( Zähmet düzgün -nyzamynyň -nyzamynyň bozulmagy üçin temmiler,olary ulanmaga ygtyýarly edaralar we ulanmagyň tertibi barada hem-de işgäriň şahsy emlägi barada düşündiriş).
Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kanunlar kodeksiniň 139-njy maddasyna laýyklykda,kärhananyň administrasiýasy zähmet düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin tabşyryp goýmak,käýinç bermek ,berk käýinç bermek,üç aýa çenli möhlet bilen pes hak tölenýän işe geçirmek ýa-da şol möhlet bilen pes wezipä geçirmek,işden çykarmak düzgün-nyzam temmilerini ulanýar.
Dowamy teswirlerde
Siziň hukuk maslahatçyňyz (3)
-
Waharman
3 years ago
- Düzgün-nyzam temmisi ulanylanda,edilen etmişiň agyr-ýeňilligi,onuň nähili ýagdaýda edilendigi,işgäriň şol wakadan öňki tertip-düzgüni,onuň işe garaýşy nazarda tutulmalydyr.
-
Waharman
3 years ago
- Şu kodeksiň 139/1 -nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda,düzgün-nyzam temmisi şol işgäri işe kabul etmek (saýlamak,tassyklamak we wezipä bellemek) hukugy özüne berlen edara tarapyndan ulanylýar.
-
Waharman
3 years ago
- Ýokarda agzalan kodeksiň 140-njy maddasyna laýyklykda,düzgün-nyzam temmisi ulanylmazyndan öň,işgärden ýazmaça düşündiriş talap edilip alynmalydyr.
-
Waharman
3 years ago
- Düzgün-nyzam temmisi etmiş ýüze çykarylan dessine,ýöne etmişiň ýüze çykarylan gününden beýläk bir aýdan gijä goýman ulanylýar.
-
Waharman
3 years ago
- Her bir etmiş üçin diňe ýekeje düzgün -nyzam temmisi ulanylyp bilner.
-
Waharman
3 years ago
- Düzgün-nyzam temmisini ulanmagyň delillerini görkezmek bilen,düzgün-nyzam temmisini ulanmak hakyndaky buýruk ( emr) ýa-da karar temmi berlen işgäre gol çekdirilip yglan edilýär ( habar berilýär).
-
Waharman
3 years ago
- Şeýle hem,kodeksiň 143-nji maddasynda administrasiýanyň düzgün-nyzam temmisini ulanmagyň ýerine zähmet düzgün-nyzamynyň bozulmagy hakyndaky meseläni zähmetkeşler toparynyň garamagyna bermäge haky bardygy görkezilýär.
-
Waharman
3 years ago
- Zähmet düzgün-nyzamynyň bozulmagynyň gaýtalanmagy barada bolsa,Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kanunlar kodeksiniň 33-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 3-nji bendine laýyklykda ,zähmet şertnamasynda ýa-da içerki zähmet düzgün-tertip kadalarynda öz üstüne ýüklenilen borçlary işgär esassyz sebäplere görä birsyhly ýerine ýetirmän gelýän mahalynda,ýöne eger şol işgär barada ozal düzgün-nyzam ýa-da jemgyýetçilik temmisi beriş çäreleri ulanylan bolsa,baglaşylan zähmet şertnamasy iş beriji tarapyndan ýatyrylyp bilinýär.
-
Waharman
3 years ago
- Işgäriň şahsy emlägi baradaky mesele boýunça bolsa,1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň "Eýeçilik hakyndaky"kanunynyň 9-njy maddasyna laýuklykda,sarp ediş,sosial,medeni hajatlar we başga hajatlar we başga hajatlar üçin niýetlenen her bir emläk,ýagny Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda emlägiň raýatlara degişli bolup bilmejek diýilip göz öňünde tutulan görnüşlerinden özgeleri raýatlaryň eýeçiligi bolup bilýändigi görkezilýär.
-
Waharman
3 years ago
- Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 9-njy maddasynda eýeçiligiň eldegrilmesizdigi bellenilýär.
Soňy.
-
Rakuten
3 years ago
- Ozin nirde isleyan?
Waharman 3 years ago- Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda ,düzgün-nyzam hakyndaky ustawlarda we düzgünnamalarda işgärleriň aýry-aýry kategoriýalary üçin başga düzgün-nyzam temmileri hem göz öňünde tutulyp bilner.