"Bagt näme?"-diýip soradym puldan,
Pul: "baýlyk"-diýip, altynlary görkezdi.
Pula tarap gadam basjakdym welin,
Baýlykdansoň"meslik" meni ürküzdi.
Soňra bardym "uzak ömrüñ" ýanyna,
"Bagt senmi?"-diýip, soradym ondan.
Diýdi:"jigim, el-aýagyňysmaz bor,
Şoñ uçin çyn bagty gözleme menden.
"Gaýtdym jogap tapman "uzak ömürden",
Soñra ýolda gabat geldim "abraýa".
Diýdim:"abraýaga, sendemi bagt?
"Görsem, "abraý", zaryn-zaryn aglaýar.
Bagty tapman, ýüzüm salyp gelýärdim,
Birden "söygi" ylgap geldi ýanyma.
Diydi:"meni tapsaň-bagty taparsyň
"Hemmamiz söýeliñ hakyñ şanyna!
kitaphana.net
Bagt näme?
-
loveee_@
3 years ago
- Thank you
-
DeatH
3 years ago
- like++
Arslanova.L_05 3 years ago- ++like very well