Yssy ýurtlarda
(özbek)
Ependi ýaş wagtlarynda bir kerwensaraýda Afrikadan gelen täjirleriň düşläp, öz ýurtlarynyň täsinlikleri barada gürrüň bärýendiklerini eşidipdir.
Ependi şol bada kerwensaraýa tarap eňýär-de, bilesigeliji mähelläniň arasyna goşulyp, uzak ýerden gelenleriň gürrüňini diňläp başlanmyş.
Täjirleriň biri:
— Hebeşistan diýen bir ýurt bar. Ol örän uzakda, hatda Bagdatdanam uzakda. Ol ýeriň howasy gaty yssy bolany sebäpli, adamlar ýalaňaç gezýärler… — diýipdir.
— Beýle bolsa erkek kişi bilen aýaly nähili seljerip bilýärlerkä? — diýip, Ependi sorag beripdir.
Biz ýaşyt
(uýgur)
— Sen ulumy ýa-da seniň doganyň? — diýip, Ependiden sorapdyrlar.
— Ejem öten ýyl «Ol senden bir ýaş uly» diýipdi. Ondan bäri laýyk bir ýyl geçdi. Indi ikimiz ýaşyt.
Öli adama şah bitişi
(pars)
Nasreddin oglanjyk döwürlerinde säher wagty öýlerinden çykypdyr welin, derwezeleriniň öňünde öldürilen adamynyň jesedi ýatanmyş. Ol ony göterip guýa taşlapdyr-da, barýan ugruna tarap gidiberipdir, Kakasy oglunyň agzynyň eýesi däldigini bilýänligi üçin, jeset baradaky habary eşiden badyna, bir geçini öldürip, jesediň ýerine taşlaýar. Jesedem äkidip jaýlaýar. Hossarlary öldürilen adamyny köp wagtdan bäri gözläp ýörensoňlar, bu habary eşiden batlaryna, Nasreddine sorag baryny berip başlapdyrlar.
— Merhumy nirede goýduň?
— Men ony guýymyza taşladym — diýip, Nasreddin jogap beripdir. Ol olary guýynyň ýanyna alyp gelip, jesedi çekip çykarmak üçin, özi guýynyň içine giripdir, Baryp barlap görýär: jesetde şah bar. Ol aşakdan gygyrypdyr:
— Siziň merhumyňyz şahlymydy?
Adamlar onuň «samsyk» gürrüňine gülüşip, dagaşyp gidipdirler,
Nasreddin öýlenjek ýigide maslahat berýär
(serb)
Bir daýhan ogluny öýermegi niýet edipdir,
Ogly kakasyna:
— Bolýar-la, men garşy däl. Biziň obamyzda bir gyz bar, bir dul zenan bar, birem ärinden aýrylan aýal bar. Maslahat ber, men olaryň haýsysyny saýlap almaly? —diýipdir.
— Bu babatda men saňa maslahat berip bilmerin, ýöne şäherde meniň bir dostum bardyr. Sen şonuň ýanyna git, belki, ol degerli maslahat berer — diýip, kakasy jogap beripdir.
Ýigit şähere gidip, kakasynyň dostunyň ýanyna gelipdir-de, oňa bolan zatlary birin-birin gürrüň beripdir.
Ol hem:
— Meniňem bu babatda saňa berip biljek maslahatym ýok. Ýöne şu şäherde Nasreddin diýen biri ýaşaýar, Sen agtaryp şony tap, ol saňa oňat maslahat berer — diýipdir.
Ýigit Nasreddini gözläp, köp ýerlere aýlanypdyr, ýöne ony nireden tapyp boljakdygyny hiç kim bilmändir. Ahyryn ol oýnap ýören bir topar oglana duşýar. Olar at çapyşyk oýnuny oýnaýar ekenler. Ýigit olaryň birinden Nasreddini nädip tapyp boljakdygyny sorapdyr,
— Men Nasreddin — diýip, ol jogap beripdir.
Maňlaý dirär ýaly başga ýer bolmansoň, ýigit näme üçin gelendigini oňa aýdyp beripdir.
Oglan oňa:
— Gyza öýlenseň, seniňki bolar, dul zenana öýlenseň, onuňky bolar — diýip jogap beripdir.
Ýigit ärinden aýrylan aýal barada soranda, oglan jogap bermegiň deregine, gamçy bilen onuň aýagyna berk çalyp, oýnuny dowam etmek üçin oglanlara tarap ylgap gidipdir.
Ýigit gussaly halda kakasynyň dostunyň ýanyna gelipdir:
— Kakam seniň ýanyňa şähere ýollanda, meni bir oglanjygyň üstüne iberersiň diýip ýollamandy. Men senden maslahat sorapdym ahyryn.
Soňra ol Nasreddiniň aýdan zatlarynyň hemmesini oňa gürrüň beripdir.
— Eýle diýen bolsa ol oňat maslahat beripdir — diýip, kakasynyň dosty söze başlapdyr. — Eger sen gyza öýlenseň maşgala başy sen bolarsyň. Dul zenana öýlenseň maşgala başy ol bolar. Seniň aýagyňa gamçy çalmagy bolsa ärinden aýrylan aýaldan edil albassydan gaçan ýaly gaçgynyň diýdigidir.
Arslanova.L_05 3 years ago- xix+++