Daşajygyň ejesi hem-de daýzasy bardy. Olaryň ikisi hem Daşajygy çyn ýürekden gowy görýärdiler, emma olaryň terbiýe berşi meňzeş däldi. Ejesi Daşajykdan ir turmagy, otagyny tertiplemegi, sapaklaryna ykjam taýýarlyk görmegi, köp okamagy talap edýärdi. Gyzyna boş wagtlary köýnek tikmegi, örüm örmegi, zähmeti söýmegi we hiç bir işden çekinip durmazlygy öwrederdi. Emma daýzasy welin oňa hiç bir ýumuş buýurmazdy. Gaýtam onuň özi Daşanyň öý işlerini edip bererdi. Uzakly gün gyzjagazy joralary bilen tokaýa oýnamaga goýbererdi.
– Meniň dözümli ejem we mähirli daýzam bar – diýip, Daşajyk joralaryna gürrüň bererdi.
Ýyllaryň kerwen gurap geçmegi bilen Daşajygyň çagalygy hem geçip gitdi. Daşa ulugyz bolup ýetişdi we ol işe girdi. Adamlar ony öwerdiler. Daşa haýsy işiň başyna geçse-de, ony hemmelerden ilki dynardy. Ýoldaşlary ondan:
– Berekella, seniň eliňden dür dökülýär. Kim saňa beýle işlemegi öwretdi? – diýip sorasalar, Daşa:
– Ejem öwretdi. Maňa şol wagtlar köp işlemek we birnäçe hünärleri öwrenmek ýokuş degýärdi. Indi bolsa hemme zada akylym ýetýär. Ejem jana-da ömrüm boýy sagbolsun aýdýaryn. Näme üçin men şol wagtlar bu işleriň geljekde gerek boljakdygy barada pikir etmändirin – diýip jogap berýärdi. Daşa daýzasyny näçe gowy görse-de, ol barada hiç zat aýdyp bilmeýärdi.