Papirus jeňňelligindäki gippopotam.


Ma­ka­ra­ka­la­ryň öz­le­ri­ne mah­sus hä­si­ýet­leri­ni ze­ri­ba hem or­naş­dy­ran­dyk­la­ry ba­ra­da öň aý­dyp­dym. Ker­wen bi­len ge­len köp san­ly donko­lan­lar­dan, go­rag üçin ge­ti­ri­len es­ger­ler­den we Ma­ka­ra­ka we­la­ýa­ty­nyň häkimi Ba­git aganyň emel­dar­la­ryn­dan baş­ga-da, ze­ri­ba her gün ma­ka­ra­ka hün­nü­le­ri­niň ep-es­li­si ge­lip gid­ýär. Olar hök­man şu ýe­re ge­tir­me­li pil süňk­le­ri bilen bir­lik­de ma­ta­dyr beý­le­ki ge­rek zat­la­ry­na ça­lyş­mak üçin öz­le­ri­niň ýe­tiş­di­ren azyk önümle­ri­ni hem alyp gel­ýär­ler. Olar kün­ji, lu­bi­ýa (Dolichos ni­lo­tica Dal), gy­zyl­burç we beý­le­ki zat­lar sal­nan ulu­ly-ki­çi­li se­bet­le­ri­ni kel­le­le­ri­ne alyp, ze­ri­ba­nyň içi bi­len kü­me­den-kü­mä ha­ryt­la­ryny hö­dür­läp aý­lan­ýar­lar. Ha­ryt­la­ry­nyň ýe­ri­ne, köp­lenç, «bon­go» — ma­ta ta­lap ed­ýär­ler. Hünnü­le­riň kö­pü­si su­dan-arap di­lin­de dü­şü­ni­şip bil­ýär­ler. Har­tum tä­jir­le­ri pil süň­kü­dir gul söwda­sy­ny et­mek üçin köp ýyl bä­ri ýö­ri­te bu ýe­re gel­ýär­ler. Hün­nü­le­riň kä­bir­le­ri ola­ra hyz­mat edip ýö­ren­soň­lar, ho­ja­ýyn­la­ry­nyň dil­le­ri­ni gowy öw­re­nen eken­ler. Olar me­ni­ňem ýa­ny­ma her gün di­ýen ýa­ly gel­ýär­di­ler. Soň­ky bir­küç
hep­dä­niň do­wa­myn­da olar bi­len ýa­rag, be­zeg
we beý­le­ki zat­lar­dan yba­rat ki­çi­räk et­nog­ra­fi­ýa kol­lek­si­ýa­sy­ny alyş-ça­lyş et­dim. Ça­lyş­mak üçin men­de, Har­tum­da «tir­ka» di­ýip at­lan­dy­ryl­ýan we Su­da­nyň äh­li ýe­rin­de, hat­da iň çet­ki etrap­la­ryn­da-da örän geç­gin­li ha­sap edil­ýän mata bar­dy. Her bö­le­gi­niň ini otuz bäş san­ti­metr, uzyn­ly­gam 14-15 tir­sek (de­ra) bo­lan ma­ta­nyň iki bö­le­gi­ni bir ga­ba sa­lyp, sat­ly­ga çy­kar­ýar­lar. Bir ga­by olar «jas» (go­şa) di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar
we Har­tum­da bir ta­ler­den ýa-da bäş frank­dan
sat­ýar­lar. Bär­de La­do­da bol­sa ol iki es­se ba­halan­ýar. Me­nem onuň bir bö­le­gi­ni alyp, her­si bir öň­lü­ge ýe­ter ýa­ly edip, ony on al­ty sa­ny bir­meň­zeş par­ça böl­düm. Bu par­ça­lar ma­ňa alyş-ça­lyş pul bir­li­gi bo­lup hyz­mat ed­ýär­di. Es­ger­le­riň, don­ko­lan­la­ryň egin-eşik­le­ri dü­züw, ma­ta mä­täç­li­gi ýok­dy. Har­tum­dan sa­tyn alan ma­tam pes hil­li eken, ony hiç kim al­ma­dy. Öý­me-öý aý­la­nyp ýö­ren ma­ka­ra­ka­lar öýü­miň için­dä­ki özleri üçin del zat­la­ra geň ga­ly­şyp se­red­ýär­di­ler. Bi­le­si­ge­li­jilik­den bol­sa ge­rek, me­niň zat­la­rym bi­len ha­sam
aýal­lar gy­zyk­lan­dy. Kü­mä­miň pes­se­jik ga­py­synyň ag­zyn­da üý­şüp du­ran er­kek­le­riň öň­le­rin­de otu­ryp, olar öz­le­ri­ni gy­zyk­lan­dy­ran zat­la­ra barmak­la­ry­ny çom­mal­dy­şyp, bi­ri-bi­ri­ne gör­kez­ýärdi­ler, ýö­ne di­ňe syn et­mek bi­len çäk­len­ýär­di­ler. Ba­ri taý­pa­sy­nyň adam­la­ry bu­lar ýa­ly bi­le­si­ge­li­ji däl­di. Olar bu ba­bat­da has go­wuş­gyn­syz we ba­şar­nyk­syz­dy­lar, şol se­bäp­de­nem men olar­dan öz kol­lek­si­ýam üçin hiç hi­li zat alyp bil­män­dim. Ýa­ny­ma ýy­gy-ýy­gy­dan gel­ýän ma­ka­ra­ka hün­nü­le­ri­niň ara­syn­da ola­ryň ket­hu­da­sy hem bar­dy.
Şu­lar ýa­ly dost­luk­ly gür­rüň­deş­li­giň bi­rin­de
men ola­ra «Ar­tes af­ricanae» ki­ta­by­ny gör­kezdim. Olar ki­tap­da çe­ki­len su­rat­la­ryň kö­pü­si­ni ta­na­dy­lar. Ki­tap ola­ry geň gal­dyr­dy hem tol­gundyr­dy. Olar: «Päk­ni­ýet­li, go­wy ak­ýa­gyz adam bu zat­la­ryň ba­ry­sy­ny ki­ta­ba sa­lyp go­ýa­ýyp­dyr» di­ýip geň ga­ly­şyp, bi­ri-bi­ri­ne gür­rüň ber­di­ler. Ket­hu­da in­di­ki ge­zek ge­len­de, aýa­ly­nam ge­tirip, şol ki­ta­by gör­kez­me­gi­mi ha­ýyş et­di. Su­ratla­ry gör­ke­zip, bu­la­ryň ba­ry­sy­nyň özü­niň­ki­digi­ni ola­ra dü­şün­dir­di. Aýal­lar bol­sa köp zat­la­ry ta­nap, di­ňe bir geň gal­ma­dy­lar-da, hat­da bi­raz gork­du­la­ram, se­bä­bi, ola­ryň pi­ki­ri­çe, bu­lar ýa­ly ki­tap­da hök­man ja­dy bo­laý­ma­ly eken. Me­niň gö­zeg­çi­lik­le­ri­me we beý­le­ki sy­ýa­hat­çy­la­ryň ýaz­gy­la­ry­na sal­gy­lan­saň, hün­nü­le­riň bir­nä­çe taý­pa­la­ry, my­sal üçin, nýam-nýam taý­pa­sy (ma­ka­ra­ka taý­pa­sy ola­ryň şa­ham­ça­sy bol­ýar), mang­bat­tu, ban­tu, wa­nio­ra we ba­gan­da taý­pa­la­ry çe­ki­len su­rat­la­ra (su­rat eser­le­ri­ne) dü­şün­mek ba­bat­da ga­ty haý­ran ga­lar­lyk ze­hinle­ri­ni gör­kez­di­ler. Bu­lar ýa­ly ze­hin arap­lar­da we arap­la­şan adam­lar­da ýe­ter­lik däl­di, onuň sebä­bi ola­ryň ji­sim­le­riň çe­ki­len su­rat­la­ry­ny känbir gör­män­dik­le­rin­den bol­sa ge­rek. My­sal üçin,
wa­nio­ro taý­pa­sy­nyň ket­hu­da­sy Ri­on­ga adam­laryň fo­to­su­ra­ty­ny eli­ne alan­da, ola­ry bir­kem­siz dog­ry tut­dy, ýag­ny kel­le­si­ni ýo­kar­ly­gy­na tu­tup eli­ne al­dy we ola­ryň hün­nü­le­riň şu­li ýa-da lan­go taý­pa­la­ry­nyň adam­la­ry­dy­gy­ny ta­na­dy. Me­niň bu zat­la­ry aýd­ýa­ny­myň se­bä­bi, köp­lenç, hatda ýo­ka­ry we­zi­pe­li arap­lar we mü­sür­li­ler üçin şu­ňa meň­zeş su­rat­lar çö­zül­me­dik tap­ma­ça bolup gal­ýar­dy. Hün­nü­le­riň ýo­kar­da ag­za­lan taý­
pa­la­ry­na bol­sa su­ra­ta dü­şün­mek ze­hi­ni te­bi­gy ber­lip­dir. Har­tum­da bir mü­sür emel­da­ry gap­dal gör­nüş­li çe­ki­len su­rat­da (pro­fil) ada­myň di­ňe bir gö­zü­niň we bir gu­la­gy­nyň bar­dy­gy­na dü­şü­nip bil­me­di.

Edebiýat, Real.123. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir