öz yaşayan şaherimiz-etrabymyz ya-da islendik şaher we etraplar hakynda bilyanlerimizi yazalyn, edbiyatlaşdyryanyzmy ya dine faktlary yazyanyzmy özüniz bilyaniz ps: gonşy saytda gabat geldim bu tema, şondan alan bir sany yazgynam şu yere goyjak
şaherler we etraplar
-
CeriumOxide
16 years ago
- Max!!!
Meşhur "gala tragediýasy"nam özüň ýazyp goşaýmaly ekeniň ;):)(oýun etýänlaý)
Nazar agam gowy ýazypdyr, menden oňa 5/5 (bäş,bäş), biri saňa!
-
Maxat
16 years ago
- yany interneti dörüp yörkam Nazar agan yasan saytyna gabat geldim,
Bayramaly.com
yöne taze açylypdyr öytyan, şuwagtlykça programma kodlary bar, web sahypa yany gögerip başlapdyr, entek doly ösüp yetişmandir)),
şu wagtlykça SELECT * FROM ... -lar bar , Nazar aga eştyan bolsan gayrat edersin-da, kömek gerek bolsa-da ayt... hayyşyny oçerda goyarys))
ps: sahypa gowja bolupdyr
-
Maxat
16 years ago
- bayramaly.com-y agzanson merw.net sahypasyny agzaman geçsen bolmaz, onun baş hünarmeni Myrat Sadyk yagny mc_merw, şuwagt sahypa tayyarlanmadyk, yöne yakynda tayarlanar öytyan, sahypada şu wagtlykça nadanbenda-nin yerine yetirmeginde ussat bir sungat eseri dur, yöne name üçindir ol eserde merwin dal-de paytagtyn ymaratlary suratlandyrylypdyr, belki-de yöne goylayandyr..
-
Achilles
16 years ago
- nazar molodchiklay, shunun yaly zat etmeli diyse onune gecjek adam yok bolaymasa...
ozbolushlyja gulkunc birzatalr etmage okde.
-
hakykat1
15 years ago
- esenguludan kim bar?
-
Adybeg
15 years ago
yany interneti dörüp yörkam Nazar agan yasan saytyna gabat geldim,
Bayramaly.com
yöne taze açylypdyr öytyan, şuwagtlykça programma kodlary bar, web sahypa yany gögerip başlapdyr, entek doly ösüp yetişmandir)),
şu wagtlykça SELECT * FROM ... -lar bar , Nazar aga eştyan bolsan gayrat edersin-da, kömek gerek bolsa-da ayt... hayyşyny oçerda goyarys))
ps: sahypa gowja bolupdyrMaxat | 2008-07-16 15:12:24
under construction diyyara
ussalar işlap yörler öytyan :P:P:P
Maxat 16 years ago- meniň obam -
Baýramaly
Nazar Mämmedow gürrüň berýär
Ägä boluň!
Bu ýerde aýdylan zatlaryň köpüsi hiçbir
ensiklopediýada ýada maglumat üýşmeginde ýokdur. Emma bu aýdylan zatlar
takyklyk nukdaý nazaryndan seretseň ol ýerdäkileriň hiçbiri bilen deňeşdirip
bolmaz. Bularyň hemmesi subýektiw garaýyşlar. Elimden geldigiçe Baýramalynyň
esasy aýratynlyklaryny belli etjek boldum. Bu ýerden proektiň awtory Agajana
telpegimi çykaryp salam berýärin we oňa işinde üstünlik arzuw edýärin.
Taryhy
Baýramaly Türkmen
aga özüni bileli bäri oba bolup görmedik şäher. Şonuň üçin hem ol Türkmenistanyň
iň taryha baý we gadymy şäherlerinden biri. Meň çagalygymda Merw 2500 diýip,
şäheriň 2500 ýyllygyny bellejek bolup ýördüler ýöne bu sany has az görüp soň ol
proekt goýbolsun edildi.
Baýramaly esasanda
ex-Maru-Şahu-Jahan we gadymy Merw hökmünde ýagny Seljuk Imperiýasynyň paýtagty
hökmünde tanalýar. Bu şäherde Seljuklaryň iň soňky Soltany Sanjar ýaşapdyr we
işe gatnapdyr. Onuň dünýä belli mawzoleýi şäheriň daşynda ýerleşýär we örän
restawrasiýa mätäç. Biz çagakak şäheriň parkyndaky karusel (çertowoýe kolso)
işleýärdi we her gezek iň beýik nokada çykanymyzda Soltan Sanjary görmäge höwes
ederdik. Bu gubura gitmek üçin taksiçilere „Soltan Sanjara gitjek“ diýmeli, olar
hem “Bolýar” diýseler münmeli, bolmasa öz işiň bilen bolubermeli.
Has tapawutlyrak
aýratynlygy dini temada; bu esasan hem garaşsyzlykdan soň meşhur boldy. Ol hem
şol Soltan Sanjaryň ýakynlarynda Bureýde we Aslami diýip iki sany mukaddes
öwlüýaniň guburlarydyr. Bular Muhammet Pygamberiň ýoldaşlary bolup, Yslam dinini
ýaýbaňlaşdyrmak maksady bilen bu territoriýalara gelipdirler. Halk bu mukaddes
adamlara örän ýokary hormat goýýar. Umuman olaryň ýatan ýerleri halk arasynda
“Bureýdalar” diýlip atlandyrylýar we köp merhumlar bu ýerde jaýlanýar.
Mundan başgada bu
ýerde halk arasynda Hoja Ýusup Baba diýilýän meşhur musulman alymynyň gubury bar
we onuň adyny göterýän metjit bar. Iň soňky gezek gidenimde ol ýerde bir kino
düşürülýärdi. Bu ýeri hem halkyň uly hormatyna eýedir.
Şu gürrüňini edýän
taryhy kompleksimiň içinde Gyzlar gala diýip uly gala we Oglanlar gala diýip
kiçiräk gala bar. Bular barada herhili gürrüňler edilýär edil öz eşdişime görä
gadym zamanlarda Oglanlar galadan Gyzlar galasyna ok ýetirip bilenler ol ýerden
gyz almaga mynasyp bolýarmyşyn. Bu elbetde rowaýatdyr.
Bulardan başga hem
Ahmet Sapançy diýilýän biriniň gubury bar. Herhili mollalaryň we öwlüýäleriň
mazary bar. Bularyň hemmesi örän könelen binalar we olar ýykylyp barýan şäher
galasynyň içinde ýerleşýärler. Baýramalydan çykyp Lebap tarapa ýola düşeniňde
ýada Zähmet tarapa çep tarapda bir uly tamdyr görünýär. Muňa biz Baýramalylylar
Hajymeligiň tamdyry diýýäris. Bu gurluş çyndanam äpet bir tamdyra meňzeýär we
ulularyň gürrüňine görä öňler onuň körüginden maşynly girip içinden gamyş ýygyp
gaýdýan ekenler. Has ulalanymdan soň taryhda munuň ilat tarapyndan buz saklamak
üçin ulanylandygyny bilip, erteki şäherde ýaşaýandygym hakyndaky guwanjym ýitip
ýok boldy.
Eýsem Baýramaly
ady nireden geldi? Men hem bilemok emma bu ýerde Baýramaly diýip bir han
ýaşapdyr. Onuň adyny göterýän Baýramalyhangala şäheriň bazarynyň ýanynda ýatyr.
Geçen iki asyrda
bolsa bu şäher ak patyşanyň dynç alýan ýeri hökmünde ulanylypdyr we Ýewropa
medeniýetinden uşak-düşek edinip galypdyr. Şäher merkezinde häli-häzirem köne
Hristiýän ybadathanasyň harabasy beýgelip dur. Köne binalar hem bir ors yzynyň
bardygyny mese-mälim görkezýär. Gürrüňlere görä Nikolaýyň gyzy ýaramansoň ol bu
şähere aýratyn üns beripdir we owadanlaşdyrypdyr. Şäherde ors ilaty ep-esli bar.
Iň soňky 70 ýylyň
gürrüňini hemmämiz bilýäris. Şäherimiziň esasy köçesi ozallar Çkalowdy,
Garaşsyzlykdan soň ol Watan köçesi boldy. Gagarin Andalyp boldy, beýle diýsem
Gagarin şahyr bolandyr öýdäýmäň, Gagariniň adyny göterýän köçesine indi
Andalybyň adyny götermek nobaty geldi diýjek bolýaryn, umuman şeýdip köp zadyň
ady üýtgedi.
Ilaty
Bu şäher örän
kozmopolit – köpmilletli. Bu ýerde edil özüm ors nemes, özbek, ýewreý, pars,
azerbeýdjan, uýgur, buluç, gazak we türkmen gördüm. Elbetde bularyň sany azlyk
emma türkmen tapaýmagam gaty aňsat däl. Bularyň hemmesi bir millet ýaly dost
ýaşaýarlar. Türkmenler. Hemmämiziň bilýän türkmenlerimiz. Her tohumdan bar. Toý
zat bolsa üýşüp begenýäris. Baýramaly Türkmenistanyň her künjeginden gyz alyp
berýär. Şäheriň her ýerinde ýaşaýarlar. Nämüçindir her milletiň öz etmeli işi
bar ýaly bolup dur. Meselem gurluşyk we montýor ýaly işlerde işleýän orslary
ýaman köp gördüm. Azerbeýdjanlar bolsa, bulara pürsiýan hem diýýärler öýdýän men
hiç tapawudyny bilip bilmedim, esasan mal bakyp etini satýarlar; birhili bulara
men biznesmen diýýärin. Krasnowostoçnyý diýlen köçede örän köplük bolup, diňe
şolar diýseňem boljak. Gowy ýaşaýarlar. Uýgurskaýa diýip bir köçe bardy. Bu
ýerde öňler gündogar Türkistandan gelen uýgurlar ýaşaýar. Bular hem türki
halklara degişli. Buluçlar umuman garaýagyzrak millet we parslaryň diline meňzeş
dilde gepleýärler. Köpüsi türkmençe bilýärler. Şäherde köplük bolup
ýaşamaýarlar, ýakynda ýerleşýän obalarda ýaşaýarlar. Rafsanjaniniň adyny
göterýän oba diňe buluçlardan emele gelen. Nämüçindir özlerine buluç diýilmegini
halamaýarlar. Sögmek diýip düşünýärler. “Özüň
buluç” diýseler hem gaty görüp ýörmeli däl.
Tatarlar bar, orslar ýalyrak ýaşaýarlar saryýagyz bolýarlar. Ors
doganlarymyzy bolsa hemmämiz bilýäris. Ýokarda agzalanlaryň hemmesi garyşyk
ýaşaýarlar.
Ilat esasanda
döwlet edaralarynda ýagny banklarda, mekdeplerde, zawodlarda (Masložir,
Masloprom ýaly) we sanatoriýada işläp pul gazanýar. Baýramalynyň bazarynyň soňky
ýyllarda möwç alyp ösýändigine şaýat boldum. Ilat sanyny hiç sanap görmedim emma
30739 we 57812 arasyndadyr diýip çak edýärin.
Nirede?
Günorta-gündogar
Türkmenistanda Marydan 35 kilometr ýalyrak aralykda ýerleşýär. Mary welaýatynda
Marydan soň ikinji uly şäher. Bu 4000 müň manatlyk benzine 15 Baýramala baryp
bolýar diýmek. Baýramalydan hiç ýerik barman Türkmengala, Ýolötene, Mara we
Lebaba gidip bolýar. Marydan Lebaba gitjek bolsaň Baýramalydan geçäýmeli.
Baýramalydan 11-de otla münseňiz ertir 9-da Aşgabadyň wokzalynda oýanarsyňyz,
elbetde ýolda irkilip bilerin öýtseňiz. Demir, howa we
gara ýol bilen Baýramala gelip bolýar.
Näme Bar?
Baýramalyda bir
böwrek sanatoriý bar. GDA-nyň (SNG) içinde meşhur bolupdyr. Örän baglyk ýer
bolup, Baýramalynyň merkezinde ýerleşýär we ýaşlaryň duşuşyk ýeri bolup hyzmat
edýär. Baýramala girip barýan wagtyňyz uly daşlar bilen Baýramaly kurort şäher
diýlen ýazgyny görersiňiz. Bu daşlaryň sebäpkäri şol owadan dynç alyş
merkezidir. Ol prezidentimiz Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýär.
Okuw jaýlaryndan
halk arasynda Tehnikum diýilýän Agrobiznes mekdebi bar. Oba hojalyk
uniwersitetiniň filialy we iki ýylda buhgalteriýa, weterinariýa ýaly ugurlarda
hünärmenleri taýýarlaýar. 13 sany dünýewi, 1 sany zehinliler mekdebi we bir sany
türkmen-türk mekdebi bar.
Dynç almak üçin
restoranlar, diskotekalar we barlar kän. Taryhy zat görmek isleýän we ýanynda
surata düşmek üçin owadan bina gözleýänler üçin kän owadan bina ýok. Kinoteatryň
daşyny gowy edip reňkläpdirler. Öýlenýänler baky oda gül goýup şol ýerde surata
düşýärler.
Uly bazar onuň
ýanynda mal bazar bar. Söwda gyzgalaňly gidýär, sebäbi şol töweregiň Nýu Ýorka
gitmek üçin ýola çykan halky Baýramala gabat gelip hemme işlerini şol ýerde
bitirip bilýär.
Sözsoňy hökmünde
Baýramalyny
gürrüňlere sygdyrmak mümkin däl. Bir adamyň gürrüňine sygdyrmaga bolsa synanşyp
oturmaly hem däl. Iň gowusy gelip görüň.