salam ildeşler, öni bilen aytmak isleyan, men sizin hemmanizi adamzat hökmünde söyyan, sylayan, gul bolmagynyza gaty gynanyan eger şeyle bolsanyz. sizin gowylygynyzy isleyan. sizem menin gowylygymy isleyandignizden şüphe edemok. içimden geldi bular. :) indi geleyli temamyza: menin pikrimçe adamlaryn derejeleri bolyar, yagny ynançlaryndaky derejeler. meselem: 1nji dereje: hiç ynanjy bolmayanlar, bular köplenç, hiç zat okamadyklar, gyzyklanmayanlar, ne din bilyar, ne huday bilen gyzyklanyar, garaz yslamda, jahil diyilyan, tm'de hem köp duşmak bolyar bulara. bular kellelerine göra yaşayalar. 2nji dereje: bular haçanda yankylar biraz din, huday bilen gyzyklanyp başlanda bolyar. we bular, gaty dinine, durmuşyna ünsli bolyalar. ynanjy güyçliler, yslamda hakyky musulmanlar, yüregi bilen ahyryete ynanyanlar bolyar. beterem güna iş edenlerine, toba zat edip, elmydama doga edip gezyaler, garaz içi-daşy imanyn ysy gelip dur bularda. gysgaça musulmanlar. 3nji dereje: yanky hakyky imanlylaryn ynanjy birden peselyar, ahli zat yalan bolup görünyar, özüni aldanylan, hatda samsyk yaly hem duyup başlayar, dine ynanmayalar, hudaya ynanmayalar, menin derejam diysen boljak. :) bular edil 1njiler yaly, kellelerine göra yaşayalar, yöne bu gezek has angly bolyar. ahli elindaki zat şu 70 yyllyk dünya bolany üçin, dünyanin kiçijek bölejiginem tygşytlyja ulanmagyn aladasynda bolyalar. 4nji dereje: bular 3nden sonra gelyar, 1,2,3 derejani hem başyndan geçiren adam, 4nja geçmegi ahmal, 4njiler, dini öz kellelerine göra ulanyalar, özleri ynanmayalar, emma beyleki ynanyanlaryn gözünde uly hormata eye bolyanlar. bularyn has akylly we çyndanam yokary dereje adamlar. özüni pygamber yglan edyanler, hudayyn olary saylandygyna özüni ynandyryan bolmaklary mumkin, belkide, bu düşünjani dine daşyndakylary ulanmak üçin edyaler. palçylar, jyn çagyryanlary hem şu hatara sokup bolar, belki 5njem bardyr, yagny özüni huday sayyanlar, yöne olar hazir-a yok bolsa gerek, taryhda bolupdyr, faraonlar. özüni huday sayyp, halky ulanypdyrlar. nahili göryaniz bulary?? pikirleriniz nahili?? 1den 2nja geçdinizmi?? yada 2den 3nja geçiş döwri başladymy?? men hazir 3de, yakynda 4e girmegim mumkin. :)
Adamyn derejeleri
-
Ga1taman
16 years ago
- lionlion,
diymek biraz dogrylyk payy bar eken-da? :)
türkmen-türki gutarmayanlar dine 1njide galyalarmyka?? yada göni 1den 3e geçyalermi olar??
nahili pikir edyan?
-
CeriumOxide
16 years ago
- temäň bilen işim ýok, kelläme bir sorag geldi, diňe şony sorajak
galtaman diýip bir agza bardy, sen oňa galpçy diýipdiň, meň adymy ulanýaň diýipdiň.
menä seň adyňy gabyrtaman diýip bilýädim, ikisi bir birine meňzänoga!!!
-
agza
16 years ago
yanky hakyky imanlylaryn ynanjy birden peselyar, ahli zat yalan bolup görünyar, özüni aldanylan, hatda samsyk
yalyhem duyup başlayar, dine ynanmayalar, hudaya ynanmayalar, menin derejam diysen boljak.
menin derejam diysen boljak.
bä intägem umyt barda onda?!
diňe közi galypdyr oydyan....?
Adamlar 2 bolunyar
1)özi bilen egri oturyp dogry geplesip bilyan
2)ozinden we kabir soraglardan gacyp yorenler...
galtaman her adamda diyen yali oz fetret dowri bolyar hemmezada küs....
bu bir ucarin howa boslugyna(cukkuryna) gacmasi yallak esasy zat kop eglenman ondan cykmagyn aladasini etmek
Men hem basymdan gecdi "yagsylyk edip bilmesen in bolmanda yamanlik etme" ozumi didim oz yalnyslyklarymy hickimin yanynda reklama etmedim we mydama yalnys yoldadygymy boyun alyardym ozumi aklajak bolmayardim
atdan yikilmadyk atcapar yokdyr esasy zat yerinden turyp ustini kakyp yoluny dowam etmek
......
-
Ga1taman
16 years ago
- ceriumoxide; gabyrtaman diyip düşünsinler diyip dal-de, galtaman diyip düşünmekleri üçindi.
"1" yazmagym, sözlükdaki manysyndan ayratyn bolmagy,
we "1" "byr" dal-de "bir" diylip yazylyar.. :D
-
lionlion
16 years ago
- men pikirimce 1njide galmak gowyrak, kan bir dinin icine girmeli dal, girsen kop zada kellan agyrmaly bolar, onem bir gazakdan (gazagystanly) sorapdyrlar, sen musulmanmyn diyip, olam hawa diyip jogap berya, soran adam yene gyzyklanyp bashlaya ,name zatlar bilyan islam hakynda diyip.Gazak pikirlenya pikirlenya ,bira bolmaly (Muhammet pygamberin ady yadyna dushen daldir) , ozunem kitaby barmy namemi diyyya.
Garaz diyjek bolyanym onyn yalam bolmaly dal, din bilen yatyp turmalam dal, dinem bir politika yaly, gowy zatlary undeya yone omrune dine bermek dogry dalmykan diyyan.
-
CeriumOxide
16 years ago
ceriumoxide; gabyrtaman diyip düşünsinler diyip dal-de, galtaman diyip düşünmekleri üçindi.
"1" yazmagym, sözlükdaki manysyndan ayratyn bolmagy,
we "1" "byr" dal-de "bir" diylip yazylyar.. Ga1taman | 2008-07-15 11:20:35
onda meň düşünjam bilen seň düşünjäň deň däl ekeni! saglygyn
-
Ga1taman
16 years ago
- lionlion,
dogry aytyan, yürekden goşulyan, ing arassa kelleagyrysyz durmuş seng aydyşyn yaly bolmaly. :)
sowyet döwründaki adamlaryn, şol döwri küyseyşinin sebabem şol bolup pikrimçe. :)
din köplenç, adamlary özleri yaly pikir etmeyanleri, yigrenmegi ündeyar, meselem kapyrlary eline bersen öldürmekden çekinjek dal,
yöne olaram adam ahyryn?
barlygy doly subut edilmedik zada ynanaslary gelenok, munyn namesi yalnyş??
şona ynanmady diyip, daşlaşdyrmaly diylen zat bamy??
döwledin konstitusiyasyna namanin yalnyş, namanin rugsat berilyandigi yazygly, ondan başga düzgün gerek dalmika diyyan, kabir adamlara gerek bolmaklary mumkin, yöne ol dini düzgüne her adamdan boyun bolmaga garaşmaly dal.
beylekilere in erbet tarapam, adamy öldürmekden çekinmeyşleri,
sebabi olar ölseler, jennede gitjeklerine ynanyalar, şol ynanç adamy, herhili zat etmage yol görkezip bilyar, bu düşünje gowy zat, önüni almak gerek pikrimçe :)
aydyşym yaly elbetde, modern döwledin konstitusiyasyndan çykmaly dal.
-
Ga1taman
16 years ago
-
bu düşünje gowy zat, önüni almak gerek pikrimçe
agzalardan ötünç sorayan, öz yazgymy özüm düzetmeliş bolyanym üçin.
şu yokarda "gowy zat dal" diymekçidim.
-
lionlion
16 years ago
- ynha hindistanda , halkyn 80% garyp, sholary bir zat edip gozgalansyz,asuda saklamak ucin , sheyle bir ynanc doredipdirler, namemish 12 gezek gelyamish adam bu dunya, 11 sapar garyp bir saparam bay bolyp yashayamysh, her kimem shon ucin garyp bolmak manlaylaryna yazylandyr diyip pikir edip kan bir kellelerini agyrdanak. din gerek bolandyr dowrunde, islamiyet yayran vagty araplaryn nahili yashandygyny hemmamiz bilyas,belki dini bahanalap erkek gobeklilerin sanyny azaldandyrlar, sebabi nace yyllap gyz cagalaryny diriligine yere gomup gelipdirler. hic bir din yamanlyk owredenak, yone her dininem kemcilikleri bardyr.meselem hristanlar name ucindir 13 sanyny hic ulananak, samaletlar 13nji hatar yok, otelde 13nji etaj yok, samsyklyk gerek, yone turk howa yollarynyn 13 ulanmazlygyna welin name diyjegimi bilemak, ozlara musulmanlyk diyip bokushyaler ,sonky halyf bizde diyshen bolyp.
-
shahyr
16 years ago
- ga1taman 4-a bilemok-da şol 3 yaman erbet dereje-da şol :). Erkekçe şol 3nji derejede hiç kimin maslahatyny pinlemeyan :) dine özünki dogry bolyandyr.
-
ata
16 years ago
- men-ä şol 4-iň içinde özümi tapyp bilmedim :)
men hyýaly 5-nji hem däl, özümi taňry hasaplardan ýene Biribar gorasyn we uzak tutsyn! Iman bn gabra girmegimi dilesin! Bar gorkym şol, umuman!
Galyberse-de, men-ä özümi diniň buýruklaryny göwünli-göwünsizem bolsa, ýerine ýetirýän we baky älemde Biribaryň şol sebäpli, maňa-da bagt berjegini umyt edýänleriň arasynda bolmak isleýärin, bulam başga bir kategoriýa hasaplasa bolar :)
Ga1taman, seň düşen ýagdaýyňa düşmek islemen, doganyň, ejeň-kakaň we dost-ýarlaňy gynanç gurşap alandyr bu ýagdaýyňy bilen bolsalar diýip pikir edýän! Olam bir hasap welin, esasy hasap beýlede-dä, oňa-da ynanmaýan bolsaň, onda diýjek zat köpem bolsa, diýmäge hajat ýok!
Garaz, şeýle ynsanlarda hötjetlik, boýnyýogynlyk we ş.m. häsiýetler bolup bilýär. Biribara ynanaňok welin, Onuň ýaradan şeýtany (ynanaýan bolsaň) boş duranok, sen we men ýalylary kapyr etmek, günä işletmek üçin bir salym durman, öz wezipesini işdämenlik bn ýerine ýetirýär, diýmek, hasylyny hem köpi bn alýan bolmaly!
Garaz, şeýtanyň şerinden Allaha sygynýan!
Şu ýere Fatiha, Felak we Näs süreleriniň türkmençe manysy goýmaly diýip pikir edýän, goý, okap öwrensinler we şony diýip, gutulyş dilesinler!
-
milliyetçi
16 years ago
salam ildeşler,
öni bilen aytmak isleyan, men sizin hemmanizi adamzat hökmünde söyyan, sylayan, gul bolmagynyza gaty gynanyan
Ga1taman 2008-07-15 10:03:04
gapylsanaý! ýene-de ateistligi propaganda edip başladyňmy?! git-de arabaňy daşrakda tigirle! ok! adamlaryň aňyny bulaşdyrjak bolma! öň "adam777" bardy, indi sen peýda bolduňmy?
-
ata
16 years ago
- hmm, ga1taman dost sahypada hristiýan ildeşimiz we diplomat atly agza tm-däki hristiýan bolanlaryň sanyny sorapdyr, 10 müň gowrak jogaby geldi. Diýmek, oňat wagyz edýäler.
"Ildeşler" sözüni hristiýan bolan türkmenleriň aglabasy ulanýana çalym edýär, diýmek, ga1taman kapyr däl-de hristiýan bolan bolaýmasyn-how :)
Aý, kapyr bolandan hristiýan bolany hem gowy how, iň azyndan Biribara(Allah bar we bir diýlene) ynanyp, baky hözire gowuşar.
Bärde söwüşib-ä oňat netijä baryp bolmaz pikirimçe. Iň gowusy - şübhelerine iň oňat ýagdaýda jogap berip, ony häzirki halyndan halas etmekmikä diýýän, bulam hoşamaý sözler we ýeterlik gowy maslahatlar bn bolarmyka diýýän! Bulam bolmasa, onda türkler aýtmyşlaýyn: "1000 nesihatdan ýekeje musybat(bela) has täsirlidir!" diýleni bolaýmasa, olam bu dünýede bolmasa, onda beýlede has erbedi bolar, şu ýagdaýda men-ä ga1taman gynanýan!
-
ata
16 years ago
- neme-laý, ga1taman(myrat weli), biz Allahyň guly, haýsydyr bir bendäniň däl, ýa-da nebsiniň guly däl! Şoň üçinem, gynanç bildirmegiň ýerliksiz hem-de gülkünç!
Sen hiç zadyň/kimiň (pul, nebis, şeýtan we ş.m.) guly dälmi?!
Bu babatda özüňe ynamyň barmy?!
Bu ýagdaýa seni iteklän zatlar/sebäpler näme?!
Bu ýagdaýa haçan düşüp ýörsüň?!
Doganyň ýagdaýyna seredýän, birem seň welin, men-ä haýran galýan aradaky uly tapawuda, muňa nähili garaýaň!?
Wyždanyň näme diýýär häzirki halyňa?!
"ildeşler" sözüni soňky wagtlar köp ulanýaň, sebäbi nämekä, nireden öwrenip ýörsüň?!
başga-da gyzyklanýan soraglarym bolup biler, jogaplarsyň-a?!
-
milliyetçi
16 years ago
diplomat atly agza tm-däki hristiýan bolanlaryň sanyny sorapdyr
ata | 2008-07-15 20:24:40
ata aga, bagyşlaň welin, "diplomatam" hristianmaý?? ynanyp bilemok, o meň dostum-da. wah, wah!!! gaty gynanýan! ýalandyr diýip, umyt edýän.
-
ata
16 years ago
- bärdäki diplomat däl-how, tmolympiad-daky diplomat(Sylap), ony ga1taman gowy bilýändir.
Seň dostuň häzir bärde diplomat we öňki galtaman bolýar dälmi?! Hakyky adyny welin bilemok, şeýle bir wajyp hem däl, aslynda!
-
milliyetçi
16 years ago
bärdäki diplomat däl-how, tmolympiad-daky diplomat(Sylap), ony ga1taman gowy bilýändir.
ata | 2008-07-15 20:38:22
aý men näbileýin ata aga! men "tmolympiad'y" bilýänmi? maxatyň aýdyşy ýaly otaýyk diňe "alymlar' girýärmişin-ä. o taýda meň ýalylara orun ýokdurlaý.
Seň dostuň häzir bärde diplomat we öňki galtaman bolýar dälmi?! Hakyky adyny welin bilemok, şeýle bir wajyp hem däl, aslynda!
howwalaý! edil özi. "öňki galtaman" (häzirki diplomat) bilen men, ata aga, öz ýazan, galtamanyň-a halan, siziňem halamadyk, degişmelem sebäpli dost bolduk. gowja oglan-a ol. eger men ony gowy tanaýan bolsam, ol hiç haçanam dininden dänmez. oň köp pikirleri meňki bilen deň gelýär.
siziňem halamadyk degişmelem sebäpli
P.S. şolar ýaly degişmeler-ä häzirem ýazasym gelip duraý. aý, ýene-de, käýinç iýermikäm diýip, saklanaýýan.
-
Harmandali
16 years ago
- Bu 4-ligin ichinden mena ozumi tapmadym.
Men dogrymy aytsam asyl dinleri halamok (ozumi musulman hasap etsemem) belki olardan bashym chykmayanlygy uchindir, belki kop zat bilmeyanligim uchindir... Kawagt “musulman, hristyan, yewrey, budda..” diyip at dakyanyz weli men uchin shu zatlar biderek yaly gorunya. Buddalary dagy in bir pes adam edip goyyalar. Dogurdanam birhilidir bir heykele chokunsalar yone olar olaryn onden gelyan ynanjy ahyry olar shonun bilen yashap gelyaler nadip birden ondan yuz dondursinler?! Hemem ilki bilen ynam, eger bir zada ynanylsa onda chyndanam adam jany-teni bilen shona ynanyan belki shonun uchin shol zat bolyandyr. Shu dinlerin hemmesinde-de tankyt eder yaly ynanmaz yaly zatlary yeterlik bar. Hemem yalnyshyan bolsamam men uchina din Hudayyn ugradan zady dal-de adamlaryn yonekey bir ozaralarynda doreden zady yaly bolup gorunya. Galtamanyn kabir aydyan zatlaryna menem goshulyan.
Arap ili onler dagynyk yashapdyrlar, olaryn bir tiresi beyleki tirani gyrypdyr, dine gan dokushuk ar almak... Yekedinlilik bolsa olary birleshdirya shol tarapdan gowy. Yone indi shol dinler butun dunyade nache gan chaykaya.
Huday bar diyip hokman ol dinlere ynanyp kabir zatlary berjay etmek dal men uchina esasy zat adamlaryn oz ichinde Huday yashamaly. Bu dine men pikirim.
-
Harmandali
16 years ago
gapylsanaý! ýene-de ateistligi propaganda edip başladyňmy?!
Ey sen ozun garany saylasana shu saytdan. Halys adamlary arkayynchylygyna pikir alyshmaga goyanok. Okap gelip otyrsyn birdenem sen yazgyn gelya weli bar pikirlerini bozup ganyn depane uryaray.
-
Ga1taman
16 years ago
- men hasaplamalaryma göra :D
harmandali, sen 1nji derejanin biraz üstünde, biraz 2a yakynrak öydyan..
1den göni, 3e geçmegin mümkin :)
ata aga, sen-a göni hakyky 2nji dereje. :)
-
agza
16 years ago
Harmandali
Halys adamlary arkayynchylygyna pikir alyshmaga goyanok
dogry aytyan pikir alysmaly bakteriyadir mikrop dal....
galtaman amerikany tazeden acmaga gerek yok
1)musulman
2)kapyr
3)munapyk(2yuzli)
adam ney yalakdyr neyin dubinden gopany ucin inleysi yaly adam hem eyesinden gowusyanca inlar durar
galtaman yuregin jummusine gulak salsan yurek ......diyip inleyandir
adamda dine akyl yok Yurek hem bar?!
ayagyny ulanman elin bilen suşup belli bir yere bararsyn yone dag yollaryny ayaksyz gecip bilmersin....
eger sen hakykatyn tarapdary bolsan onda bar bilyan zadyny bosadyp(obyektiw bolup)ozun azda kande sarpa goyyan adamyn yana barda sunyn sunyn yaly subheler/soraglar doredi ...
mana bilyaninden dusundirsene
dine 1 tarapy dinleme 2 tarapy dinle
Ozunkini gogertjek bolma hakykaty tapjak bol
dine sen dal(sen hem hickimden uytgesik dal)hemme adamlan basyna gelyar muny yaly waswasalar esasy zat obyektiv gozlegde bolmak...
(ozumi musulman hasap etsemem)
hdali
uyam yaman gynanc ya-da minnet b/l gepleyan-lay
harmandali=na gawun na mawun?
-
lionlion
16 years ago
- men bir soragym bar din bilen yakyndan gyzyklanyan agzalara, meselem bir musulman adam jennete dushya,(gunasi kopurak bolsa jezasyny cekenson) galan dine ynanyanlar bolsa jennete duship bilmeya, islamiyeti kabul etmeyanca.Meselem sen Braziliada doglan bolsan, Islamiyeti saylap alma yaly bir shanshyn nace munden bir bolardy. Huday bar ona soz yok, yone Huday sheyle bir manysyz zat eder oyutyanizmi, onda biz Hudayyn gowy goryan adamlary bolyasda, belki bu dunyade islmaiyetin bar yerine gelmek ucin anyrda-da bir zatlar berip ya-da birlerini gormelimykan. Cynym bilen sorayan.
-
cendrillon
16 years ago
- menema ozumi tapmadym bulan ichinden,yada her haysyndan birazajyk bar;
lionlion-yn shu sozleri:
"kan bir dinin icine girmeli dal, girsen kop zada kellan agyrmaly bolar"
menin prinsiplerime dogry gelya;
-
CeriumOxide
16 years ago
- ga1taman!
dost seniň şu günlerde yhlas bilen ýazýan zatlaryň bilen baglanyşykly bolan waka aýdyp berjek!
Baýramaly Türkmen-Türk Mekdebini 2000-nji ýylda gutaran bir oglan hakynda!
Ol oglan meniň we maxat atly agzanyň klasdaşy. Belki ata aga, mc_merw we muhacir ol oglany tanaýandyrlar.
Ol oglan 1995-nji ýylda baýramaly türkmen türk mekdebine welaýat boýunça birinji ýer alyp girdi. gaty akylly we çaksyz köp kitap okaýan oglandy. boş wagty ýokdy, ýa kitap okaýardy, ýada sapak! mekdepde iň gowy küşt oýnaýan oglandy, muny aýtmagymyň sebäbi ol diýseň zehinlidi. Matematika olimpiýadalarynda mekdebimize üstünlikler getirýärdi.
seniň ýazan 1. we 2. prossesleriňi geçirdimi geçirenokmy ony biljek däl, dine garaýşy tipiçniý türkmenler ýalydy.
Ol okuwy gutaranda turkiýanyň iň gowy uniwersitetleriniň birinde, nebit-gaz bölümüne geçipdi. Ol bu ýere gelenden soň oňa bir zatlar boldy we hudaýyň barlygyny inkär etmäne başlady(allam gorasyn), seniň stiliňdäki düşünjelerini orta atýardy, gaty zehinli bolany üçin jogaplandyrmasy kyn soraglar tapýardy. we belli bir wagtdan soň onuň turkiýadaky günleri bulaşyp başlady, gül ýaly okuwyny taşlady, we türkmenistana gaýtmaly boldy. men ony 4 ýyllap görmedim. we geçen tomus öýe gidemde, ony gördüm, ol toba gelipdir, "şol erbet günleri ýatlasym gelenok" diýýär.
-
agza
16 years ago
- lionlion we s'.m ucin
"kan bir dinin icine girmeli dal, girsen kop zada kellan agyrmaly bolar"
menin prinsiplerime dogry gelya;
duyegushyn gorkan wagty kellesini guma gomsi yaly goremmok gorkammok halas boldym habary yok gaytam yitija tayyar ansat aw bolsundan
gozuni yummak bilen dine ozine gije doretyan
gozuni ac yagtylygy gor.....
-
ata
16 years ago
- agza we nadanbende, serdar, maksat, şahyr, nehir we başga-da käbir agzalaryň şeýle mowzuklardaky ýazgylaryny okap, içim giňäp gidýär, berekellah! Allah sizden razy bolsun!
Men hem, umuman, olary we ýazgylaryny goldaýaryn bu babatda!
-
CeriumOxide
16 years ago
men bir soragym bar din bilen yakyndan gyzyklanyan agzalara, meselem bir musulman adam jennete dushya,(gunasi kopurak bolsa jezasyny cekenson) galan dine ynanyanlar bolsa jennete duship bilmeya, islamiyeti kabul etmeyanca.Meselem sen Braziliada doglan bolsan, Islamiyeti saylap alma yaly bir shanshyn nace munden bir bolardy.
edil şul sorag meňem kellämde köpden bäri bar! bizä hudaýa şükür, musulman maşgalaň çagasy bolup dogulypdyrys, men şonuň üçin özümi bagtly saýýan.
başga dine ynanýan maşgalada dogulan bolsam näme bolardy?! şul sorag meň kellämi agyrtýa!
-
ata
16 years ago
- Harmandäli, ýokardaky ýazgylaryň bn ýene ýalňyşýarsyň pikirimçe!
Kä zatlary okaýan we terjime edýän bolmaly sen. Bu babatda meniň bir zat diýmäge ýüzüm ýok, ýaman utanýan, bagyşla, jigim!
Ýöne şol okaýan ýerleriňi örän oňat okap, düşünjek bol! Ýalňyş düşünip biläýjek ýerleriňi has oňat bilene sora!
Garaz, sen örän salyhatly we paýhasly ýazýarsyň ýazgylaryň hemmesini diýen ýaly!
Ýöne dini kä ýazgylaryňda kä säwlikleriňi görüp, çynymy aýtsam, men-ä şeýle gynanýan!
Belki, dini kä hökümlere ýalňyş düşünensiňdir ýa düşündirendirler?!
Ş|eýle bolsa soramaly, ahyryn bilýän birine! Joralaryň bar bärde tanyşan.
Ehh, men-ä gynanýanow şeýle oňat jigilerimiň kä säwliklerine.
Mümkin, bu saňa säwlik bolup görünýän däldir, ýöne seň ýaly gowy ynsanlaryň baky dünýälerine nogsanlyk getirip biljek kä ýazgydyr kararlaryny görsem, şeýle gynanýan-da!
Gaty görme, jigim! Seni öz jigilerim ýaly göremsoň, ýazgylaryňa jogap berme we öz pikirlerimi bu babatda beýan etme mätäçligini duýýan. Ýakyn gňrmesem ýazybam oturman!
Ýalňyşan bolsam ötünç soraýan başdan!Düşünmedik ýerleriňi bolsa, şu ýerde ýa täze mowzuk açyp, sorap bilersiň! Bildigimden düşündirjek bolaýyn!
-
ata
16 years ago
- Ga1taman, meni ulaldypsyň-laý, utanyp gitdim :)
minnetdar, jigim!
şeýle bolmak, hem maňa, hem saňa hem-de beýleki agzalara Biribar tarapyndan yhsan edilsin! Aýdanlaryň dileg hökmünde kabul edilsin!
-
Harmandali
16 years ago
harmandali, sen 1nji derejanin biraz üstünde, biraz 2a yakynrak öydyan..
Mena ozumi 1-de diyip hasap edemok.
uyam yaman gynanc ya-da minnet b/l gepleyan-lay
Mun namesine gynanayyn ya-da minnet edeyin?! Hich dushunmedim.
Kä zatlary okaýan we terjime edýän bolmaly sen. Bu babatda meniň bir zat diýmäge ýüzüm ýok, ýaman utanýan, bagyşla, jigim!
Ata aga nadyanizay muny?! Menem dushunjek bolup nache jan edyan kawagtlar “dogurdanam shuncha adam ynanya ara-bole men yuregime hich zat girenok hich kellame syganok hakykat menem kellame girsin name natije etsemem dine hakykadyn yolundan yorayin” diyip dilegem edyan. Yone menki hich bolanok. Bashgacharak zatlar okasam eyyam men kellamde ol okan zatlarymdan bashga netije chykya.
Men uchin gynanyp oturmak gerek dal agam!
Lionlionyn beren soragy yaly. Ozuniz diyyaniz “Allanyn razylygy bolmasa chop bashy gymyldamaz” diyyip! Onda shol yewropada yashap dine musulmanchylyga akyl yetirmeyan adamlar hem Allan islegi bilen sheyle bolandyrlarmy?! Onda eger olar dowzahda yansalar olaryn name gunasi bar?! Olar din hakda bilmeseler dushunmeseler?!
-
cendrillon
16 years ago
duyegushyn gorkan wagty kellesini guma gomsi yaly goremmok gorkammok halas boldym habary yok gaytam yitija tayyar ansat aw bolsundan
gozuni yummak bilen dine ozine gije doretyan
gozuni ac yagtylygy gor.....
bu menin yagtylyk gorup duran vagtym,dinde kellame sygmayan zatlar bar,gozumi has ulurak achyp seretsem yagtylykda bashga zatlar gorjegimi bilyan;
ozumi musulman saymak,hudayin barlygyna ynanmak yetya mana,ich-dashymdan imanyn ysyny getirmek hokman dal :)
-
lionlion
16 years ago
- agza , sen mana meni tanaman gorkaklyk bilen ayyplayan, yone gelshikli dal edenin.
Men 10 yashymda Kurhany Kerimi ( arap elipbiyde) okan oglan. Son manysyny owrenmane bashladyk.Son beyleki dinlerin name diyyanini gyzyklanyp bashladym bilyanmi name gordum, hemmesi bir menzesh ,hic hili tapawut yok, ybadat shekli bashgarak diymesen.Hic haysynyn duybunde erbetlik yok, yone men dushunshime gora dinler adamlary kontrol etmek ucin guycli filosoflaryn oylap tapan zady. Her dininem oz yetmezcilikleri bar.Jedelleship otyrsan otyrybermeli.Sen bilyan bolsan, men yokarda soran soragyma jogap bersene men shona cozum tapyp bilmansen sowadym islam dininden.
-
agza
16 years ago
- lionlion we s'.m ucin
http://www.asringetirdigitereddutler.com/http://www.asringetirdigitereddutler.com/
jyklap alyn
agza , sen mana meni tanaman gorkaklyk bilen ayyplayan, yone gelshikli dal edenin.
Men 10 yashymda Kurhany Kerimi ( arap elipbiyde) okan oglan. Son manysyny owrenmane bashladyk.
omurboyu ahun/alym bolup imansyz gidenler barada rowayatlar bar
az bil uz bil amal et
turkmende bir soz bar "biler bilneze ozuni oynatmak" goryan welin kabirleri "soz azatlyk erkin pikir demokratiya" diyip baskalaryn tasirinde galan turkmen bu dersleri baskalaryn raspisaniyasinda yokka 5 lige tabsyryp gecdi
yokardaky soraga jogap:
1)her millete pygamber gelendir
2)bilmedige hasap yok
3)...... adalatlydyr
4)su dowurde 3 adam yslamy kabul edenok
a)hotjet
b)telbe
c)hichili gyzygy yok
(menin pikirim)
yslam dinini kim ynamdar arassa cesmeden iymitlenip ogrense owaly...... kabul etmezligi mumkun dal
yslam dini menin aklymam yuregimem doly kanagatlandyryar
size menden uytgesik dal
men hem sizen beter dykkat adam bolmasa
sizin problemanyz size dusindiryan yok
ony hem gozlan tapar
-
lionlion
16 years ago
- sen hic hili tasirde galman islam dini kabul edensin? dine wagyz bilen gecensin islamiyete sheyle dalmi, atalarymyzy gylyc bilen islamiyeti kabul etdirmedilermi name?
hakyky tasirde galanlar sana menzeshler, dunya belli bir derejeden seretyaniz.Yone men din gerek dal diyemak,gerek din, onsyz adamlary nadip saklajak, kop adamlar gorkmasa bir zatdan,ya-da cekinmese, edenini eder yorar.
Men onem yazypdym (Agza sana yuzlenyan) aglayan erkekleri halamak, sen bolsa mana onyn ssylkasyny goyypsyn.gowy prikol diye kabul edeyin.
Sen men soragyma jogap bermedin agza. Musulman dininden bashga adamlar jennete duship bilyami ,ynha men shu soraga jogap tapyp bilmedim.sen ozun diyyan hemme soraglaryma jogap tapdym diyip. Eger tapan bolsan mana-da komek etsen gayrat edip. Ya-da sen beryan soraglaryn caklimi?
-
agza
16 years ago
- lionlion
yolbars men bir birine nä hak şyltyk atylmasyna sebap bolmayin
sen soragyn jogaby sol saytda bar
kim bolanda name geregini alda gayt
......
-
Maxat
16 years ago
- meselem durmuşda adamlar nahili başarnykly bolyalar?, 2 hili başarnykly bolup bilyaler, ya olaryn özleri doga-bitdi zehinli bolmaly, yagny berlen bolmaly ya-da şol meselede köp işlan, köp zahmet çeken bolmaly, şu 2 yagdayda 2sam başarnykly bolup bilyar, eger berlen bolmasa başarnykly bolmak üçin hökman köp der dökaymeli, bu hemma malim
ynanç meselesam şonun yaly, meselem sonky demiňde, adam öljek bolanda şeytan ona musallat bolya diyip bilyas, imanyny satmasy, ondan yüz dödürmesi üçin suw berjek diymegi, adamyn ölmezinden ön suwsap derlemegi, şol wagt adam ansat boyun bolup bilya, ona kiçirak logikalar dogry görünmegi gaty ansat, şeyle yagdayda menin pikirimçe yokardaky aydyşym yaly 2hilli adam başarnykly bolup biler, 1i ybadatlaryny wagtynda yerine yetirip, ona üns beren adam(yagny köp zahmet çeken), 2jisam ynanjyna akly bilen gözyetiren adam, we menin pikirimçe 2ji adamam Kuran-da "Alla-dan in kan alymlar gorkar" diyip aydylşy yaly bilimli, kamil adamlar öytyan
diyjek bolyanym zahmet çekmek hemme kişa başatyan zat, islese herkimin elinden geljek zat, yöne göz yetirmek ya-da alym bolmak köp kiş-a başartmaz
-
Maxat
16 years ago
Men onem yazypdym (Agza sana yuzlenyan) aglayan erkekleri halamak, sen bolsa mana onyn ssylkasyny goyypsyn.gowy prikol diye kabul edeyin.
hormatly lionlion,
lionlion
senin aydyan zatlan biri-biri bilen gabat gelenoga, başda yazanlanda adamyn dinine-hasiyedine garamazdan olan pikirlerini okap öwrenipsin, hristiyanam bolsa, son bolsa başga bir adamyn bir hasiyyedini halamok diyip onun pikirlerini öwrenesin gelenok, öwren diyip yalbaryp oturanam yok yöne özün soranson beripdir, pikir duşmanynkam bolsa dogry dogrydyr, bor-da özün bilyan
-
Maxat
16 years ago
- serdaryn shu yerde
Ol okuwy gutaranda turkiýanyň iň gowy uniwersitetleriniň birinde, nebit-gaz bölümüne geçipdi.
yazan universtedi türkiyanin ateist okuwçylary bn tanalyan ODTU - METU universtedi, universteda söz yok, bilimi gowy
ga1taman, sana-da şu universtet natanyş bolmaly dal yalnyşmayan bolsam
-
Nadanbende
16 years ago
- bu mesele barada pikirimi gaty gysga pelsepe alymlarynyn sözi bilen aytjak we gyra çekiljek.
1.Ateism bir denizin üstünde döran inçejik buz gatlagy yalydyr. Bir adamy göterer emma bir halky denizin düybünde helak eder.
2.Fanatizmin yetiren zyyany,ateizminkiden kandir.
-
ata
16 years ago
- harmandäli, sotaglaryňa jogaby soňra bermekçi özümçe.
lionlion, senem "aglaýan erkek" diýip kiçeltjek bolýaňmy?!
Gerek ýerinde men hem aglaýan, aslynda., men kiçi-le welin, ýöne şahsyň üçin däl-de, musulmanlaryň düşen erbet ýagdaýyna gynanyp aglaýan we Biribardan aglap medet isleýän biri şol ýagdaý üçin alada etmeýän we aglamaýan aglamaýan milýonlarça ynsanlardan has peýdaly diýip pikir edýärin! Ynsanlary doly tanaman bir pikire barmak hem aňsat hem-de kyn! Sen aňsadyny seçýäň!
Aglamda günälerime aglaýan. Sogapsyzlygyma aglaýaryn. Allahyň rahmetini umyt edip, gazabyndan gorkup aglaýaryn. Sähel-mähel zat üçin erkek aglamaz, bu umumy kanun dünýäde.
eh, azyrak şeýle ynsanlary tana we zat ýaz olar hakda diýesim gelýär!
Bolany!
-
ata
16 years ago
Ata aga nadyanizay muny?!
nädýämişim :) hiç zadam edemok-la, dogryny aýdýaryn! Bolany.
Menem dushunjek bolup nache jan edyan kawagtlar “dogurdanam shuncha adam ynanya ara-bole men yuregime hich zat girenok hich kellame syganok hakykat menem kellame girsin name natije etsemem dine hakykadyn yolundan yorayin” diyip dilegem edyan. Yone menki hich bolanok.
Meňki hiç bolanok diýip, goýaýmaly däl bu işi. Munda seniň kakaňyň, ejeňiň we ýakynlaryň ters täsiri bolup biler, elbetde, bu ýagdaý kyn, aýratynam, gyz/zenan maşgalalar üçin! Ýöne Biribary tanap, Ony söýseň we Onuň aýdanlaryna doly tabyn bolsaň we edýän hereketleriň, amallaryň, dileglerip we haýyrlaryň mynasybetli Ony(Allahy) maşgalaňyza söýdürseň, onda Allah hem, elbetde, olara seni söýdürer! Hatda, saňa eýererlerem bu babatda! Bu ýagdaý, ýokarda-da diýşim ýaly, örän kyn, hatda, maňa-da şeýle, ýöne dilegleriň netijesiz galmaz, yhlasly, ynanylyp edilýän, doly manyda Allaha töwekgel bolup islenilen dilegler.
Saňa Biribardan bu babatda goldaw bermegini we başarnykly etmegini dileýärin, jigim!
Dileglerim siziň bn!
Bashgacharak zatlar okasam eyyam men kellamde ol okan zatlarymdan bashga netije chykya.
Men uchin gynanyp oturmak gerek dal agam!
Seň üçin gynanýan! Belki, säwlik bn 1 gezek görendirin, olam 2-3 sekuntdyr, ýöne ýazgylaryň seni maňa tanadýar! Şeýle oňat ynsanyň her iki tarapda-da iň oňat bagta eýe bolmagyny dileýärin, diňeje bu dünýäde däl!
Düşünmedik ýerleriňi bilýän joralaryňa şahsy sora, bu babatda olaryň bizar boljaklaryny pikir etmeýärin :)
Akgül bar, merwli_gyz bar, milka bar we ýene birnäçe joralaryň bar, basybermeli, ahyryn :)
Iň bolmanda, bärde umumy sahypada sora, jogaplanar, enşallah!
Diwananyň diýşi ýaly, soraglaryňy garaldyp soraý bolmasa :)
Lionlionyn beren soragy yaly.Ozuniz diyyaniz “Allanyn razylygy bolmasa chop bashy gymyldamaz” diyyip! Onda shol yewropada yashap dine musulmanchylyga akyl yetirmeyan adamlar hem Allan islegi bilen sheyle bolandyrlarmy?! Onda eger olar dowzahda yansalar olaryn name gunasi bar?! Olar din hakda bilmeseler dushunmeseler?!
Harmandali | 2008-07-16 21:57:00
muny aşakda aýratyn ýazjak, enşallah!
-
ata
16 years ago
öň bir ýazgy ýazan ekenim bu babatda, ynha:
Gurhanda, mumin(mömin), musulman, munapyk, kapyr(gawur),..., yaly ynsan gornushleri yazylyar. Sholaryn ikisi Hanyf(Allahyň barlygyny we birligine) ynanjynda bolyar, ynha, olar:
1-mu'min (Allanyn barlygyna we birligine ynanyan hemmeler)
2-musulman(Yslama giren, teslim(boyun) bolan)
ynha, shu ikisi, eden gunadir sogaplarynyn netijelerine gora gitjek yerlerine giderler. Yone, musulmanlardanam ynanjyny yerine yetirmeyan milyonlar bar, olaryn yagdayam kan owerlik dal, yone bu babatda Pygamberimiz (Allahdan bashga ylah yokdur) diyip cyn yuregi bn aydyp, olyanca shona bagly galan hemmelerin onde-sonda (gerekli jezasyny jahennemde cekip, gunalerini ot bn tamizlap) Jennete gitjegine aydypdyr. Yone Jennet hem dereje tarapdan hil-hil bolyar, sholaryn gitjek yerlerem, belki, pes hilinde/mertebesinde bolup biler.
yene bu babatda Pygamberimiz :" Jennetin 100 derejesi bar, olardan in beyigi Firdevs Jennetidir, siz dileglerinizde shona talyp bolun!" diyip biz musulmanlara maslahat beryar.
Hristiyan we Yahudilerem, aslynda, mumin, yone , ayratynam, Hristiyanlarda, Yahudilerde-de 3-li ynanja eye bolanlar bar, Hz.Isa (hasha) Allanyn ogly diyyani haysy(Hristiyanlarda), Hz.Uzeyre-de, hasha,shol sypaty diyyanleri haysy(Yahudiler), bulara Alla akyl we iman bersin, netijelerini pikirem etmek islamok.
Gysgaca, hakyky mumin we musulmanlar gutular, galanyny Alla biler.
Biz hem musulman hem-de mumin bolyas, galanlary bolsa mumin ya-da kapyr bolyar, umuman aydanymda!
-
ata
16 years ago
-
Musulman dininden bashga adamlar jennete duship bilyami ,ynha men shu soraga jogap tapyp bilmedim.sen ozun diyyan hemme soraglaryma jogap tapdym diyip. Eger tapan bolsan mana-da komek etsen gayrat edip. Ya-da sen beryan soraglaryn caklimi?
lionlion | 2008-07-17 11:19:36
Dinimizde käbir wagtlara "fetret wagty" diýip bellenilýär. Bu wagtyň esasy aýratynlygy: Allahy we Onuň aýdan zatlaryna bolan ynanjy şol wagtdaky ynsanlara doly we dogry ýagdaýda düşündirjek biriniň we mümkinçilikleriň bolmazlygy ýa-da ýetersizligi sebäpli, şol ynsanlaryň ahyretde bu babatda jogapkär tutulmajagy aýdylýar. Muňa delil hökmünde Kuranyň bir aýatynda many taýdan şeýle diýilýär:"Pygamber ibermedigimiz bir kowmy hasaba çekiji däldiris!" Diýmek, pygamber, din alymlary bir kowma gelmedik we olara dini hakykatlara düşündirilmedik bolsa, onda olar halas bolarlar we Allahyň rahmeti boýunça jennete igerler diýilýär, umuman!
Hristiýanlar we Ýewreýlerden hem Allahyň bar we birligine ynanýanlar bar, ýokarda-da ýazypdyň giňişräk, olaram eden günäleri bar bolsa, jezalaryny çekensoň iru-giç olaram jennete giderler.
Allahyň bar we birligine ynanmaýanlar bolsa, haýsy ynanja eýe bolsa bolsunlar, gitjek ýerleri, umuman, jähennem bolar. Hem Jennetlik hem jähennemlikler üçin umumy ýagdaý şeýle bolmaklyk bn, kysmat mowzugyna degişli "Allahyň atasy" diýip bir ýagdaý bar, muny şahyr goňşy mowzuklaryň birinde gowy düşündirdi.
-
ata
16 years ago
-
indi harmandäli jigimiň soragyna gelsek, "...ýewropada ynanmaýanlar bar, olaryň ýagdaýy näme bolar..." diýipdiň.
Biler bolsaň, bärde şeýle köp sanly serkow bar, her köçede diýen ýaly. Ol ýerde rahipler(hristiýan din alymlary) bar we umumy ýagdaýda her 3-nji we bazar(otdyh=dynç) günler sagat 19:00-da kiliselerde (çhurçh=serkow) ybadat edýäler, musulmanlaryň juma namazynda bolşy ýaly.
Bularyň ýeketäk hudaýa ynanýanlary hem bar, oň daşyndan "troitsa=üçli ynanç" ynanýanlary hem bar. Birinji görnüşi öňde soňda jennete gider, ikinjisi we ýewropadaky köp sanly ateistler we şoňa meňzeş ýenegörler dini hökümlere görä dowzaha gider.
Meň bilşim şeýleräk, giňişleýin ýazsa bolar, ýöne ýokardakylar ýeterlikmikä diýýän?!
-
ata
16 years ago
- hä, ýokardaka goşmaça maglumat : bu asyr ýewropalylar üçin, umuman, fetret asry bolup bilmez, çünki köp sanly serkowlardyr rahipler(erkek we zenan)bar, internetde dini sahypalary bar, bahanalary ýok-da garaz, pikirimçe!
bellik: gap-gara ýazylýarlaý, ýapmadym öýdýän başdaky ýazgymda, ýöne soňkylarda-da dowam edýär soň ýapamsoňam?!
-
Maxat
16 years ago
- ata aga name göz hayallap başladymy, giç bolandan bolaymasyn, bar yeri garalap çykypsyn-a))
-
Maxat
16 years ago
- eyway yapylonoga, bu tema bir döw çaldy öytyan, kan girmeli dal))
-
CeriumOxide
16 years ago
- ata aga! sagja bol gowy ýazypsyň!
ýöne men öz soragyma jogap tapmadym!
belki meň aýtýanym maňlaý, ýada kader bilen baglanyşyklydyr, kaderem kän düşünýan zadyma däl aslynda.
Men muslman maşgalada dünýä indim, we hudaýa şükür musulman. Men bir ateist maşgalada dogulan bolsam(hudaý saklasyn) meň imanly bolmagym kyn bolardy, dogry dälmi!
Meň soraýan zadym, imansyz maşgalada dogulan çagaň günäsi näme! ýada hasap gününde olardan az zat talap edilýämi!!!
(ýalňyş düşünmäň! men kelle garyşdymak üçin sorammak, bilmeýänligim üçin bilesim gelip soraýan, isleseňiz messengerdede sorap bilerin!)owmadow@hotmail.com
-
CeriumOxide
16 years ago
- ateist diýmäýinde budist ýada başga zat diýäýeýin!
Sebäbi ateist maşgalada dogulamdada ateist bolsam garagym aksyn!
bir ýaradyjyň barlygyna düşünmeýänleňem garagy aksyn!
-
Tapjangul
16 years ago
- çaga dünyä inende(masum)bolup dogulya.Son bolsa her ene atan dyny boyunçada dowam edyäler.
-
ata
16 years ago
Meň soraýan zadym, imansyz maşgalada dogulan çagaň günäsi näme! ýada hasap gününde olardan az zat talap edilýämi!!!
,
(ýalňyş düşünmäň! men kelle garyşdymak üçin sorammak, bilmeýänligim üçin bilesim gelip soraýan, isleseňiz messengerdede sorap bilerin!)owmadow@hotmail.comCeriumOxide | 2008-07-18 20:39:43
Serdar, jigim, umumy manyda ýokarda ýazdym munyň jogabyny, aşakda tapjangülem jogaplapdyr gysgaça!
Ateist maşgaladan ýa başga bir nädogry maşgalada doglan çagalar yslam dini päkliginde bolýar, ýagny, umuman, tämiz, päk we günäsiz! Soň aňy ýetiberende bolsa, ene-atasynyň ynançlarynyň täsirinde galýarlar.
Olar wagtyň geçmegi bn öz aň we erklerini ulanyp, dogry ynanjy gözläp bilýäler, ýöne beýdýänleriň sany gaty azmyka diýýän. Köne dinlerine maşgala täsiri bn körlügine baglanmak ýaly bir zat pikirmçe.
Garaz, Ýewropa, USA we ş.m. ösen döwletleriň din baradaky çeşme mümkinçilikleri diýseň giň, bahanalary ýok diýiljek ýagdaýda az şeýle aňyny ulanýan ýetginjekdir ynsanlar üçin. Orta Aziýadaky ynsanlaryň aglabasy yslam dini boýunça ýaşaýan bolmaly, diňe kagyz/at bn bolsa-da.
Afrika we ş.m. int we çeşme mümkinçiligi az diýiljek ýagdaýdaky ülklerde bu ýagdaý kyn. Kä ýerlerde, belki, hiç ýokdur. Eger şeýle bolsa, onda beýle ynsanlar üçin Allahyň rahmeti umyt edilýär diýip bilýän.
Gysgaçasy, biz musulmanlar we beýleki ynanja eýe ynsanlar bilmeýän zatlaryndan jogapkär tutulmaz pikirimçe!
-
ata
16 years ago
- maksat, nädip ýapdyň-aý, men-ä edip bilmändim?!
-
milliyetçi
16 years ago
Ey sen ozun garany saylasana shu saytdan. Halys adamlary arkayynchylygyna pikir alyshmaga goyanok. Okap gelip otyrsyn birdenem sen yazgyn gelya weli bar pikirlerini bozup ganyn depane uryaray.
Harmandali | 2008-07-15 22:34:44
hä, harmandäli, gurgunmysyň gyz? näme ga1tamanyň atesitligi wagyz edýän ýazgysyny okap, lezzet alyp otyrkaň, birden meň ýazgym peýda bolup, bar lezzetiňi uçurdymy? ateistlikden alanja düşünjäňi kül-peýekun edendir!! şoňa gaharyň gelýändir seň! garamy saýlamaly bolsa, saýlaryn. o problema däl. ýöne, asyl garasyny saýlamaly adamlar, adamyň ynanjyna ters täsir edýänler diýip, pikir edýän. gör, eýýäm ga1tamanyň ýazgysy saňa ýaramaz täsir edipdir.
Men dogrymy aytsam asyl dinleri halamok (ozumi musulman hasap etsemem) belki olardan bashym chykmayanlygy uchindir,
Harmandali | 2008-07-15 22:32:36
aklyňa aýlan gyz! meň ýazgylarymam oka welin, esasan ata agaň ýazgylaryny köpräk oka. şonda seň sogap iş etdigiň bolar, uýam.
P.S. ga1tamanyňkyny-ha hiç wagtam okama.
-
milliyetçi
16 years ago
- ata aga!
ýazan, meňki ýaly däl-de, akylly-başly, iňňän dürs we düşnükli ýazgylaryňyz üçin köp sag boluň! size minnetdar! allah sizden razi olsun, abi!
-
Ga1taman
16 years ago
- milliyetçi, sen çyndanam milliyetçimi yada dinçi??
millet başga zat din başga zat.
mc_merw'in hem aydyşy yaly, dinde millet yok, milletem dinlerden önünça döredi.
we sen yazanlaryna jogap berip wagt yitirmek islamok,
ata aga , "ildeş" sözünin manysyny özün gowy bilyandirsin, "men hristiyan" diymek dal.
menem hristiyan dal.
ceriumoxide we ata aga;
"mün nesihatdan bir musallat yagşy" diyipsiniz.
yagny diyjek bolyanyzyn, Hudayyn menin gözümi gorkuzmagy, yada bela duşurmagy öydyan. şony yatladypsynyz.
Mana siz jogap berin onda;
ol Huday, men yaly kiçijek birinin talyplar.com da yazanlary sebapli mana bela getirmekden başga işi yokmy??
ol name üçin, hazirki beyleki musulmanlaryn günlerine seredenok; afrikada milyonlarça musulman bar, hemmesem açlykdan we yene-yene zatlardan ejir çekyar.. Huday men bilen wagt yitireninden, gitsin olary halas etsinler. yrakdan, Palestinadan kapyrlary çeksin. name şolary etmage güyji yetmeyarmi?? yok etmez diyseniz. onda ol mana hem hiç zat etmez.
saglygynyz. jogap bermesenizde bolar.
-
Maxat
16 years ago
...
Sokrat, Atinalylaryň köp taňryly dinlerine ynanmaýan dindar bir adamdy. Ol, öz durmuşynyň üstin bir gudrat tarpyndan dolandyrylyandygyna ynanan biridir.
“Çagalygymdan bäri meni yzarlap ýören, Alla tarapyndan bir ses bardyr. Muny haçan içimde duýsam, edip oturan işimi etmeli däldigimi görkezer. Ýalňyşlardan goranýandygyma düşünerin. Ýöne ol hiç bir wagt meni mejbur etmayär”
Suduň öňinden gitjek wagtynda aýdan soňky sözleri şu bolandyr: “Aýralyk sagady gelip ýetdi, yolagçy yolunda bolsa ýagşy, Men ölüme siz öz durmuşyňyza!... Haýsysy has gowy Alla biler!”
Sokrat yokarda-da aýdylanlar ýaly adamlaryň köp zat bilýändiklerini pikir edip aslynda az zat bilýändiklerini soraglar sorap görkezmäge synanyşandyr. Onuň meşhur sözlerinden biri hem “Ýekeje bilýän zadym, hiç bir zat bilmeyänligimdir” Başda içindäki ses oňa “Sokrat-dan has alym kişi ýokdyr” diýen. Ol munyň jogabyny köp gözläp, köp adamlar bilen söhbetler edip soňunda şeýle netij-ä gelen “Hemme zady bilen diňe Alla-dyr, hakyky alym odur”
...
çeşme : sokrat -gozyetim.com
-
milliyetçi
16 years ago
milliyetçi, sen çyndanam milliyetçimi yada dinçi??
millet başga zat din başga zat.
mc_merw'in hem aydyşy yaly, dinde millet yok, milletem dinlerden önünça döredi.
we sen yazanlaryna jogap berip wagt yitirmek islamok.
Ga1taman | 2008-07-22 00:30:58
Ga1taman, diňle dost! men milletimi-de, dinimi-de ýürekden söýýän. ýöne, bu ýerde men saňa düşünemok. haýsydyr bir agzanyň niki onuň ýazýan ýazgylary bilen baglanyşygy bolýanmydyr? eger, bolýan bolsa, onda näme seň ýazýan zatlaň galtamançylyk, garakçylyk we talaňçylyk hakda däl?? näme üçin? eger-de baglanyşygy bolmaýan bolsa, onda meňem nikim bilen ýazýan zatlarymyň arasynda tapawut bolanyny geň görüp oturma, dost! men miiletçi bolsam-da, dinimi ýürekden söýýän we meni bu ýoldan hiç kim, ne "ga1taman" ne-de "adam777" dändirip biler. düşünen bolsaň gerek?!
-
milliyetçi
16 years ago
ceriumoxide we ata aga; "mün nesihatdan bir musallat yagşy" diyipsiniz. yagny diyjek bolyanyzyn, Hudayyn menin gözümi gorkuzmagy, yada bela duşurmagy öydyan. şony yatladypsynyz. Mana siz jogap berin onda; ol Huday, men yaly kiçijek birinin talyplar.com da yazanlary sebapli mana bela getirmekden başga işi yokmy?? ol name üçin, hazirki beyleki musulmanlaryn günlerine seredenok; afrikada milyonlarça musulman bar, hemmesem açlykdan we yene-yene zatlardan ejir çekyar.. Huday men bilen wagt yitireninden, gitsin olary halas etsinler. yrakdan, Palestinadan kapyrlary çeksin. name şolary etmage güyji yetmeyarmi?? yok etmez diyseniz. onda ol mana hem hiç zat etmez.
saglygynyz. jogap bermesenizde bolar.
Ga1taman | 2008-07-22 00:30:58
aý, ýaşulumyz ata aga! barmysyňyz how! bu peläkediň ýazanlaryny okap gördüňizmi? hany muňa jogap bereliň-dä? öz-ä jogap bermäňem diýipdir welin, ol-a bolmaz. jogap bermesek bular ýalylaryň dişinde et galar! häzirden öňüni almaly. meň dini düşünjäm pesräk bolansoň, göwnejaý jogap tapyp bilemok. bir zat diýäýsemem ýalňyş bolar öýdýän.
ata aga, ýaşuly, gaýrat ediň-de muňa bir göwne makul jogap ýazyň agam! bolmasa, çok kırılırım vallahi! siz dini şu saýtdaky hemmelerden gowy bilýäňiz-ä agam. şuň bir gaýdyp agzyny açmaz ýaly bir göwnejaý jogap beriň-dä.
-
milliyetçi
16 years ago
- ata aga, ýazgyma jogap bermediňiz-le, how! men-ä gaty gynanandyryn, agam. beýtme-dä?! :(
-
ata
16 years ago
- milleýetçi, jigim, men bärdäki hemme agzalardan dini gowy bilemok;
1- bilýän diýsem öwünmek;
2- bilemok diýsem - nädogry;
3-az-kem bilýän diýsem dogry bolar.
Indi jogap berme mümkinçiligi mende bar, ýöne islemändim.
Özümçe jogap berip bilerin, elbetde.
Hmm, synanyşmaly etdiň sen bar-a :)
Ýöne saňa aýdaýyn:
Myrada gaty-gaýrym zat aýtmaly däl, ol özüniň näme edip ýörenini gowy bilýändir. Sylagly oglan, söz diňleýän oglan, diňeje kellesinde bar bolan zatlary sorag hökmünde gönükdirýär, bolany!
Gata gaty, ýumşaga-da ýumşak ýazmagy başaryp bilýär, şoň üçin, adam ýaly ýazyşmaly umuman, haýwanlaşsam, oňam haýwanlaşýan ýagdaýda jogap ýazmagy ähtimal, ýadymdan çykarmaly däl.
Bu meň üçinem, seň üçinem, beýleki agzalar üçinem umumy bolup biläýjek ýagdaý!
-
ata
16 years ago
- Indi Myrada jogap:
Bu dünýä "sebäpler we synaglar" älemi, ahyret bolsa "jezalar we sylaglar" älemi.
Bu dünýädäki sebäplere eýeren bu dünýäde oňat ýaşar, eýerip bilmedik erbet. Dogry ýa nädogry ýollardan sebäplere has üstün eýe bolan, az eýe bolanlara wagtynda gün görkezmändir, häzirem dowam edýär netijeleri. Afrika we ş.m. ülkelerdäki gözgyny ýagdaý munyň aýdyň şaýady öz aýdyşyň ýaly hem.
Meniň saňa ähmiýet berşim bolsa, ahyret taýdan, diňe bu dünýä däl. Bu dünýä üçin sen sebäpleri menden has gowy bilýäň, oňa sözüm ýok, ýöne ahyret üçin welin ýalňyşýarsyň!
Bärde maňa gulak gabartjak bolsaň, bir şert bar ýöne: Allaha we Onuň ýaradan ahyretine. Eger ynanmaýan bolsaň, onda meň berjek maslahatlarymy okabam oturma! Mümkin, bilýänsiňdirem, diňe gaýtalamak bolup biler, ýöne olam gowudyr.
Garaz, Afrikadaky mätäç ynsanlar sebäplere eýgermän, ýa zalym bolan başgalarynyň (iňlis, ispan, amerikan we ş.m.) täsiri bn bu dünýäde aç-suwsuz bolup biler, bu Allahyň olara seretmeýänini görkezmez. Diňeje sebäplere dogry we ymykly ýapyşmaklary gerekli bolup biler, bu Angliýa we ş.m döwletlerde bolşy ýaly. Ýöne şol mätäç ynsanlara ahyretde beriljek günüň nähilidigini biz bilip bilmeris, ýöne, umuman hadysyň berýän manysyna görä aýdaňda, "iki gorkyny we iki begenji birlikde berilmejegi" görünýär. Bärde gorkup, mätäç ýaşan, beýleki dünýäde tersini ýaşap biler şu ýagdaý boýunça. Elbetde, bulam üýtgeýär ýagdaýdan ýagdaýa.
Uzadyp oturmaýyn!
Men seň bu dünýäň üçin däl, ahyretiň üçin alada edýän - wesselam!
-
milliyetçi
16 years ago
milleýetçi, jigim, men bärdäki hemme agzalardan dini gowy bilemok;
Özümçe jogap berip bilerin, elbetde.
Hmm, synanyşmaly etdiň sen bar-a
ata | 2008-08-08 13:58:00
ata aga, sagja boluň! tamamam şeýledi sizden! taňryýalkasyn! myrat aýdanlaryňyzdan oňaýly netije çykarar diýip, umyt edýän.
-
CeriumOxide
16 years ago
saglygynyz. jogap bermesenizde bolar.
Ga1taman | 2008-07-22 00:30:58
ruslaryň "молчание - знак согласия" diýişi ýaly pikir edäýme!
"mün nesihatdan bir musallat yagşy" diyipsiniz.
yagny diyjek bolyanyzyn, Hudayyn menin gözümi gorkuzmagy, yada bela duşurmagy öydyan. şony yatladypsynyz.
ýalňyş pikir etme! onuň ýaly zat diýemzok, menä diňe bolan bir wakany gürrüň berdim! isleseň ol oglan bilen seni tanyşdyryp bilerin!
onsoňam...
lionlion 16 years ago- sen diyyanin tipicni turkmen turki okan oglanyn bashyna gelyan zatlar. 4njem bardyr aralarynda.