Säher tutup, syl ýüzüňe çagaňy,
Päkligiňden bolup bilseň şonça bol.
Sen sanama gara saçyň agyny,
Sen sag-aman öreniňe monça bol.
***
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,
Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.
Şat günleriň köp bolmanna gynanma,
Şat günleriň bolanyna monça bol.
***
Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň,
Goý, öçmesin, sen ölçerme oduny.
Aýaklaryň ätjek ädimi äder,
Göreçleriň görer görjek zadyny.
***
Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,
Giňligiňden bolup bilseň şonça bol.
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne monça bol.
***
Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,
Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.
Bagy ikiýana bulanda tupan,
Zerur ýygy ýüzleriňe degmese.
***
Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden,
Durnalaryň ýyllar kimin hatary.
Seni gozmagasa beýik ýaşaýşyň
Çözülen hem çözülmeli mataly.
***
Soň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,
Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et.
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne şükür et.
Gurbannazar Ezizow.
Säher tutup, syl ýüzüňe çagaňy,
-
yashalym
3 years ago
- Bäh. Bu ýazgym bu tema teswir edilipdir-ä. Aşaky temanyň teswirinde ýazylmaly-a how bi.
yashalym 3 years ago- Hmm onda Bu ýerde özüme täze nik açyp bilmeýänim hem oňatlygyň alamatydyr-da??