Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Ýene-de men :) Aý, kellä bir pikir geldi köne ýerleri dörjeläp ýörkäm, aslynda, öňem bardy welin, ýatlatdy diýeýin, ýörite mowzuk açjak bolup ýördüm. Şu ýerde agza bolup ýazýanlardan käbirleriniň dürli atlary bolup biler. Hatda, lakam, çyn at, ýalan at we ş.m. bolup biler. Pasportda çyn at, ýaşaýan ýerinde bolsa ýalan( has takygy, ýörgünli) ady tutulýanlar bolup biler. Bu barada 1 mysal bar şu sahypadanam, meselem, men. Başlaýynmy sanama: 1- Pasportda: Atamyrat( çyn at); 2- Obada : Kakageldi (ýalan/ýörgünli at); 3- Obada : Kapakapagepeldipi (üýtgeşik usulda adymyň aýdylyşy) ; 4- Obada : Kapa (ýokarkyň ilkinji bogny) ; 5- UK-da : Atamyrat (resmi) ; : Ata (ýerlilere gysgaça aýdýanym) ; 6- UK we TÇ : Murat (Türkler aýdýar) ; 7- Dostlarym: Atam; 8- : Atamurik we ş.m. Sizde-de ýa-da haýsydyr bir tanşyňyzda-da şu ýagdaý barmy?! Bar bolsa paýlaşaýsaňyz! Sag boluň!
Näçe adyňyz bar?!
-
engineerboy
16 years ago
- yaman biderek yazylan yazgy. hiç hili manysy yok.
-
mc_merw
16 years ago
- Enem pahyr (Sapa sopynyň gyzy) kakama ors söýgülisine öýlenmäne rugsat bermändir. Şol sebäpli hemmämize goşmaça ors ady dakypdyrlar. Meň adym Mişa (Mihail), dogan-garyndaşlar we obadaşlar şul ady ulanýar.
Menem käbir ýerde "Mihail Margiana" adyny ulanmany gowy görýän.
Tanyşlar, kursdaşlar, dostlar bolsa familýamy tutýalar "Sadykow" ýada "Sadyk" diýip.
-
Komendant
16 years ago
- Gullukda esger Gurbanow
Basga yerde Myratberdi.
Bu sahypaň gyzyksyz agam.
-
CeriumOxide
16 years ago
- asyl adym serdar emma garyndaşlarym serik, seryý, seryý wolk diýýärler.
türk mekdepdäki klasdaşlarym: serýoža, serža, sörž
başgada käbir dostlarym: seryý wolk, möjek :D we cerium diýýärler.
gulluga gidemde de "polkownik owmadow" ady göwnime ýaraýa :D:P
-
CeriumOxide
16 years ago
Kapakapagepeldipi
bäh! o nämaý mongollaň ady ýaly
-
kakabay
16 years ago
haçan gitjek serik.öňünden duydur men hat ugradayyn,saňa "general-polkovnik" zvaniyany bererler yaly...isleseň morskoya gidseň "admiral" zvaniyany alarsyň.(düyşüňde)
gulluga gidemde de "polkownik owmadow" ady göwnime ýaraýa
-
Komendant
16 years ago
- At-mada üns berip ýömäň. Bar adyňyz yeterlik. Işläň, adyň özi geler. Mysal üçin, "Beyik Turkmenbashy" birisem enesiniň dakan ady dal.
-
Lakam
16 years ago
- Tuweleme, erbet dal saytimiz bar eken. Yone mowzuk achjak bolaninizda birazajik pikirlenayin-da!!! Achmali diyse achip yorsuniz....
-
Komendant
16 years ago
saytimiz
eýýäm eýe çykaýdyňla, aksiýasyny dagy satyn alan dälsiň.
-
ata
16 years ago
- engineerboy we lakam - ikiňizdenem gowja mowzuklar açmagyňyza garaşýarys!
Aýtmak aňsat, ýöne amal etmek kyndyr. Ilki bir synanyşyň, açyň gyzyklyja mowzuklar, ondan soň gepleseňiz, has amatly bolmazmy?!
Bir tarapdan size goşulmanam duramok, beýleki tarapdan bolsa - goşulamok!
Näme üçin?!
meniň şol ýazgylary ýazmagymyň sebäbi bar, çünki, agzalar kän aktiw ýazanokdy, özümem şolaryň hatarynda we hemişe girip ýöremok. Şol sebäpli hem azyrak höweslensinler, azajygam, gysgajygam bolsa ýazsynlar, gülsünler we ş.m. niýetler bn ýazypdym.
Biderek wagt zaýalamak diýýän bolsaňyz, onda girmäň we ýazmaň wagt ýitirip.
-
ata
16 years ago
- Myrat aga, men hem seni Sadyk ady bn has gowy tanaýan :)
Obaňyza baryp, Sadyklar diýäýmeli :)
-
mc_didar
16 years ago
- Adym barada aytsam, adym:DİDAR.
1.Dostlarym: DİDA
2.Türkiyede: Serdar
3.Garyndaşlarym: Didarjan
4.komp-da mc_didar
Yazamda:mc_didar
Okalşu:emsi_didar
MC_DİDAR diymek: Men Soyen DİDAR
-
ata
16 years ago
- didar, sag bol!
tuweleme, sizem (atlaryn) azlyk dal ekeniniz-lay :)
Serdar, yokardaky link ishlanok ekeni, ynha, linki goyyan:
http://www.talyplar.com/2626-uytgeshik-usullarda-dushunishmek.html
uytgeshik usullarda habarlashma
uytgeshik usullarda habarlashma
-
Komendant
16 years ago
- 404 error usuldamy?
-
ata
16 years ago
- komendant, men ikisinem goýdum, sahypada tehniki näsazlyk bar öýdýän, men hemişekisi ýaly goýsamam, linki açanok, şol sebäpli, sen ýokarda goýan linkimi "çopy-paste" usuly bn "adress bar"- goý we aç, ynha, link:
http://www.talyplar.com/2626-uytgeshik-usullarda-dushunishmek.html
eger muňa-da düşünmeseň, onda meniň ulanyjy adym bolan "ata"-ň üstüne bas we aşakdan 12-nji mowzugymy açyp, okap gör!
Aslynda, men aktiw edeýin-le şony, nämä alada galyp otyryn-aý :)
-
el_mariachi
16 years ago
- anna
berdi
annaberdi
anatoli
tach
tachli
toyly
tolik
kowus
kaos
rapper dostlam bar olaram annko ako kei kaos diyyaler
-
Komendant
16 years ago
- bir adyň ýatdan çykypdyr, gardaş.
"el_mariachi"
Forumlardaky atlaryňmy?
-
ata
16 years ago
- Anna, tovly nireden geld-av, bevlekilere dushundim
-
ata
16 years ago
- ýagny, toýly?!
-
Komendant
16 years ago
- ata sen ýaman at köp soraýaň. agentligiňi bildirýäň. biraz seresaply işle. kän bildirme.
-
ata
16 years ago
- wah, ahyr bildiler, indi men bärde durmaýyn ýa-da agzalyk adymy üýtgedeýin :)
Komendant dost, gowudyr-a ýagdaýlar:)
Men seň maslahatyňa eýereýin, ýogsam hemme agzalaram biler! Sen hiç kime aýdaýma bu babatda bilýänleriňi :)
Eý, halaýyk, eşitdim eşitmedim diýmäň, men agent ekenim, soň aýtmady diýmäň, menden ýaman ägä boluň :)
Wiý, ýogsa-da, sendenem ägä bolmaly! "Näme üçin?" diýýän bolsaň, saňa 1-2 degişme arkaly jogap bereýin:
1-) Iki kor 1 kilo erik satyn alyp, 1 yerde oturyp iyip bashlapdyrlar. Biri beyleka:
-Ey, Pylany, name ucin 2-2 den iyyan? diyipdir. Eyleki bolsa:
-Yok how, yekejeden iyyan, nireden bilyan?- diyip ozune soran. Ol bolsa:
-Ha, shey diysene, men 2-2 den iyyan-de, sen hem sheyle edyansindir oytdum. - diyenmish.
2-) Biri erbetlik etse, ynsanlaň içinde şol edilen erbetlik barada gepleşilip başlananda, aljyrap/howsala düşüp:"...kim etdikä, men-ä däl..." diýýänler tora düşýändir köplenç
-
Komendant
16 years ago
- munyň-a ýapa-da degmedi.
gyzykly ýöne.
ata 16 years ago- Agajanh-nyň ýazan bir ýazgysyna gözüm düşüpdi, ýokarda ýazypdym, ynha, onuňky:
Agajan diyip kop tutyarlar. Men adym kop dogrysy :D
Agysh-Oydakiler, we garyndashlarymyz.
AgajanOyde azyrak tutulyar, koplenc mekdepde, bu yerde s.m.
AnnamyratDine mugallymlar. Hakyky adym Pasportdaky.
Agamyrat Agamyrat diyip diyip yashuly oz garyndashlarymyz aydyar.
Dushnuklije yazdym oydyan.
Bu yerd indi adymy uytgedip otyrmayyn Agajan diyay, mana dogrysy tapawudy yok.