—Işden kowulan Perişde göresiň gelýärmi? —Oraz sorady.

—Işden kowylan Perişde? —men geň galdym.

—Hawa, kowulan Perişde, —Oraz tassyklady.

—Bäh, beýlede däliler bolýamy?

—Bolýan eken dos, —diýdi Oraz. Özim geň galyp otyryn. 8 ýyl bäri işlesemde özine Perişdedir öýdýän näsagy birinji gezek görýän. Özine Şeýtandyr öýdýäni gördük, özine Hudaýdyr öýdýäni gördük. Ýöne işden kowylan Perişdäni göremokdym.

Oraz söziniň soňynda güldi. Gülýän wagty bolsa ol hiç zat eşidenokdy. Şonyň üçin men ol gülip bolynça garaşmaly boldym.

—Ol näme gürrüň berýär? —soradym men. Gepine düşinip bolýarmy, ýa-da geçen gezekki ýaly düşniksiz zatlary samrap otyrmy?

—Men saňa samraýan däli üçin jaň etmernä dos. Perişde gaty gyzykly zatlar samraýar, —Oraz ýene güldi.

—Näme samraýar? —Men gyzyklandym.

—Gelip öziň diňlemeseň telefonda aýdar ýaly däl dos. “Adalat enjamy” diýýär, Gadyr gije diýýär, Hydyr ata diýýär, Aýaz baba diýýär. Aý garaz öziňi däldiretjek bul adam.

—Bäh, aýdýan zatlary bir ynandyrjymy? Geçen gezekki Şeýtany çagyrjak bolan däliň gürrüňleri ýaly dälmi?

—Ýok dos, gaty ynandyrjy? Özim aňk bolup otyryn. Sen gelýäňmi? Eger gelýän bolsaň men şu gün agşam işde nobatçy. Şu gije gelmeseň indiki hepdä galýar. Indiki hepde bolsa ol dälä näme boljagy belli däl. Şoň üçin geljek bolsaň şu wagyt gel.

—Bolýa, men şol ýeňsedäki gapydan bararyn.

—Depder bilen galamyňam alyp gel, bäri saňa mekdep däldir.

Oraz telefony goýdy. Ol meň köne dostym, has dogrysy klasdaşym. Biz 10 ýyllap bir partany paýlaşdyk. Ol daýaw we boýy uzyn oglan. Günde irden 6 sany çig ýuňurta içýär, agyr daşlary göterýär, sport bilen meşgullanýar. Göwresi daýaw bolansoň etrabymyzda ýerleşen dälihana sanitar edip işe aldylar. Çenden-aşa bozgak dälileri köşeşdirmäge gorkysyz bir pälwan gerek eken. Oraz edil şeýle oglan bolup çykdy. Oň ol ýerde işleýäni maňada bähbit boldy, men azda kände ýazyjylyk bilen meşgullanýan, her dürli hekaýalary ýazýan. Özem adaty temalar barada dälde adatdan daşary temalar barada. Görüp otursam adatdan daşary temalaryň bary dälilerden çykýan eken. Dälileriň gürlemeýan zatlary ýok eken, kämähallar olaryň gürrüň berýän zatlary iň fantazýasy güçli adamam geň galdyrjak. Mysal üçin iň soňky gezek Oraz meni bir däli üçin öz işine çagyrdy, ol dälini biziň etrabymyzyň keselhanasyna ýaňja geçiren ekenler. Eger ol däliň resminamalaryna ynansaň ol 114 ýaşyndamyş. Ýöne oň sypaty beýle garry adama meňzänokdy, ol bolsa 40-45 ýaşly adama meňzeýärdi. Ana şol adamyň gürrüň berýän zatlary barada men gaty gyzykly hekaýa ýazdym. Orazyň we dälihanaň işgärleriniň pikir etmegine görä ol däliň ýaşy beýle uly bolmaga haky ýokmyşyn, ýöne ol taryhda bolan zatlaryň baryny edil öz gözleri bilen gören ýaly gürrüň berýär. Oň resminamalarynda hökman bir ýalňyşlyk gidendir, doglan günini ýalňyş ýazandyrlar, ana şeýle resminamalar bilenem ol dälihanadan dälihana kaňkap ýörendirdä? Kim oň ýalňyş ýazylan resminamalaryny düzetsin diýsene? Ýöne ol däli özüniň çyndanam 114 ýaşyndadygyny we Lenini hut öz gözleri bilen görendigini aýtdy.

—Adamlaryň egninde oturan iki sany perişde barada eşitdiňmi? –Şonda däli menden sorapdy.

Men hawa diýdim.

–Bilip goý inim, ol perişdeler indi ýok, olaryň ýerine göze görünmeýän simler biziň ennamyza sanjylan, seň hem meň ennamyma, –däli meň garnyma dürtdi. Şol simleriň üsti bilen biziň sogaplarymyz we günälerimiz hasaba alynýar, sen maňa düşünýäňmi? Biziň barymyz şol simleriň üsti bilen “Asmana” çatylan, –däli barmagy bilen patalogy görkezdi. Men şol simlerden nädip dynmagyň usulyny tapdym. Ine şeýdip ennamyňdan simlerini sogurup taşlaýanyňy göz öňüne getirýäň, –däli ennamyndan hyýaly bir zady goparýan ýaly hereket etdi. –Ýöne ýaramaz tarapy bir näçe wagtdan simler ýeni yzyna çatylmak üçin edil ýylanlar ýaly seni gözläp tapýarlar, ýöne menem agzymy açyp duramok, men olary günde müň gezek sogurýan.

Däli çyndanam yzyny üzmän ennamyndan bir zatlar sogurýan ýaly herektler edýärdi. Ol diňe ýatan wagty rahatlaşýan bolaýmasa galan wagt dek durmaýan bolmaly? Men oň ýanynda bary ýogy 2 sagat durdum, şol wagtyň içinde däli azyndan 100 gezek endamyndan bir zatlar sogurandyr?

–Siz çyndanam ennamyňyzdan bir zadyň sogurulýanyny görýäňizmi? –Men soradym. –Menä dogrymy aýtsam hiç zat göremok. Size çatylan simlerem göremok, olary sogurmak aňarda dursun.

–Sen entek ýaş bolýaň inim, diňe gözleriň görýän zatlaryna ynanýaň, men hem seň ýaşyňda şeýledim. Sogurýan zadymy men hem göremok, ýöne çyndanam sogurýan ýaly hyýalymda janlandyrýan. Şeýdip Hudaý meň sogabym bilen günämi hasaba alyp bilmez ýaly edýän. Ýöne görüp otursam ol simler diňe sogap bilen günäni ölçeýän simler däl eken. Ol simleriň üsti bilen Hudaý bizi tutuşlugyna dolandyrýan eken. Sen ýüpjagazlar bilen dolandyrylaýan gorjak görüpmidiň?

Men ýok diýmegiň ýerine başymy ýaýkadym. Hakykatda bolsa men şeýle gurjajyklary telewizorda görüpdim, ýöne gurjakly tema çüňleşesim gelmedi.

–Ana sen şol ýüpjagazly gurjak inim, –däli hamala meni sözümde tutan ýaly begendi. –Men bolsa ýok, –däli ýene meň garnyma barmagyny dürtdi. –Men hakyky öz erkli adam, men ulgamdan özümi boşatdym, şonuň üçin Hydaý meň ýüregimiň urgusynyň sanyny belläp bilenok, şonuň üçin men 114 ýaşymda we garramok. Eger ýokaradakylar, –däli barmagyny ýen asmana bakdyrdy, –eger olar meni öz maşynlaryna çatmak üçin täze sogurup bolmaýan simleri oýlap tapmasalar men baky ýaşaryn, ýöne birje adam üçin olar hiç zat oýlap tapyp oturmazlar, –däli sözüniň soňunda güldi. –Eger sen hem men ýaly hakyky azatlyga çykasyň gelýän bolsa inim, meň diýenimi et. Öz ennamyňa barýan simleriň baryndan dyn.

–Nädip dynmaly? Men çalaja ýylgyryp soradym.

–Ap-aňsatjak, egniňe sanjylan simleri sogurýan ýaly hereket edýäň, ine şeýdip. Her egniňe azyndan 60-70 gezek edýäň, düşündiňmi? Sogurýan wagtym çyndanam ennamyňdan sim sogurlýanyny göz öňüne getirýäň. Ýöne birje günem sypdyrman hökman etmelidir, sen meni diňleýäňmi?

Men dogrymy aýtsam gülmejek bolup zordan saklanyp durdum. Meň öňümde uly adam şeýle samsyk zatlary gürläp otyr. Ýöne nahili samsyk bolandada bu däliň bar gürrüň berýän zatlaryny men hekaýa geçirdim. Indem welin has gyzykly wakany ýene bir däliden eşitmek üçin Orazyň ýanyna barýadym. Belki işden kowulan Perişde has gyzyklyrak bir zat gürrüň berer?

—Geldiňmi? —diýdi Oraz. Bolýa, aşhana geçde otyr, men häzir dälini alyp geleýin.

—Senden başga adam ýokmy? —soradym men. Bizi hiç kim tutmaza?

—Arkaýyn bol, —Oraz güldi. Bir med-sestra gelin bar. Ol bärik girenok. Oň ýörüte otyrmaly ýeri bar.

—Aý bolýalaý, geçen gezek ýaly tutulmasak bolýar.

—Dos sen arkaýyn bol, men bolmasam bu ýerde hiç bir gelin gyz işlemäge galmaýar. Mensiz bular palata girip bilenoklar, gorkaklar. —Oraz ýumruklaryny düwip ellerniň çiginlerini görkezdi. —Şoň üçin başlyk maňa gözini ýumýar, köplenç işe gijä galyp gelýän, pahyr zat diýenok. Her ýygnakda "baryň Oraz ýaly işläýmelä" diýip öwýär. Seni işe getirýänimem biri satypdyr.

—Kim satypdyr?

—Aý bilemok, lukmanlaryň biri satandyrda haramlar.

—Başlyk näme diýdi onsoň?

—Aý, ýanyna çagyrdy, sorady. Işe gelýän dostyň kim diýdi? Menem aýtdym, Rahman Zulfikarow atly ýazyjy diýdim. Dälileriň aýdyp berýän zatlaryndan hekaýalary ýazýar diýdim. Başlyk seň familiýaňy bir iki gezek gaýtalap soň ýok tanamok diýdi. Men onsoň seň gazeda çykan bir iki sany hekaýalaryňy okamaga berdim.

—Bäh, başlyk hiç zat diýmedimi onsoň?

—Diýdile, seň ýazan hekaýalaryňda öz bejeren näsaglarynyň bir iki sansyny tanady. Senem edil samsyk ýaly köplenç däliler barada ýazýaňa.

—Soň hiç zat diýmedimi?

—Gowy ýazýan eken diýdi. Ýöne seň familiýaňy geň gördi başlyk. Ömrümde Zülfikarow familýaly adam görmändim diýdi. Dogrysy bizä seň familiýaňa mekdepden öwrenşip gidipdiris, biz üçinä geň ýeri ýok.

—Meň seň ýanyňa gelenime garşy dälmi başlyk? —men Orazyň sözlerini böldim, bolmasa ol saklanmaly wagtyny bilenok.

—Ol zatlar barada başlyk hiç zat gürlemedi. Ýöne barybir bar zat düşnikli dälmi? Gürlemezlik razylygyň alamaty. Ol häzir dostyň işe gelibersin diýip açyk aýtsa men oň kellesine çykar diýip pikir edýändir. Eger dostyňy işe getirme diýse men bar zada gönümel düşinip seni işe getirmez öýdýändir. Şoň üçin ol hiç zat diýmedi, onsoňam bu däliler kime gerek diýsene? Entegem sen olaryň samahyllamasyna gulak asýaň.

—Saňa gep gelmese bolýarlar Oraz. Hany dälini getirjekmi? Daňyp saklanýan dälilerden däldirä?

—Ýoklaý, daňyp saklanýanlar hiç zat gürlänoklar. Köp gürleýän däliler iň parahat däliler.

Oraz otagy taşlap gitdi, men çaý goýdym. Aşhana men köpden bäri beletdim, men bärde seýrek myhman däl, nirde nämäň duranyny bilýän. Ýöne meň gelýänimi indi hemmeler bileýän bolsalar, Orazy oňaýsyz ýagdaýa goýmak bir hili. Öňler ýüregim gyssa Orazyň nobatçy güni özim gelläýärdim welin indi Oraz çagyrmasa gelmeli däl öýdýän?

—Siziň kalbyňyza rahatlyk.

Bu sözler bilen otagyň içine uzyn oglan girdi. Ol şeýle bir uzyndy welin, gapydan egilip girmeli boldy. Oň çep eli ýokaryk göterilgidi. Oň yzy bilen ýylgyryp Oraz hem girdi. Men ömrüme Orazdan uzyn oglan görmändim, ol biziň etrabymyzda iň uzyn oglandy. Ýöne bu näsag ondan hem uzyndy. Näsag meň garşyma gelip saklandy, men ýerimden turyp oň ýüzüne seretdim. 2 metrdan uzyn bolmaly, ondan az däl. Allajan, —pikirlendim men. Häzir bu däli nýetine bir zatlar düwse kim ony saklar? Oraz daýaw oglan, ýöne bu däli ondanam daýaw görünýär, onsoňam dälileriň güýji adaty sag adamlaryň güýjinden iki esse köp bolýar diýen düşinje bar.

—Çäksiz Ýaradyjydan siziň kalbyňyza rahatlyk dileýän, —däli şeýle sözler bilen çep elini meň egnime goýdy.

Oň eli aýyň penjesi ýaly ulydy we tüýlidi.
Men gorkymdan ýaňa tassana balagyma buşykýardym. Oraz, nirden sen, gel meň gözime görün, bolmasa men gorkymdan ölýän häzir. Seň mydama samsyk şadyýan ýüzüňi görüp bar zadyň gowydygyna düşinäýmesem meň häzir özim dällireýän.

—Ol saňa salam berýär Rahman. —Orazyň sesi daýaw däliň ýeňsesinden eşidildi.

—Salam, —men zordan samradym we öňümde duran däliň ýüzüne seretdim.

Gorkynç göwräň tersine däliň ýüzi örän mähirlidi. Ol maňa ýylgyryp seretdi we elini meň egnimden düşirdi.

—Siz eýýäm tanşdyňyzmy? —Oraz ýylgyrdy. Ol näsagyň ýeňsesinden göründi.

Meň gorkydan ýaňa dilim tutuldy, men Orazy öldürmäge taýýardym. Ýöne ol meň gyz jigimiň ýoldaşy bolansoň men zordan saklandym. Boýy 2 metr dälini meň öňüme getirmek üçin öziň däli bolmaly. Ol öň hem dälileri aş hana getirýärdi, ýöne olar beýle daýaw däldiler, olaryň bary Orazdan göwreleri kiçidi, şonyň üçin men özimi arkaýyn duýýardym. Ýöne bu gezek bar zat başgaça boldy.

—Otyryň agam, —Oraz dälä oturguç berdi.

Agam? Ömrümde birinji gezek Orazyň haýsydyr bir dälä agam diýip ýüzlenenini görýän. Bu ýerde bir zatlar ters bolmaly? Oraz näsaglary hiç haçan özine deň görenokdy, olary mydama 2-nji hilli adamlar ýaly görýärdi. Bärde bolsa meň gözümiň arynda gudrat bolup dur. Oraz dälä "Agam" diýip ýüzlenýär. Belki Oraz özinden göwresi uly adamlary sylaýandyr?

Däli, ýa-da ruhy näsag ýere çökdi we göni ýerde otyrdy. Orazyň beren otyrgyjyny bolsa sag eliniň aşagyna edil ýassyk ýaly goýdy. Beýle daýaw adama hatda öz pikirlemdede däli diýip atlandyryp bilemok, çekinýän. Oňa näsag diýip ýüzlenesim gelýär.

—Agam, maňa gürrüň beren zatlaryňyzyň baryny indi şu oglana aýdyp beräýiňdä kyn görmeseň. Bu oglan ýazyjy, ady Rahman Zulfikarow, belki bir ýerde eşdensiňiz? –Bu sözlerden soň Oraz näsagyň ýüzüne seredip jogaba garaşdy, ýöne näsagdan jogap bolmady. –Eger eşitmedik bolsaňyz gelejekde hökman eşidersiňiz, ikimiz mekdepden bäri iň gowy dostlar. Siz agam wakaňy şoňada aýdyp beriň, bu oglan siziň wakaňyzy köpçilige ýetirer.

Oraz hem özine oturgyç alyp meň ýanynda çökdi. Biziň bolup oturşumyz telewizoryň öňünde oturan körpejeleri ýatladýardy.

Näsag gözlerini galdyryp az salym meni synlady, oň garaýsyňdan meň ennam janym gijäp başlady. Şeýle gijilewik her gezek saçymy aldyramda köýnegimiň içine düşen saçlardan döreýärdi.

—Sen ynama mynasyp, —näsag ahyry soňy gürledi. Oň sözleri bilen meň ennamymyň gijilewigi bir ýerlerik ýitrim boldy.

—Aýdyp berdä agam indi, —Oraz ýene haýyşt etdi. Ol näme üçindir örän sabyrsyzdy, bolmasa öňümizde tutuş gije ýatyrdy.

Dogrymy aýtsam bu däliň sypatyny görüp, oň çaltyrak aýtjak zatlaryny aýdyp öz palatasyna güm bolup gidenini isledim, oň bilen bir otagda ýerleşmegiň özi, uly Alabaý bilen bir howlyda gezip ýören ýalydy.

—Men razy, —diýdi näsag we gürrüň bermäge başlady: —Men Perişde, ganatsyz perişde. Meň ganatymy kesdiler. —Näsag ýeňsesine öwrülip arkasynda bir ýeri görkezdi.

Soň bolsa ol bir zatlar gürrüň berip başlady. Oň ulanýan söz düzümleri geňdi. Oň gürleýşi aýdyma ýa-da goşga meňzeýärdi. Käbir ýerlerde bolsa bogunlar hem duýulýardy. Allajan, oňa beýle gürlemek nädip başardýärka? Oň gürleýşi doga okaýan adamy ýatladýardy, edil doga ýaly labyzly we käbir setirlerde bugun baglanşygy bar. —Adalat enjamy, bar zadyň rugsat berilen gijesi, Aýaz baba.

—Oraz, meň öler ýaly okym tutýar, —samradym men.

—Menem ýatasym gelýär, —diýdi Oraz we meň üstime ýykyldy.

Näsag bolsa şol gürläp otur şol gürşäp otyr. Oň sözleri gitdigiçe goşga çalym edýärdi. Indi oň her söziniň arasynda bugun bar. Oň agzyndan indi saz hem çykýan ýalydy. Hawa, oň agzyndan dutaryň owazy çykýardy.

—Oraz, men düşindim, bu däli däl, bu güýçli gepnozçy. Ol bizi gepniz edip ýatyrdy. Ol häzir dälihanadan gaçyp gider. Ýöne bize bir degmese bolýar Allajan.

Ýöne Oraz eýýäm meni eşidenokdy, ol eýýäm hor çekip ýatyrdy. Oň yz ýany bilen dutaryň sesine men hem ukladym.

******

Dutaryň sesi birden üýtgedi, ol ses depregiň sesine meňzeş sese geçdi. Soň düýbinden başga sese öwrüldi, ol sesi söz bilen beýan eder ýaly däl. Soň ýene az salymdan gapyny açýan açaryň yzy giderli seslerine meňzeş sesler peýda boldy. Men gözlerimi açdym, men düýş görýän, başgaça bolmaga haky ýok. Bu düýş, men entegem dälihanaň aşhanasynda öz dostym bilen ýere süýnip ýatyryn. Näsag bolsa bir eýýäm gaçyp gidendir? Ertesi gün Orazy işden kowmasalar bolýar. Ýöne nirä kowmasynlar? Ony hökman kowarlar, beýle näsagy gaçyran bolsa ony hökman kowarlar. Ýöne beýle howyply gepnozçy däli biziň etrabymyzda näme işläp ýör diýsene? Dogrymy aýtsam Oraz däli hana işe girmäkä men ol ýer barada hiç zat bilemokdym. Soň görüp otyrsam ol ýerik tutuş Sowet Saýuzdan näsaglary ugradýan ekenler. SSSR-iň öz boluşly zibil-hanasy.

—Men seň aňyňa beýik Azazyldan akyl paýhas dileýän, —bir ýerlerden näsagyň sesi eşidili.

Sesiň yz ýany bilen oň özi hem peýda boldy. Ine ol meň öňümde. Oň ýeňsesinde diwar bolup duran göz geçmez tümlik hem ýuwaş ýuwaşdan aýdyňlaşyp başlady. Men näme üçindir ondan gorkamokdym. Belki bolýan zatlaryň bary düýş bolansoň gorkýan däldirin? Maňa belli däl.

—Ine seret ýaş ýazyjy, muňa "Adalat enjamy" diýýärler.

Näsag Perişde yzyna bakyp eli bilen uly bir enjamy görkezdi. Ol enjam biziň duran ýerimizden 10-15 metir uzakda işläp durdy. Indi oň arkasynda iki sany ganat bardy. Ol ýalan sözlemändir, ol çyndaman Perişde eken. Ýöne meni oň ganatlary geň galdyrmady, meni Adalat enjamy geň galdyrdy. Biziň duran otagmyzyň diwarlary ýokdy, ýöne az salymdan diwarlar hem peýda boldy. Oň yz ýanyndan küşdiň tagtasy ýaly ak gara kafeldan örülen sowuk pol hem bir ýerlerden döredi. Düýşler dünýäsi geň ýer, nämäň pikirini etseň şol bada şol zat şekile girýär. Biz eýýäm giň otagyň içinde durdyk, öňümizde bolsa Adalat enjamy diýilýän zat işläp durdy. Oň çykarýan sesleri tut agajyna gonan müňlerçe serçeleň seslerini ýadyňa salýardy. Hawa, Adalat enjamy şu wagyt bar güýjine işläp dur.

Men etrabymyzyň awtomatlaşdyrylan telefon bekedini (stansyýasyny) bir gezek görüpdim. Ol ýerde hem bir klasdaşymyz işleýär. Ol meni bir gezek görmäge çagyrypdy.

—Rahman, ulanýan öý telefonyň simleriniň nirä gidýänini göresiň gelse gije meň iş ýerime gel, —şonda ol diýipdi.

Men bolsa bardym. Etrabymyzyň aragatnaşyk ulgamyna bardym. Şonda men ýerzeminde işläp duran uly aragatnaşyk maşyny görüpdim. Bir jaýy tutup duran uly enjam. Ol enjama müňlerçe mis simler bir ýerlerden gelýär we bir ýerlerden çykyp gidýär. Aragatnaşyk enjamy, şoň kömegi bilen etrabymyzda telefon ulgamy işleýärdi.

Adalat enjamy hem şol telefon enjamy ýadyňa salýardy. Edil şoňa meňzeş mis simler bir ýerlerden gelýärler we enjamyň ennam janyna birikdirilýärler. Ýöne bu enjamda simler gaty kändi. Miliýonlarça, ýa-da miliýardlarça simler. Her öýe bir telefon bolşy ýaly her bir adama bir sim. Hawa, adamlaryň bary şol Adalat enjamyna çatylgy.

—Ine ýazyjy siziň ykbal diýýän zadyňyz şul zat, —Perişde maşyna tarap elini uzatdy. Men işden kowulmakam şu enjama seredýän inženerdym. Soň meni wezipämden boşatdylar.

Bäý bä, geň galdym men. Adamyň düýşine girmejek zat ýok eken. Meň Telefon stansyýada işleýän klasdaşym hem şol ýeriniň inženerydy. Ýok, ol entek inžener däldi, ol ýöne bir tehnikdy. Inžener ol geljek ýyl bolmalydy.

— Enjamyň ady Adalat 19, —diýdi Perişde. 19-njy kysym. Mundan miliýonlarça ýyl ozal Jebraýyl perişdäň buýurmasy boýunça Zeminde ýerleşdirilen enjam.

—Zemine ýerleşdirilen? Ýere bu enjam nämä gerek hormatly Perişde?

—Ol nähili nämä gerek? Zeminde Adalat bolar ýaly. Adalata seretmäge Perişdeler ýetişenok ahyryn, siziň sanyňyz miliýartdan aşdy. Ana onsoň ýörite maşyn oýlap tapmaly boldy. Siz adamlar bar zady awtomatlaşdyrmany halaýaňyza?

Men başymy atdym. Hawa, biz adamlar bar zady awtomatlaşdyrmaga gowy görýäs.

—Biz Perişdeler hem şeýle, —ol dowam etdi. Adalat maşyny oýlap tapdyk. Ine ol. Adalat 19, öz bar güýjinde we bar kuwwatynda seň öňüňde ýazyjy.

Men maşynyň edil aşagyna baryp gowja synladym. Edil telefon stansyýaň ýerzemininde duran beket ýaly köneje maşyn. Zordan işläp duran ýaly görünýär, hana bir iki ýerinden uçgynlaram syçrap gitdi.

—Maşynyň döwülýän wagty bolýarmy hormatly Perişde, —soradym men.

Perişde meň ýanyma golaý geldi we egnime öz äpet elini goýdy.

—Ýok, bu siziň zawotlaryňyzda ýasaýan ygtybarsyz enjamlaryňyz ýaly däl. Biziň enjamlarymyz hiç wagyt döwülenok. Ýöne adamlara bu enjam känbir ýaranok. Olar bu enjama Adalatsyzlyk enjame diýýärler.

—Näme üçin hormatly Perişde? —men ýene soradym.

—Düşinýäňmi ýazyjy, bu enjam ýok wagty adamlaryň arzuwlaryny we dileglerini Perişdeleriň özleri kabul edýärdiler. Perişdeler bolsa edil adamlar ýaly duýgyly aňly düşinjeli jandarlar. Indi bolsa siziň bar arzuwlaryňyz we dilegleriň şu simleriň üsti bilen şu enjama gelip gowuşýar, —Perişde eli bilen diwaryň bir ýerlerinden çykyp, enjama barýan simi yzarlady. —Bu enjamda bolsa hiç hili duýgy ýok, oňa seň öziň hem bir eýýäm düşinensiň. Bu enjam adaty hasapçy maşyn ýaly işleýär.

Men dogrymy aýtsam hiç zada düşinmedim, meň öňümde demir bilen plasmasdan ýasalan bir uly maşyn işläp durdy. Ol elbetde bir wezipäni ýerine ýetirýär, ýöne ol nämäni ýerine ýetirýär maňa düşnikli däl. Adalat maşyny we adam arzuw dileglerine kabul edýän enjam. Bar bolany.

—Şu enjam guwy zatmy erbet zat hormatly Perişde?

Men adaty adamyň berip biläýjek adaty soragyny berdim. Meň düşünmeli esasy zadym şoldy, öňümde duran zat akmy, ýa-da gara?

Perişde meň sözlerimi ýylgyrdy, egnimden elini aýyrdy.

—Seň söýýän gyzyň bardymy ýazyjy?

Eger men düýşler dümýäsinde däl bolan bolsam hiç kime öz söýýän gyzym barada hiç zat aýtmazdym, goý ol Perişde bolsa bolybersin. Ýöne düýşler dünýäsinde bolan zatlaryň hakyky dünýä hiç hili dahylly ýeri ýok ahyryn.

—Hawa bar, —jogap berdim men.

—Elbetde sen ol gyz barada köp arzuw edensiň?

—Hawa, —diýdim men.

—Köp dileg edensiň?

—Hawa.

—Gijelerine ýatan dälsiň, —Perişde ýylgyrdy.

—Hawa, hawa, hawa, —men bar güýjime gygyrdym, sebäbi Perişde mende hasrat duýgularyny oýardy. Eýýäm köpden bäri men ol gyzy hasratsyz ýatlap bilemokdym.

—Hany nirde şol gyz şu wagyt?

Men hiç zat jogap bermän başymy ýere salladym.

—Gyz şu maşynyň içinde ýazyjy, —Perişde maşyna tarap elini uzatdy. Ol gyzy senden Adalat maşyny gizledi.

—Näme üçin gizledi, —men gaharly soradym.

—Säbäbi bu adaty hasapçy maşyn. Oňa seň söýgüň duýgyň tanyş däl. Oňa diňe sanlar gyzykly. Ol seň ýagdaýyňa düşinenok. Ol dogrymy aýtsam hiç bir adamyň ýagdaýyna düşinenok.

—Dowzagyň maşyny eken, —men çalaja pyşyrdadym.

Perişde meň sözlerimi eşiden bolmaly, sebäbi ol yzyny alyp göterdi;

—Hawa, Dowzagyň maşyny, Ykbal maşyny, çarhy pelek, tötänlikler maşyny, käbir milletlerde bolsa hut Hudaýyň özi. Bu enjamyň ady kän ýazyjy. Adyna näme dakaňdada bu maşynyň edýän işi üýtgänok. Ol Zeminde adalatyň bolmagyny üpjin edýär, ýöne adalat diýen zat bu maşynyň iç goşynda düýbinden başga sypatda. Dogrymy aýtsam bu maşynyň işleýşine men hem doly düşinemok.

—Onda kim düşinýär hormatly Perişde?

Perişde meň sözlerimden azajyk oýa batdy we ulydan demini aldy. Meň göwnüne daş töwerekde howaň baryny bir zat soryp alan ýaly boldy.

—Jebraýyl bilen Azazyl bilýär bu maşynyň işleýşini.

—Olar kim bolýar hormatly Perişde, —soradym men.

Göwnüme bolmasa men Perişdä gamgyn bir zatlary ýatlatdy, oň şol bada ýüzüniň nury öçdü. Jebraýyl bilen Azazyl kim bolsada meň tanyş Perişdäm üçin ýöne adamlar däl bolmaly?

—Aý, bar şu ýerde bir iki sany oglan, —Perişde uldan demini alyp jogap berdi.

Men söýýän gyzymy ýatladym, dogrymy aýtsam men ony şu wagyt hem söýýärdim. Adaty gyz, baý däl garyp däl. Ol gyz meni hem söýýär diýip aýdyp biljek däl, ýöne men oň göwnüne ýaraýardym. Biz elbetde bile bolup bilerdik, ýöne tötände bolan samsyk gabat gelmeler zerarly biz bile däldik. Ine meň durmuşymyň iň uly ökünçleriniň biri şol. Bar zada bolsa meň öňümde bar kuwwadyna işläp duran Adalat maşyny günäkär. Nämemişin, ol öz hasaplamalarynda adam duýgylaryny hasaba alanokmyşyn.

—Hormatly Perişde, şu maşyny döwsek biz gowy iş etdigimiz bolardy geräm?

—Hiç hili gürrüňsiz ýazyjy, hiç hili gürrüňsiz. Men şu maşyny döwjek bolanym üçin meni işimden aýyrdylar. Men indi şu maşynyň inženery däl.

—Eger maşyny döwsek bir giden adam bagytly bolardy geräm?

—Hawa, miliýonlarça sen ýaly bet bagyt adam öz söýgülsine gowyşardy. Perişdeler ýene öňküleri ýaly adam arzuwlaryny we dileglerini kabul edip başlardylar. Dünýäň düýp kanunlary üýtgärdi.

—Eger beýle gowylyk boljak bolsa näme üçin bu maşyny Perişdeleriň özi öçürenok?

Perişde çalaja ýylgyryp ýene ulydan demini aldy.

—Perişdeleriň bary ýalta bolypdyr ýazyjy. Başda Adalat maşyny Zemine getirip goýylanda Perişdeleriň işine kömek diýilipdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen Perişdeler maşynyň üstine öz etmeli bar işlerini okladylar we gyra çekildiler. Siziň baryňyzyň ykbalyňyz indi tutuşlygyna diýen ýaly şu maşynyň elinde. Maşyn Zemine getirlende oň ady Adalat 1-dy. Soň Adalat 2 kysym peýda boldy. Soň wagtyň geçmegi bilen Adalat 3 we iň soňynda Adalat 19-a gelip durdy. Inede Adalat 19 seň gaşyňda ýazyjy. Adalat 13 enjemy meň şu günki ýaly ýadymda, men öz gullugyma başlamda Zeminde şol kysym işläp durdy. Soň siz adamlar köpeldiňiz, Perişdeler öz gatnaşygyny azaldasy geldiler, şeýdip Adalat enjamynyň täze görnüşleriniň üstünde işler dowam etdi. Hawa, bu enjem perişdelere örän ýaraýar ýazyjy.

Men elim bilen agzymy ýumdym, eşiden habarym elhençdi.

—Hawa ýazyjy, —Perişde dowam etdi. —Ýöne Perişdeleriň hem siziň ykbalyňyza azajyk gatanjy bar. Jebraýyl bilen Azazyl adamlaryň bir ýyllyk ykbalynyň gödek görnüşini düzip şu maşyna ýükleýärler.

—Maşyna ýükleýärler?

—Hawa, Adalat maşyna ýükleýärler. Şonyň üçin bu maşyna käbir milletler “Ykbal maşyny” hem diýýärler. Ýöne maşyna ykballary ýüklemek üçin ony tutuşlygyna öçürmeli bolýar. Bolmasa bolanok. —Perişde barmagy bilen hyýaly düwmäni basyp, agzy bilen edil bir zadyň öçýän sesi ýaly ses çykardy.

—Maşynyň öçýän wagtam bolýarmy? —men geň galdym.

—Hawa, öçýän wagty bar. Zemin ýylynyň hasaby boýynça maşyn ýylda bir gezek tutuş gijäň dowamynda öçürilýär.

—Onsoň öçen wagty Zeminde adalat bolanokmy?

—Ýok, bolanok ýazjy. Maşyn tutuş saklanýar. Ýöne gowy tarapy şol gije eden bar dileg arzuwlaryň gönüden göni Perişdeleriň gulaklaryna baryp gowyşýar. Elbetde bu ýagdaý Perişdelere ýaranok, ýöne olaryň alajy näme? Adam ykballary ýüklemek üçin maşyny ýylda bir gezek hökman öçürmeli bolýar.

—Maşynyň öçen gijesi adamlaň eden dilegi göni Perişdelere baryp gowyşýar diýdiňizmi?

—Hawa, —Perişde ýylgyrdy. Men bilýän sen nämäň pikirini edýäniňi ýazyjy. Sen söýgüliň barada pikir edýäň. Maşynyň öçen gijesi dileg etseň ol gyza ýeterin öýdýäň?

—Elbetde, —men öz pikirlerimi gizläp otyrmadym. Indi bir biläýmeli zat Adalat maşynyň öçürilýän gijesi? —Hormatly Perişde Adalat maşyny haçan öçürilýärkä? —men dogrymy aýtsam bu habar gizlin syrdyr öýdüp Perişdeden jogap eşiderin öýtmedim, ýöne barybir soraýyn diýdim. Ýatyp galanyňdan atyp gal.

—Ýazyjy sen meň bilen oýyn edýän bolmaly, sebäbi sen maşynyň öçürilýän gijesini bilýäň ahyryn.

—O nähili bilýän hormatly Perişde, men bilemok.

—Bilýäň bilýäň ýazyjy, maşyn her ýyl Gadyr gijesinde öçürilýär.

Gadyr gijede, —pikirlendim men. Hawa, bar zat gabat gelýär. Näme üçin öň kelläme gelmedikä? Gadyr gije, başga haýsy gije bolsyn diýsene?

—Başgada gije bar, —Perişde meň pikirlerimi okan ýaly jogap berdi. Käbir milletler Adalat maşyny Täze ýyl gijesi öçürilýär diýip pikir edýärler. Ýöne bu beýle däl.

Mem kellämde pikirler bir biri bilen bulaşyp başlady. Men özimi ullakan bir açyş eden adam ýaly duýýardym. Şeýle ýönekeý aýan zady näme üçin öň özim aňmadymkam?

—Size bir sorag bersem bolýarmy hormatly Perişde? Ýöne gaty görmäň haýyşt edýän.

Perişde çalaja kikirdäp gülüp, men entek bermedik soragyma jogap berdi;

—Ýok ýazyjy men Hydyr ata däl. Aslynda Hydyr ata adam kowmundan, men bolsa Perişdeler kowmyndan.

—Onda Hydyr ata kim, ol näme üçin Gadyr gijesi aýlanýar?

—Aslynda Gadyr gijesi Hydyr atadan başga hem güýçler Zemine aýlanýar. Mysal üçin Aýaz baba. Düşinýäňmi meň kijijek dostym, Adalat maşyny öçürilen wagty adamlaryň günälerine we sogaplaryna seretmäge Perişdelerde mümkinçilik ýok. Zemin tutuşlaýyn gözegçiliksiz diýen ýaly. Edeniňi edibermeli, senden sorag etjek ýok. Perişdeleriň bary adam ykballary bilen başagaý. Adamlar bolsa maşynyň öçürilýän gijesini hasaplamagy bir eýýämden bäri başarýarlar. Ana şol gije Zeminde azda kände tertip düzgün bolar ýaly Hydyr ata we başga güýçleri ýere göýberýärler. Elbetde olar bar ýerik ýetişenoklar, Adalat maşynyň edýän işini hiç bir Perişde ýa-da adam ýekelikde başarmaýar. Şoň üçin Hydyr ata adam zadyň iň ejiz bir görnüşine seredýär.

—Çagalara seredýärlermi? —Men çakladym.

—Hawa, çagalara. Şonyň üçin Aýaz-baba çagalara sowgat paýlaýar. Esasy zat Adalat maşyny işleýänça çagalary zulumdan gorap bolsa bolany. Ulylar öz günini özleri görer.

Eşiden habarymdan soň men edil balyk ýaly dymdym. Bar zady tereziň üstüne goýup çekip görmelidi, öňümde duran enjem gowymy erbet, oň bilen näme etmeli? Eger ony döwsem men söýgülime gowuşarynmy ýa-da gowuşmaryn? Jogap özüni köp garaşdyrmady, eger maşyn işläp duran wagty men öz söýgülime gowuşmaýan bolsam, diýmek ol işlemeýän wagty men söýgülime gowuşmaly. Bar zat örän ýönekeý, maşynyň işini duruzmaly.

—Maşyny nädip döwmeli? —meň gaharly soradym. Meni söýgülim bilen aýra salan maşyn. Bar kuwwadynda meň göz öňümde işläp dur. Men ony howlykmaç synlap başladym, oň ejiz ýerlerini gözledim.

—Ah sen ýazyjy, men bilýärdim sen ony döwmegi islejegiňi, —Perişde ýylgyrdy. Men şoň üçin seni saýladym.

Entek Perişde sözlerini tamamlamaka men maşyna tarap ylgadym, oňa girýän simleri sogurşdyryp gapdala zyňdym. Gaňyryp döwüp bolýan ýerlerini döwüşdirdim. Ýeňsämden Perişdäň gülýän sesi eşidildi. Soň oň gülkisi depiň sesine öwrüldi, soň az salymdan dutaryň sesine. Ýene az salymdan men oýandym.

******

Bar zat düýş eken, gapdalymda hor çekip Oraz ýatyrdy. Däli bir eýýäm ýok, daşarda güniň birinji şöhleleri görünip başlapdy.

—Oraz oýan, näsag gaçypdyr öýdýän?

—Ol nirä gaçsyn, beýle sypatly adamy gün ýaşmaka tutarlar, —Oraz ýatan ýerinden gözini açman gürledi.

—Onda ol nirede Oraz?

—Ýerine geçip ýatandyrda, —Oraz ýene ýerinden turman jogap berdi.

Men ýerimden galdym, üst-başymy kakyşdyrdym. Nädip sowuk polda daňdana çenli uklap ýatypdyrn özim haýran. Ýenede gören düýşimi diýsene? Eger ol görenim düýşe bolsa?

—Oraz men öýe?

—Eýýäm? —Ol ýatan ýerinden sorady.

—Hawa eýýäm, sen bir ýatan ýeriňe seret, öziňem keselhanaň işgäri, medenýetli hünär diýersiň, —men ony utandyrjak boldym. Ol bolsa äwmedem.

—Bizde kondisioner ýok Rahman, tomusyna howa gyzgun bolýar, şonyň üçin men mydama sowuk polda ýatýan. Sen gaýtsaň arkaýyn gaýdyber. Menä entek sagat 7-ä çenli ýatjak.

—Bolýar, —diýdim men we öýe ýöredim.

Kellämde bolsa gören düýşim aýlanýardy. Adalat 19 enjamy. Adam ykballaryny hasaplaýan kompýuter. Ýalta Perişdeler we Hydyr ata bilen Aýaz-baba. Hany bu eden-etdiligiň içinde Hudaý nirede? Bolýan zatlara Hudaý nähili garaýarka? Adamlara kompýuter seredýär diýdip ol hem ýalta öwrülip gitdimikä? Näme üçin ol Perişdeleri gowşak tutýar? Wah…entek düýşden oýanmakam Perişdeden soramaly ekenim. Hudaý barada soramaly ekenim.

Aradan 1-2 aý geçdi, gören düýşimiň täsiri azajyk gowşady. Orazy işden kowmadylar, däli Perişde hiç ýerik gaçyp gitmändir. Ol şol gije ýerine geçip ýatypdyr. Men gaýdyp Orazyň işine barmadym, asla şol gören düýşimden soň men dälilerden gorkyp başladym. Oraz meni günime goýmady. Bol bir hekaýa ýaz diýip ýüregime düşdi. Oň pikirine görä men şol gije dällirän Perişdäni daňdana çenli diňläpdirin. Hekaýada menem hökman görkezgin diýdi Oraz. Men razylaşdym. Ýöne Adalat maşyny barada hekaýany nädip ýazjak diýsene? Beýle hekaýadan soň meň özime dällerändir öýtmeklerem mümkin.

Soň bolsa meň aklyma sygmajak zatlar boldy, meň söýýän gyzymy durmuşa çykardylar. Bar zat duýdansyz we çalyt bolup geçdi. Gyz maňa hiç zat aýdybam bilmedi. Ony obamyzyň bir mesirgän baý oglany aldy. Bar zada Adalat maşyny günäkär, —pikirlendim men. Ýüreksiz we duýgysyz Adalat maşyny. Elbetde adamzada Perişdeler ýa-da Hudaý seredýän bolsa olar hökman meň ýagdaýyma düşinip, beýle zatlara ýol bermezdiler. Durmuşda bolup geçýän elhenç zatlaryň barynyň öňi alynardy. Ýöne gynansamda Älem-jahan başga kanunlara boýun egýär. Eeh sen….Gargyş siňem maşyny döwjek bolan dällirän Perişde. Maňa ýene seň maslahatyň gerek. Täsin gabat gelmelere görä şu gün Gadyr gijesidi. Maşynyň saklanyp, adam ykballarynyň ýazylýan gijesi, ýüklenýän gijesi. Men Orazyň iş ýerine jaň edip başladym, men ýene şol Perişde bilen duşuşasym geldi.

—Adalat maşynyň işlemeýänligi sebäpli siziň jaňyňyz amala aşyrylmady.

Gyzyň sesi telefondan maňa şeýle diýdi. Men elimden telefonymy gaçyrdym. Beýle bolmaga haky ýok. Men özimi dürsäp ýene telefony elime alyp başga bir ýere jaň etdim. Ýene gudoklaryň ýerine gyz gürläp başlady;

—Adalat maşyny işlemeýänligi….

Men bu gezek soňyna çenli garaşman telefony taşladym. Bar zat düşnikli, Adalat maşyny biziň etrabymyzyň aragatnaşyk merkeziniň ýerzemininde ýerleşýär. Şu gün gadyr gije, maşyn öçürilgi dur, ýalta Perişdeler wajyp syraşyp biziň ykballarymyzy ýazýarlar. Adalatyň ýokdygyny adamlar aňmaz ýaly ýer ýüzüne Hydyr ata bilen Aýaz baba aýlanýar. Maşyny ýok etmegiň wagty geldi, goý Adalat ýene Perişdeleriň eline gaýdyp gelsin. Dällirän Perişde şony isledi ahyryn. Goý söýýänler bir birne duşsynlar, goý bar kişi bagytly bolsyn. Goý ýalta Perişdeler gije gündiz ýatman adamzada hyzmat etsinler.

Bir wagyt pahyr bolan atamyň tut agajyndan ýasalan hasasyny elime alyp, men etrabymyzyň aragatnaşyk merkezine ýola düşdim. Men bilýän, maşyn şol ýerde, men häzir oň külini çykararyn.

******

—Seň iň soňunda şu ýere geljegiňi bilýädim meň ýaş dostym, —bu sözleri örän tanyş ses aýtdy, ol ses edil ene hüwdüsi ýaly mylaýymdy, ýakymlydy. Şeýle ses bilen aýdylan islendik toslama şol bada ynanasyň gelýärdi. Goý ol toslama “Adalat enjamy” barada bolaýsyn.

—Bu senmi? —Men gözlerimi giňden açdym, ukydan oýandym, —bu sen, inžener Perişde? —Men begendim.

—Men eýýäm köpden bäri inžener Perişde däl meň ýaş dostym, meň indi ganatlarym ýok. —Ýadygärlik ýaly göwre meň öňümde eýläk beýläk öwrüldi, ol maňa ganatsyz arkasyny görkezjek bolýardy. —Men indi Perişde däl, men indi adaty adam, ýöne sen indi öňkün ýaly adaty adam däl, sen indi adaty ruhy näsag, —Perişde ýylgyryp jogap berdi.

Men oň sözlerine düşünmän daş töweregime garadym, öten agşam bolan zatlary ýadyma saljak boldym, ýöne ýadyma düzüwli zat düşmedi. Men elim taýakly öýden çykdym, ol ýadymda, ýöne näme üçin çykanym ýadymda ýok. Soň etrabyň telefon bekedine bardym, soň ol ýerde bar zady ýumurup başladym, ýöne näme üçindigi ýadymda ýok. Soň bir ýerden ganatly perişdeler peýda bolup meni sakladylar, ýa-da olar perişdeler däldide polisiýaň işgärleridimi? Ýa-da düýbinden başga edaralaryň adamlarydymy? Hiç zat aýdyp biljek däl. Ýatlamalaryň bary edil işdä-açar ýaly garym gatym.
Näme üçindir kelläm agyrýardy, elim bilen kellämiň agyrýan ýerini elläp görjek boldym, ýöne ol hem başa barmady. Men demir krowatda arkan ýatyrdym we şol krowada bytnamaz ýaly daňylgy durdym. Men tutuş göwräm bilen silkindim, ýerimden turjak boldym, krowat meň zarbyma ýerinden gozgandy. Men boşap bolmajgyna göz ýetirdim.

—Gygyrma meň ýaş dostym, gygyranyň peýdasy ýok, men ony bilýän, men bärde örän köp gygyryp gördüm. —Perişde edil meň pikirimi okan ýaly meni saklady. Bolmasa men çyndanam gygyrjak bolup durdum.

—Men bu ýerik nädip düşdüm, —men demimi dürsäp ondan soradym.

Perişde öz krowadynda sündi we äpet ellerini döşünde haç görnüşde goýdi.

—“Adalat enjamyny” gören adamlaryň bary irde giçde şu ýerik düşýärler ýaş ýazyjy, sen gynanma, sen birinji däl we sen iň soňky däl. —Perişde hamala öz özünden düşnükli zatlary düşündirýän ýaly jogap berdi: Deňiziň suwy şor, asman gök, bulutlar ak, guşlar üçýar we gyzlar haýasyz.

Soňy

Awtory: Rahman Zulfikarow
ş. Aşgabat
11.06.2018ý
Çeşme: hekaya.clan.su

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir