DELLEGIŇ IKINJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT
«Biler bolsaň, musulmanlaryň hökümdary, meniň ikinji doganyma Bakbaka diýýärler, özi-de tentegräkdi. Günlerde bir gun, ol öz işi bilen gidip barýarka, birdenkä onuň öňünden bir garry kempir çykypdyr-da: «A-ýuw, adam, hany biraz aýak çek! Men saňa bir ýumuş buýurjak, eger göwnüňden tursa, sen ony maňa bitirip berersiň, maslahaty-da Alladan sora» diýipdir. Meniň doganym hem aýak çekipdir weli, ol garry kempir: «Men saňa bir zat aýtjak, onuň ýoluny-da saňa salgy berjek, ýöne weli seniň gepiň-sözüň uzak bolmasyn» diýipdir. Meniň doganym: «Aýt bakaly, eşideli» diýip jogap beripdir. Onsoň kempir: «Gözel ymarat hem içinden suw akyp ýatan, hoş ysy burk urýan bag hakynda, dürli miweler hem al şeraplar bilen agşamdan tä daňdana çenli seni gujagyna gysyp ýatjak gözel näzenin hakynda sen näme aýdarsyň? Eger sen meniň aýdyşym ýaly etseň, eşret görersiň» diýipdir.
Meniň doganym bolsa ol kempiriň bu aýdanlaryny eşidip: «Hanym sen näme üçin bu iş bilen ala-böle maňa ýüzlendiň? Sen meniň nämäme höwes etdiň?» diýip sorapdyr.
Onda ol kempir meniň doganyma: «Kän geplegiç bolma diýip, men saňa aýtdym ahyry! Sesiňi çykarma-da, düş yzyma» diýip jogap beripdir. Ol kempir şeýle diýipdir-de, yzyna öwrülip ugraberipdir, meniň doganym hem onuň aýdan zatlaryna gyzygyp yzyna düşüberipdir. Ine, onsoň olar bir topar hyzmatkärli zatly ullakan bir jaýa barypdyrlar, kempir ony yzyna tirkäp, ýüzüniň ugruna ýokaryk çykyberipdir, meniň doganym ajaýyp köşkde peýda bolupdyr.
Onsoň ol öýüň adamlary ony görüp: «Seni bu ýere kim alyp geldi?» diýip, doganymdan sorapdyrlar. Kempir bolsa: «Oňa azar bermäň, kesiň sesiňizi, onuň ýüregini darykdyryjy bolmaň, ol bir işçi, özi-de bize gerek adam» diýipdir. Ondan soň kempir ony bezegli bir otaga alyp barypdyr weli, onuň ýaly oňat otagy doganym hiç haçan görmän ekeni. Olar şol otaga giripdirlerem weli, birnäçe aýal turup, meniň doganyma salam berip, ony öz ýanlaryna geçirip oturdypdyrlar, aradan birazajyk salym geçensoň bolsa, onuň gulagyna uly gykylyk eşidilipdir, birdenkä hyzmatkär gyrnaklar peýda bolupdyr, olaryň arasynda bolsa ýüzi dolan aý ýaly ýalpyldap duran bir owadan gyz bar ekeni. Meniň doganym hem onuň ýüzüne nazar salyp, ýerinden turaga-da, ol gyza eglip tagzym edipdir, gyz bolsa onuň salamyny alyp mübärekläpdir-de, oturmagy teklip edipdir. Ol hem oturypdyr weli, gyz oňa ýüzlenip: «Alla seniň mertebäňi belent etsin, sende ýagşylyk diýen zat barmydyr?» diýip sorapdyr. Meniň doganym bolsa: «Hanym, meniň bütin kalbym ýagşylykdan doludyr!» diýip jogap beripdir. Ondan soň ol gyz iýer-içer ýaly zat getirmegi buýrupdyr, oňa her dürli tagamlar getirip beripdirler, onsoň olam iýmäge başlapdyr. Şonlukda ol gyz gülmekden ýaňa özüni rahatlandyryp bilmändir, meniň doganym onuň ýüzüne serden wagtynda bolsa, ol gyz oňa gülýän ýaly terzde öz hyzmatkärlerine bakan öwrülipdir. Onsoň ol gyz meniň doganyma öz söýgüsini görkezmek bilen, oňa lak atyp, degşip başlapdyr, meniň doganym bolsa, eşekligini edip, hiç zada düşünmän, ýüregindäki hyjuwyny saklap bilmän gyjynyp oturyşyna, ol gyz, hakykatdan-da, özüni söýýändir öýdüp, ondan tamakin bolup oturan ekeni.
Nahar iýlip bolandan soň, şerap getiripdirler, ondan soň bolsa her biri täze dogan aý ýaly, elleri tarly on sany hyzmatkär gyz gelip, dürli owaz bilen ýakymly ýaňlanýan aýdymlar aýtmaga başlapdyrlar. Meniň doganymyň şatlyk joşguny serinden aşyp, ol gyzyň elinden bulgury alyp başyna çekipdir-de, onuň öňünde aýak üstüne galypdyr. Ondan soň bolsa bulgury gyz içipdir weli, meniň doganym oňa: «Noş bolsun!» diýipdirde, oňa baş egip, tagzym edipdir. Ondan soň gyz oňa ýene bir bulgur şerap beripdir, ol şony içipdirem weli, gyz onuň ýeňse çukuryna düwündirip goýberipdir. Doganym onuň bu bolşuny görüp, edil ýeňsesinden itilen ýaly bolup daşaryk dazyrdap çykypdyr. Şol wagt hälki kempir oňa göz ümläp: «Dolan yzyňa!» diýen şekilde yşarat edipdir. Ol hem dolanypdyr. Onsoň gyz oňa oturmagy teklip edipdir, ol hem oturypdyr, özi-de dolanyp sesini çykarman oturypdyr, emma gyz ony ýene urmaga başlapdyr. Şonlukda, ol gyz öz urany bilenem oňman, hyzmatkärlerine-de ony urdurypdyr, özi bolsa garry kempire:
«Men mundan oňat zat gören däldirin!» diýipdir. Kempir bolsa: «Hawa, rast aýdýaň, hanym!» diýip seslenipdir.
Onsoň hyzmatkär gyzlar ony tä özünden gidip ýykylýança urupdyrlar. Soň meniň doganym özüne gelip, ýaban etmäge ugran wagtynda, kempir onuň yzyndan ýetip: «Birazajyk gaýrat et-de, çyda, ondan soň sen öz göwnüň isleýänini gazanyp bilersiň» diýipdir. Onda doganym: «Men haçana çenli sabyr edip çydaýyn? Ýeňsäme urulmakdan ýaňa men huşumy ýitirdim ahyry» diýipdir. Onda kempir: «Gyz serhoş bolan wagtynda, sen göwün maksadyňa ýetip bilersiň» diýip jogap beripdir. Meniň doganym ýene öz ýerine gelip oturypdyr. Onsoň hyzmatkär gyzlaryň birisi-de galman, hemmesi ör aýak üstüne galypdyrlar, şol wagt gyz meniň doganymyň üstüne hoş ysly atyrlar sepip, müşkanbarlar bilen gallamaly, üstüne gül suwuny pürkmeli diýip buýruk edipdir. Olar hem gyzyň aýdyşy ýaly edipdirler. Ondan soň ol gyz: «Alla seniň mertebäňi belent etsin! Sen meniň öýüme gelip, meniň hemme şertlerimi berjaý etdiň, özümiň garşyma çykan adamlary bolsa kowup çykarýardym. Emma sabyrlylyk görkezenler bolsa öz göwünisleglerine ýetýärdiler» diýipdir. Meniň doganym hem oňa: «Hanym, men seniň garyp guluňdyryn hem seniň öz eliňdäki adamdyryn» diýip jogap beripdir. Onda gyz: «Bilip goý, Alla meni şadyýanlygy söýýän edip ýaradypdyr, onsoňam kimde-kim maňa tabyn bolýan bolsa, şol hem öz göwün-islegine ýetip bilýär» diýipdir. Ondan soň ol şol jaýda bar bolan adamlaryň hemmesiniň şatlyk bilen dolup-daşmagy üçin, özüniň hyzmatkär gyzlaryna iň ýokary çekimlere gygyryp aýdym aýtmagy buýrupdyr. Ondan soň bolsa ol gyzlaryň birine: «Sen öz jenabyňy alyp git-de, etmeli zatlary edişdirip, onsoň ony derrewiň özünde meniň ýanyma alyp gel» diýipdir.
Hyzmatkär gyz meniň doganymy alyp ugrapdyr (doganym bolsa özüne ol gyzyň näme etjekdigini-de bilmeýär ekeni); şol pursatda hälki kempir onuň yzyndan ýetip: «Gaýrat et, gaýrat et, indi kän zat galmady!» diýipdir. Şondan soň meniň doganymyň ýüzi ýagtylyp gidipdir, onsoň ýene ol hyzmatkär gyzyň ýanyna barypdyr (kempir bolsa zol ýolboýy oňa: «Gaýrat et, sen eýýäm maksadyňa ýetdiň!» diýýär ekeni); meniň doganym bolsa kemňire ýüzlenip: «Bu hyzmatkär gyz maňa näme etmekçi?» diýip sorapdyr. Kempirem oňa: «Bu ýerde ýagşylykdan başga zat ýokdur! Men saňa kepil bolaryn! Ol seniň gaşlaryňy garalap, murtuňy timarlamakçy!» diýip jogap beripdir. Onda meniň doganym: «Gaşymyň garasy-ha sabyn bilen ýuwsaň aýrylar gider weli, ýöne murtumy ýolanda agyrdar-da!» diýipdir. Onda kempir: «Sen onuň kejine gaýdyjy bolaýmagyn, häzir onuň ýüregi saňa maýyl bolupdyr» diýipdir. Ine, onsoň meniň doganym gaşynyň garalanmagyna hem murtunyň ýolunmagyna çydam edip durupdyr. Hyzmatkär gyz ony timarlap bolandan soň, öz bikesiniň ýanyna baryp, bu barada oňa habar beripdir weli, ol gyz: «Ýene bir kemi galdy: sen onuň sakgalyny-da syr, goý, ol tüý çykmadyk oglan ýaly bolsun» diýipdir. Hyzmatkär gyz hem meniň doganymyň ýanyna gelip, öz bikesiniň beren buýrugyny oňa aýdypdyr. Meniň akmak doganym bolsa: «Onsoň men neneň edip, utanman ile görnüp bilerin?» diýipdir. Onda kempir: «Ol muny diňe seniň tüýjerip durmazlygyň üçin, seniň sakgal-murtuň ýüzüne batyp durmazlygy üçin, seniň timarlyja görünmegiň üçin edýär ahyry. Ol saňa tüýs ýürekden aşyk bolup, ýüreginde yşk ody döräpdir, gaýrat et ahyry: seniň islegiň berjaý boljak bolup dur» diýip düşündiripdir.
Onsoň meniň doganym oňa-da kaýyl bolup, hyzmatkär gyza tabyn bolup durup, oňa sakgalyny-da syrdyrypdyr. Ine, onsoň hyzmatkär gyz ony gaşlary garaldylan, sakgal-murty syrylan, ýüzi gyzardylan görnüşde alyp gelipdir! Gyz muny görüp allaniçigsi bolup gorkupdyr, soňundan bolsa oňa gülküsi tutup, güle-güle kese ýykylypdyr-da: «Jenabym, bolsa-da, sen özüňiň şu sypatlaryň bilen meni haýran galdyrdyň!» diýipdir. Ondan soň ol gyz meniň doganymy ýerinden turzup, oňa bökejekläp tans etdiripdir. Ol hem onuň buýrugyna görä, patyrdyklap tans etmäge durupdyr weli, ýaňky owadan gyz eline ýassyk ilse-de, köwüş ilse-de gaýgyrman, oňa zyňmaga durupdyr, beýleki hyzmatkär gyzlaram eline ilen zat bilen ony urmaga başlapdyrlar, alma-da gabat gelse, turşumy-süýjümi pyrtykal-da gabat gelse, oňa dazyrdadyp sala-sala, biçäräni tä özünden gidip ýykylýança urupdyrlar, endam-janyny gök-ala edipdirler.
Şondan soň garry kempir oňa: «Indi sen öz maksadyňa ýetdiň. Indi sen urlaryn öýdüp gorkma, ýöne indi diňe bir şerti galdy, ol hem bolsa: ol gyz serhoş bolan wagtynda, özüniň hemişe edähetine görä, ilki özüniň hemme eşiklerini, köýnekbalaklaryny bütinleý çykaryp, çuw-ýalaňaç bolar. Onsoň ol seniňem öz eşikleriňi çykaryp, çuw-ýalaňaç bolup ylgamagyňy talap eder. Onuň özi seniň öňüňden gaçar, senem ony nirä gitse sypdyrman kowalamalysyň. Onsoň şol barmaşa seniň ujydyň turar weli, ana, şol wagt hem ol saňa näme etseň ygtyýar berer» diýipdir.
Ondan soň ol gyz oňa: «Sypyr eşikleriňi» diýipdir. Meniň doganym hem özüniň hemme eşiklerini çykaryp ýalaňaçlanypdyr (özi weli utanjyndan ýere giräýjek bolýar ekeni), onsoň ol gyz oňa: «Hany indi tur-da, ylga, menem ylgajakdyryn — diýip, özi-de eşiklerini çykaryp ýalaňaçlanypdyr-da: — Eger sen bir zat edesiň gelýän bolsa düş yzyma!» diýipdir. Ine, onsoň ol gyz onuň öňünden gaçyp ugrapdyr, doganym hem ony kowalamaga başlapdyr. Ol gyz bir tamdan ikinji tama gaçýarmyş, meniň doganym hem yzyndan galman kowýarmyş. Ahyry ol gyjynyp kowup ýörkä, onuň ujydy saňgaty bolup turupdyr. Gyz hem ony görüp, bir garaňky tamyň içine gaçyp giripdir weli, meniň doganym hem onuň yzy bilen şol tama urduryp giren badyna, bir ýukalan tagtanyň üstüne basanda, aşagy opurylyp, dik aşaklygyna güpürdäp, ýykylyp gaçanyny özi-de duýman galypdyr. Şol jaýdan aşak ýykylyp düşenden soň görse, ol köçäniň ortarasynda, deri-gön söwdasy edilýän deri bazarynyň içinde somalyp duran ekeni. Ine, onsoň meniň doganymyň bu elhenç görnüşde — çuw-ýalaňaç bolup, ujydyny turzup, sakgaly-gaşy syrylgy, ýüzüni çym gyzyl edip durşuny gören bazarçylar gyzyl-gyran bolşup, el çarpyşyp gygyryşýarlar-da, ony şol ýalaňaçlygyna deri bilen, gön bilen urmaga başlaýarlar, meniň doganym bolsa huşuny ýitirip ýykylyp galýar. Onsoň ony şol durşuna eşege ýükleýärler-de, weliniň ýanyna alyp barýarlar. Weli hem ony görüp: «Bu kim?» diýip, olardan sorapdyr. Olar bolsa: «Bu şu bolup durşuna weziriň öýünden aşak togalanyp gaçyp, biziň aramyza düşdi» diýipdirler. Ine, onsoň weli hem oňa temmi berip, onuň boýnunyň ýüzüne ýüz gamçy urmaly, ondan soň hem Bagdatdan ýok edip kowup goýbermeli diýip buýruk beripdir. Ony kowan wagtlarynda, men eşidip, yzyndan ýetdim-de, ony ogrynlyk bilen ýene şähere gaýtaryp getirdim, ondan soň özüm onuň güzeranyna ýeterlik harjyny bermegi öz üstüme aldym. Eger men gaýratly adam bolmadyk bolsam, onda ol tetelli adama ýagşylyk etjek bolup azara galyp ýörmezdim ahyry».
DELLEGIŇ IKINJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT
-
yashalym
3 years ago
- Balam agzyna dokeyinmI
ODINOKIY 3 years ago- Mende Kitaby Bar 1001 Gijàniñ