Adam diýlen mahluk ýazmagy gaty ir döwürde öwrenipdir, ýada oýlap tapypdyr. Taryhçylar ony şumerleriň wagtyna ýoňkeýärler ýöne men häzir bu hakda gürlemek islämok.
Ýakynda ýönekeý bir adam hökmünde ýazmak hakynda aýdyp biljeklerim nämelerden ybarat diýip özüme soradym. Ýada aňyrdan itekläp duran ýazmak hyjuwy nämeden gözbaş alýarka diýip oýlandym. Soňra bolsa şu oý pikirlerimi käbir Homo sapiens sapiensler bilen paýlaşsam gaty bir jemgyýete zyýanly iş bolmaz diýdim öz-özüme.
Elbetde birinji belläp geçmeli zat gürrüň näme ýazmak hakynda. Men bu ýerde özümi tehniki zatlardan daşlaşdyrjak we esasy goşgy, edebiýat,saz, surat, heýkeltraşlyk ýaly sungat diýip suratlandyryp bolaýjak ýazuw formalary bilen çäklendirjek. Men bularyň hemmesine umuman ýazmak diýjek.
Meselem başlaýyn. Näme üçin ýazýar ýazyjy ruh? Ilki bilen bu ýerde duýgylar mese-mälim.
Käte tebigatyň ajaýyp suraty biziň öňümize çöl, tokaý, deňiz, derýa hökmünde gelýär we şol pursatda muny bir diliň iň owadan sözleri bilen suratlandyrmak kellä gelýär. Bu ýerde dilleriň tapawudy ýok türkmen, rus, urdu. Hemme diller şol dili gowy bilýän adamlar tarapyndan ajaýyp eserler döretmäge mümkinçilik berýär. Esasy zat gözegçi, biziň mysalymyzda bu şahyr, şol tebigatyň suratyna seredeninde dörän duýgularyny edil öz duýşy ýaly ýiti okyjylaryna ýetirjek bolýar. Şonuň üçin hem haýsydyr bir sözleri ulanman iň wajyp sözleri saýlamak isleýär. Gysgaça aýtsam bu suratlandyrma žanryna degişli bolup biler ýöne suratyň edil özüni çyzman eýsem şol pursatda dörän newro-psihologiki tolkunlaryň lezzetini okyjylara hem ýetirmek esasy itergi bolup durýar. Bu ýerde duýgy lezzetli bolman hem biler elbetde.
Meselem köçede oturan maýyp dilegçini gören adam oňa pul beresi gelýär diýeli. Ýöne öýde oturan öz çagasy bar ýada başga ykdysady kynçylyklar sebäpli şol kömegi oňa ýetirip bilenok. Wagty ýok, iş kän ýaly müňlerçe uly we kiçi sebäp tapmak kyn däl. Emma esasy zat bu ýerde şol adamyň daş töweregindäki jemgyýetçilik ýagdaýyna bolan reaksiýasy.
Ölüm-ýitim meselesi ýada söýgüliden aýrylyk ýaly gynançly wakalar hem goşgy ýazmaga itekleýär. Şeýlelikde duýgulary okyjylara ulaşdyrmak ýazyjy ruhy janlandyrýan bir sebäp diýen netijä geldim.
Munuň arkasynda bolsa adamyň aragatnaşyk etmek uçin durun tebigy mätaçlikleri bar. Adamyň adam diýlip tanalýan wagtyndan başlap belli bir toparlar hökmünde ýaşaýan jemgyýetler emele gelipdir. Gadymy pelsepeçilerden Aristotel "adam syýasy haýwan" diýip belläp geçipdir. Onuň diýjek bolan zady adamlar toparlar hökmünde yaşaýarlar we bu toparlaryň içinde syýasat bilen meşgullanýarlar. Syýasat bolsa toparda, edil şol döwri göz öňünde tutsak şäherde, ýaşamak sungatyna berlen atdyr. Polisde şäherde ýaşamak hem politicus sözüniň aslyny bize ýatladýar. Adam aragatnaşyga mätaç jandar. Hudaý bilen, beýleki adamlar bilen hatda haýwanlar bilen hem aragatnaşyga mätaç. Biz öz üstünlüklerimizi başga adamlara görkezmek isleýäris. Öz pikirlerimizi başga adamlara ýetirmek isleýäris. Täze çaga doglanda buşlaýşymyz dek, ýada täze aýdym döredenimizde habar berşimiz dek. Ine şu aragatnaşyk mätaçligi hem ýazyjy ruhda örän ýiti duýulýar. Bu ýiti mätaçlik hem her hili döredijilik formasynda bolup bilýär.
Ýazyjy ruhuň mätaçlik tarapy bar diýsem onda ýazyjylar gowşak ruhly adamlar diýdigim bolmaýar. Gaýtam tersine ýazyjy ruh jemgyýetiň iň möhüm proseslerini ýöredýän adamlarda bolýar. Ýazyjy ruh diňe bir bermek däl eýsem almak ugrundan hem gaty kämil ukyplara eýedir. Gündelik durmuşda bolup geçýän prosesleri ýiti gözler bilen seljerip olary täzeden işlemek uçin köp zähmet çekmeli. Ýazyjy ruh munuň hötdesinden gelmek üçin köp energiýa sarp edýär. Şonlukda ýazyjy ruh bu nukdaý nazardan gowşak dälde güýçli diýip hem häsiýetlendirilip bilner.
Men ýokarda gelen netijämi käbir mysallarda barlap görjek.
Ýazmagyň düýp-teýkarynyň aragatnaşykdadygyny belläp geçdim. Eger hemme adamlaryň çyndanam adamdyklaryny kabul etsek, höwes bilen men taýýar, onda şu aragatnaşyk mätaçligi hemmelerde bardyr. Emma her kimde üýtgeşik dozalarda bolsa gerek. Her nähili üytgeşik doza hem bolsa munuň netijesini kabul etmek gerek ýagny sungaty belli bir formalar içine gysmaly däl diýjek bolýan. Eger biz adamlar beýleki adamlaryň aragatnaşyk mätaçliklerinden dörän eserlerini öz sungat garaýşymyza görä bahalandyrsak onda jemgyýetiň esasyna ýüzleý garadygymyz bolar. Bular her dürli hatlar, aýdymlar, heýkeller, hekaýalar bolup biler.
Şonuň üçin men şuny teklip edýärin. Gowy ýazýarmy, erbet ýazýar? Sesi gowumy? ýaly soraglar soraman. Näme üçin ýazýar? Kim üçin ýazýar? diýen soraglar sorasak onda ýazylan eseriň many-matlabyna düşündügimiz bolarmyka diýyän.
Asyl diýjek bolýan zadym hemme adamlarda bar bolan aragatnaşyk ukyby häzirki dünýämizde örän çäklendirilen. Şonuň üçin dürli eserler döretmek isleýänler bu çäklendirilmelerden gorkýarlar. Daş-töwerekdäki adamlaryň pikirlerinden çekinýärler we hakykatda durmuşda diýjek bolýan zatlaryny diýip bilmeýärler. Edil özümden başlap hemme kişä ýazmak, döretmek ýaly iň tebigy ukyplaryňyzy ulanyň we has-da tebigy adam boluň diýip ýüzlenesim gelýär.
Ýene bir belläp geçesim gelýän zat bolsa aragatnaşyk diňe bir adam bilen çäklendirilmeli däl. Diýjek bolunýan pikiriň näçe köp kişä ýetirilse şonça täsirli boljakdygy düşnüklidir. Şonuň üçin bar bolan internet ýaly mümkinçiliklerden peýdalanyp öz pikirlerimizi dürli köpçüliklere ýetirmek has maksadalaýyk diýip pikir edýän.
Eýsem bugün ýazmak we ertir ýazmak meselesine nähili garamaly. Muňa meniň garaýşym şeýleräk. Ýokarda belläp geçişim ýaly ýazmakdan gorkmak gerek däl. Bu her bir adamyň edip bilýän we edip bilmeli tebigy herekedi. Şol gorky bolmasa onda edil häzir ýazmazlyk üçin sebäp ýok. Geçmişde ýazylanlar geçmişiň suratydyr we eger bugün bir eser ýazsak onda ertir şol eserde ertir özümiziň geçmişdäki suratymyzy taparys. Şeýdip düýnden bugüne nähili üýtgeşiklikler bolup geçendigini özümizde göreris. Onda esasy zat mydama ýazjak bolmak. Pikirler edil ýüze çykanynda ýazylmalydyrlar. Bolmasa olar ýatdan çykarlar.
Biziň düýnki pikirlenişimiz we başdan geçirenlerimiz şu gün başga biri üçin gymmatly bir serişde bolup biler. Ýönekeý mysalym şeýleräk. Hiçkim 15-18 ýaş aralygynda bolup geçenler hakynda ýazmasa dünýä nähili elhenç ýer bolardy. Özümize ertire taýynlanymyzda hem elbetde bizden öňki yaşap geçenleriň ýazanlaryny ulanýarys. Onda her bir tejribe, her bir duýgy, her bir pikir ýazylmaga we neşir edilmäge mynasypdyr, eger şol aragatnaşyk prinsipiniň köküne palta urmaýan bolsa.
Gepiň tümmek ýeri her bir adamda aragatnaşyk ruhy bardyr we muny ösdürmek mümkin. Hiç kime hiç zat tutuş berlen däl. Işlemek we diýjek bolýan zadymyzyň nyşana barýandygyny köp işläp bilip bileris. Şol sebäpli hem ýazmagyň adam tejribesiniň ýazylgy her dürli görnüşini höweslendirmek häzirki jemgyýetiň esasy meselelerinden biri bolup durýar.
Nowcha90 3 years ago- Gowy mowzuk bolypdyr