Bu resminamalar neşir edilmegi üçin
elime düşdi. Şonuň üçinem men ilki bilen
okyja okeanografiýa1
boýunça ylmybarlaglary hemde deňiz çuňluklaryndaky ýaşaýşy
öwrenmek maksady bilen ýüzüşe çykan, bug
bilen işleýän «Stratford» gämisiniň pajygaly ýagdaýda dereksiz ýitendigini ýatlatmalydyryn. Ol
ekspedisiýany «Ýalanmerjen çökündileri» hemde «Gasynlyžabralylaryň gurluşy» atly adybelli
eserleriň awtory, geografiýa ylymlarynyň doktory Marakot gurapdy. Doktor Marakotyň ýanynda Kembrijdäki Zoologiýa institutynyň ozalky alym mugallymy ýüzüşe ugran mahaly, Oksfordda priwatdosent2
bolup işlän jenap Saýres Hedli bardy.
Gämä tejribeli deňizçi kapitan Howi ýolbaşçylyk
edýärdi. Gämide jemi 23 adam bolup, olaryň
arasynda Filadelfiýanyň Meribenks zawodynyň
hünärmeni amerikaly ýigit hem bardy.
Olaryň hemmesi — gämide işleýän deňizçilerem,
üstündäki beýleki adamlaram dereksiz ýitdi. Bir
norweg gämisiniň heläk bolan gämä daşky alamatlary doly gabat gelýän gäminiň 1926njy ýylyň
güýzünde bolan güýçli tupanda deňze çümendigini görendigi baradaky habaryndan başga olar
hakda gördümbildim bolmady. Birneme soňrak
pajygaly wakanyň bolan ýeriniň golaýynda «Stratford» ýazgyly halas ediş gaýygy tapyldy. Gaýygyň tapylan ýerinde gämiden gopan germewler, halas ediş galtgasy hemde gäminiň beýleki bölekleri
suwuň ýüzünde ýüzüşip ýördi. Gämiden başga hiç
hili habarhatyr bolmazlygy, gämi hemde ondaky
adamlar hakynda indi hiç kimiň hiç zat eşitmejegine
doly güwä geçýärdi. Şo mahallar radiotolkunlarda
tötänden tutulan, beýle bir düşnükli bolmasada
gäminiň täleýiniň ters gelenligine şekşübhe goýmaýan geň radiogramma3
hem muny doly tassyklady. Radiogrammanyň ýazgysyny men biraz soňra ýazyp görkezerin.
Ekspedisiýa ýüzüşe taýýarlanyp ýörkä hem onuň
käbir geňtaň aýratynlyklary göze ilipdi. Ilkinji
nobatda, professor Marakotyň ekspedisiýasynyň
üýtgeşik syrdygy ünsi çekipdi. Jenap Marakot aç
açanlygyň barypýatan garşydaşydygy, gazetlerde şüweleň döredilmegini ýürekden ýigrenýän
adamdygy bilen bellidi. «Stratford» heniz Albert
gämi duralgasyndan ugramanka onuň bu häsiýeti
hasam aýdyň ýüze çykdy. Ilki bilenä, ol habarçylara ekspedisiýa barada gürrüň bermekden boýun
gaçyrdy, soň bolsa žurnalistleri gämä goýbermedi.
Daşary ýurtlarda ummanyň iň uly çuňluklaryndaky
ýaşaýşy öwrenmek üçin niýetlenen, täze, özboluşly
enjamlaryň gämide oturdylanlygy barada gep gürrüň ýaýrapdy. Azkem soňra bu gürrüňler WestHartlpuldaky «Henter we şereket» zawodynyň
dolandyryjylary tarapyndan hem tassyklandy.
Ol enjamlar bu zawodda düzülip taýýarlanypdy.
Olaryň aýtmaklaryna görä, gäminiň aşaky bölegi
tutuşlygyna bölünip aýrylýan bolarly. Bu ýagdaý
ätiýaçlandyryş şereketini hasam uly alada goýdy,
olary zordan köşeşdirdiler. Tiz wagtdan bu zatlar ýatdan çykyşdy, ýöne häzirki ýüze çykan täze,
garaşylmadyk ýagdaýlar hemmeleri dereksiz ýiten
ekspedisiýanyň ykbalyny ýatlamaga mejbur etdi.
Ekspedisiýa indi hasam uly gyzyklanma döretdi.
«Stratford», ine, şeýle ýagdaýlarda ýüzüşe ugrapdy. Häzirki wagtda bu ekspedisiýa degişli dört sany
resminama bar.Olaryň ilkinjisi jenap Saýres Hedliniň Uly Kanar adalarynyň paýtagty SantaKrus şäherinden
Oksfordyň Triniti kollejindäki dosty ser Jeýms Tolbota iberen haty. Bu hat «Stratford» ýüzüşe ugrandan soň, onuň baran, bize mälim bolan ýeketäk gämi duralgasyndan iberilipdir. Ikinji resminama radio boýunça tutulan täsin çagyryş. Ol hakda men häli ýatlap geçipdim. Üçünji resminama «Arabella Noulzyň» gämi gündeligindäki aýna şar hakdaky ýazgysy. Dördünji, iň soňky resminama bolsa şaryň täsin düzümi.
Ol ýaha bir şum, düşnüksiz aldaw, ýada adamzadyň gazanan üstünlikleriniň täze bir sahypasyny açýan üýtgeşik
bir tapyndy bolmaly. Ol açyşyň nähili wajypdygyny bolsa näçe aýtsaň aýdyp oturmalydy. Ine, size düşnükli bolar ýaly öňünden aýtjagym şulardan ybarat. Indi bolsa size jenap Hedliniň hatyny
beýan etmekçi. Ony Ser Jeýms Tolbot merhemet
edip maňa berdi. Bu hat heniz hiç ýerde çap edilenok. Oňa 1926njy ýylyň 1nji oktýabrynda ýazylanlygy barada sene goýlupdyr.
«Gadyrly Tolbot, bu haty size SantaKrusdan
ýollaýaryn. Biz bu ýerde dynç almak üçin birnäçe
gün eglendik. Gämide ähli wagtymy baş mehanik
Bill Skanlen bilen geçirdim. Ol meniň ildeşim,
diýseň göwnaçyk. Şonuň üçinem men onuň bilen
dostlaşdym. Ýöne bu gün ir säherden bäri ýeke
özüm. Ol, öz aýtmagyna görä, kenara, biri bilen
duşuşyga gitdi. Iňlisleriň pikiriçe, ol hakyky
amerikalylaryňky ýaly gepleýär.
Biz Marakot bilen duşuşdyk. Onuň nähili garasöýmezdigini bir bilsediň. Onuň meni işe çagyranyny size gürrüň beripdim öýdýän. Ol özüne
kömekçi gözläp, Zoologiýa institutyndan goja Somerwile ýüz tutupdyr. Ol hem oňa meniň deňiz garaleňňeçleri barada baýraga mynasyp bolan işimi
iberipdir, şeýdibem mesele çözülipdir. Elbetde, öz
hünäriň boýunça işleseň, oňa ýetesi zat ýok, ýöne
men bu Marakot atly janly heýkel bilen işlänimden, başga her kes bilen işlänimi kem görmezdim.
Ol şeýlebir tenhalygy gowy görýär, özem işine şeý-lebir berilýär welin, bu adammyka beri diýdirýär.
Bill Skanlenä oňa «Dünýädäki garasöýmezleriň
iň nämähremi» diýýä. Ýöne alym hökmünde oňa
hormat goýmazlyk mümkin däl. Onuň üçin dünýä
ýüzünde ylymdan başga hiç zat ýok. Ýüzüşe taýýarlanmak üçin nähili eserleri okamalydygyny maslahat bermegini soranymy gürrüň beremde, seň güleniň ýadyma düşýär. Şonda ol taýýarlanmak üçin
düýpli eser hökmünde özüniň doly eserler ýygyndysyny okamagy, ýüzleý göz gezdirmek üçin bolsa Gekkeliň4 «Plankton5 işlerini» maslahat beripdi. Men şu mahalam ony OksfordHeýe bakyp duran kiçijik kabulhanadaky tanşymdan gowy tanamok. Ol hiç zat geplemeýär, ýüzi bolsa Sawonarolanyň6
ýok, has dogrusy, Torkwemadanyň7
ýüzi ýaly
sowuk, eger eger ýylgyrjak gümany ýok. Uzyn,
inçe, öňe çykyp duran jüýk burny, sallamsajak
bolup, bulaşyp duran gaşlarynyň aşagyndaky birbirine ýakyn ýerleşen, uçganaklap duran kiçijik çal gözleri,
elmydama pugta ýumulgy dodaklary, dynuwsyz akyl zähmetinden hemde
horhomsy durmuşdan ýaňa içine çöküp giden
duluklary, garasaý, tutuş durky synyň oturar ýaly
däl. Onuň hyýaly garamaýagyň akyly ýetmejek
belentliklerinde pelpelleýär. Kämahal menä onuň
kellesi düzüw dälmikä öýdýän. Mysal üçin, onuň
şu täsin enjamy... Gowusy, muny birýan ujundan
gürrüň bereýin, onsoň özüňiz nähili düşünseňiz
düşüniberiň.(dowamy bar)
Düşündiriş:
1Okeanografiýa—ummanlary we deňizleri öwrenyän ylym.
2Priwat dosent—ýokary okuw mekdeplerinde düzümden daşgary dosentlik derejesini alan alym mugallym.
3Radiogramma—radio üsti bilen iberilen tiz habar.
4 Ernst Gekkel (1834 — 1919) — nemes biology, Ç. Darwiniň işleriniň tarapdary hemde wagyz edijisi.
5 Plankton—deňiz-derýalarda ýaşaýan,suwakymynyň güýji bilen hereket edýän haýwan we
ösümlik dünýäsi.
6Sawonarola—XV asyrda ýaşan italýan ündewçisi.
7Torkwemada—XV asyrda ýaşan ispan ruhanysy.
Marakotyň çuňňuly (Roman)
-
ODINOKIY
3 years ago
- Dunya edebiyaty jurnalynda okapdym
-
Real.123.
3 years ago
- Hawa sonda bar talyplara yetirayin diydim
ODINOKIY 3 years ago- Dunya edebiyaty jurnalynda okapdym