Poeziýa
barypýatan päklikdir,
Poeziýa
göze görnen bir gyzdyr.
Bir seretseň –
onuň daşy köplükdir,
Bir görseňem
şol köplükde ýalňyzdyr.
Owadan gyzdyr ol – aşygy köpdür.
Akylly gyzdyr ol – gytdyr çyn aşyk.
Sataşan aşygnyň kimdigne görä,
Ýa togtar,
ýa gider menziller aşyp.
Nikalaşar. Müňläp perzendi bolar.
Birine käýiner, birine güler.
Aýylganç enedir: öz perzendini
Öz elleri bilen bogup-da biler.
Şikesli perzendin bogmasa eller –
Gözellik gutarar Poeziýa uklar.
Onsoň ony diňe ýekeje hossar
Betbagt doglan
Kagyz düşegi saklar!
Poeziýa aýylganç ene
-
Korolewa
3 years ago
- @Mr.Writer howwa awtoryny yazmandyryn
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- ++gou
-
Mr.WriTer
3 years ago
- @Korolewa zyýany ýok!
Mr.WriTer 3 years ago- Gowy goşgy, awtor Kerim Gurbannepesow