgalanyň bilesigeliji kiçi ýaşly agzalary bolup durýarlar (gradusnikleri çagalaryň eli ýetmez ýaly ýerde gizläň!). Zäherlenmegiň bu görnüşinde gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi gerek bolýar.

Ýiti simap bilen zäherlenmegiň alamatlary sular bolup durýar:

Kelle we bokurdak agyrysy
Işdäniň ýitmegi
Tüýkülegiň köp çykmagy
Garnyňda ýiti agyrlar
Gaýtarma
Wagtyň geçmegi bilen öýken çişmesi döräp biler; bedeniň gyzgynlygy 40 gradusa galýar. Bu ýagdaýda zeper çeken adamyň saglygy kömek näçe tiz edilse şoňa bagly bolup durýar.

Ilkinji kömek

“Tiz kömek” gelmezden öň ýiti zäherlenmede siz ilkinji kömegi edip bilersiňiz. Onuň üçin simapyň bedene düşen wagtyndan soň şol wagt aşgazany ýuwmaly. Adamy gaýtartjak bolsaňyz, onda ýönekeý suwy ulanman, onuň için agaç kömrini ýa-da ýomurtgnyň agynyň tozyny goşup bermeli. Ondan başga-da ýaramaýan adama iç sürýä dermany bermeli. Lukman gelýänçe köp suwuklyk içirmeli sebäbi ol geljekde bedenden simapy çykarmaga kömek eder.

Eger-de heläk bolan adam özüni bilmese, onda aşgazandaky zatlarynyň dem alyş ýollaryna düşmez ýaly ediň: onuň kellesini gapdalaýyn goýuň.

Eger-de zäherlenme jaýyň içinde bolup geçen ýagdaýynda, onda bugaryp duran simapyň çeşmesini çaltdan-çalt aýyrmaly, gowsy bolsa heläk bolany jaýdan arassa howa çykarmaly.

Örän ünsli we agä boluň – bu sizi betbagtçylykdan daş saklar. Eger-de betbagtçylykdan ätiýaçlandyrylyp bolmadyk ýagdaýynda, onda özüňizi we ýakynlaryňyzy goramak üçin ýeterlikli bilimli bolarsyňyz diýip umyt edýäris.
Cheshme:vk.com

Sorag-jogap, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir