Durmuş hakda seň düşinjäň başgadyr
Pikir edişiňden kyndyr bu durmuş
Bir ýüz bardyr öýtmegin her adamda
Seniň görüşiňden kändirle görnüş
Köp adamlar ýüzlerini üýtgeder
Hamala dükanda satylýan ýaly
,,Hany olar’’ diýip menden sorama
Durmuş olar ýaly adamdan doly
Şir bolsaňda ýeke bolsaň haýry ýok
Aç gezişip ýören gurtlar kän munda
Olar seň ýanyňa golaýlap bilmez
Şir doslaryň gezip ýörse ýanyňda
Şonuň üçin çyn dos tapyn birinji
Ýöne hemme dost diýene ynanma
Mydama kömek et gowy adama
Iki ýüzlilere asyl gynanma
Durmuşda
-
Arslanalayew
3 years ago
- 👍👍
Arslanova.L_05 3 years ago- +++like