Nämäňe gerek?
Diñe hakykaty ýazasym geldi,
Başyñda ýaglyk bar al elwan gülli,
Ýöne bir häsýetiñ ýüregmi dildi,
Diýme beýle goşgyñ nämäňe gerek.

Ynha taryp etsem saçlaryñ waspyn,
Näme saçlaryñda barmydy kastyñ,
Olary kesipsiñ soñam boýapsyñ,
Aýtsana bu zatlar nämäñe gerek?

Mañlaýña düşüpdir bir topar joýa,
Ne günlere düşdüñ kärdeşim Maýa?!
Wah gaşlañ ütülip bolupdur zaýa,
Aýtsana bu zatlar nämäñe gerek?

Gabaklañ hakdada kän ýazsam bolar,
Her gün dürli reñke boýalýar olar,
Bugün gyzyl ertir gök soñ ýaşyl goñur,
Aýtsana bu zatlar nämäñe gerek?

Kirpikleñ waspynam geçeýin ýazyp,
Her gün sürme çalýañ öñküni pozup,
Aý garaz barýarsyñ şeýtandan ozup,
Aýtsana bu zatlar nämäñe gerek?

Keşbiñe sözüm ýok örän gelşikli,
Her gün işe gelýäñ dürli eşikli,
Arman gulaklaryñ iki deşikli,
Aýtsana bu zatlar nämäñe gerek?

Kim senden gaçyp ýör kim saña aşyk,
Gör nämeleri etdirýär ýaşlyk,
Aý borda aýagñy basmasañ gyşyk,
Düşünmeseñ goşgym nämäñe gerek?

kitaphana.net

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir