Gybatkes
Rozy-magşar şikwe eder tiliňden,
Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş;
Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş.
Bulut dek kükreýip, bark kimin gürlär,
Gähi buzdan tagtlar, ataşdan öýler,
Gatyr dek içýanlar, bugra dek möýler
Bedeniňden sorar ganyň, gybatkeş.
Halyň görüp, purkan bolup aglarlar,
Özüň syjjyn atly jaýda baglarlar,
Tiliň çekip, demir bilen daglarlar,
Gara bolar şol gün ýüzüň, gybatkeş.
Ýaman söz aýyrar ýagşy dostuňdan,
Günähiň agramy basar üstüňden,
Jähennem içinde tamug astyndan
Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş.
Magtymguly aýdar, iliň gözünden
Düşüban, hor bolsaň, görgül özüňden,
Tiliňni çekmeseň haram sözüňden,
Belli bibat bolar diniň, gybatkeş.
Magtymguly Pyragy
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Hawa gowy zat däl
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Gowy zat bolan bolsa pyragy bu setirleri yazmazdy
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- Hoa +++
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Leila nirden sen???#
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- Mary a sen
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Lebap Danew
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- Xmm
Arslanova.L_05 3 years ago- Gybat gou zat dal (+++