Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramynyň çäklerinde, 25-nji maýda paýtagtymyzda ilkinji dünýä inen çagalaryň maşgalalaryna Prezidentiň adyndan sowgatlar gowşurylar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty aňlatjakdygyny belledi. Munuň özi paýtagtymyza söýginiň, onuň taryhyna hormat-sarpanyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşa bolan buýsanjynyň nyşanyna öwrüler.
Türkmen Lideri täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Çeşme: Tmcars
25-nji maýda paýtagtymyzda ilkinji dünýä inen çagalara sowgatlar gowsurylyar
-
muratik
3 years ago
- Şeyle öytyan
-
Nirvana
3 years ago
- Hää dogry.
Minnetdar:)
-
Nirvana
3 years ago
- Bashga nähili täzelikler bar Türkmenistanda?!
-
muratik
3 years ago
- Aý bilmedim şuny üytgesigräk bolansoň paylasaydym
-
Nirvana
3 years ago
- Düşündim. Siz Türkmenistandamy ýa...
-
muratik
3 years ago
- Hawa
-
muratik
3 years ago
- Dagy nirli bolayyn
-
Nirvana
3 years ago
- Ýok nireli diýmedim:)
Nirede bu wagt diýdim.
-
muratik
3 years ago
- Hää düşündim çala okapdyryn bagyşla))
-
muratik
3 years ago
- Hawa Turkmenistanda
-
Nirvana
3 years ago
- Zyýany ýok:)
-
Nirvana
3 years ago
- Ýollary açyñaaaaa
-
muratik
3 years ago
- Meň elimde dalde
-
Nirvana
3 years ago
- Dùşùnýàn
-
IMMKN
3 years ago
- Эгерде он машгалада шейле атлы чага бар болса наме?
-
IMMKN
3 years ago
- Себаби ин йоргунли гыз атлары Мержен, Мая
Nirvana 3 years ago- Diñe paýtagtda doglan bolmalymy?!