DELLEGIŇ BIRINJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT

«Biler bolsaň, dindarlaryň hökümdary, doganlarymyň birinjisi (özi bolsa küýki) özüniň senedi boýunça Bagdatda tikinçidi, özi-de bir baý adamdan kireýne alan dükanjygynda geýim tikýärdi. Ol baý bolsa dükanjygyň ýokarsyndaky jaýda ýaşaýardy, jaýynyň aşagy bolsa degirmendi. Bir gezek, meniň doganym öz dükanjygynda geýim tikip otyrka, başyny galdyranda, öýüň äpişgesinden adamlara seredip duran bir aýaly görüpdir weli, edil täze dogan aý ýaly owadan ekeni. Meniň doganym ony gören badyna, ýüreginde söýgi yşgynyň ody tutaşypdyr, asla ol uzyn gün şol aýala aňkarylyp oturyşyna, agşama çenli tikimini-de goýup seredip oturypdyr. Ertesi güni bolsa, ol säher çaglarynda dükanyny açyp, tikin tikmäge oturypdyr-da, her gezek iňňesini sanjanda şol äpişgä bakan seredýän ekeni. Onsoň ol ýene şol aýaly görüp, oňa bolan söýgüsi hem ýüregindäki meýli has hem artyp başlapdyr. Üçünji gün gelip ýeten wagtda bolsa, ol ýene öz ýerine geçip oturyp, şol aýala bakan seredip başlapdyr, onsoň ol aýal hem onuň bolup oturyşyny görüp, onuň özüne aşyk bolup örtenýänligini aňypdyr. Onsoň ol aýal onuň ýüzüne seredip ýylgyrypdyr, doganym hem ol aýalyň ýüzüne seredip ýylgyrypdyr. Ondan soň ol aýal aňyrlygyna gidip, onuň gözünden ýitipdir-de, onuň ýanyna öz hyzmatkär gyrnagyny iberip, gyzyl ýüpek matany ýaglyga düwüp berip goýberipdir. Ine, onsoň hyzmatkär gyrnak onuň ýanyna gelip, şeýle diýipdir: «Meniň bikäm saňa salam gowşurmagy tabşyryp: «Ynha, şu matadan öz merhemetli eli bilen bize köýnek biçsin, özüni-de gaty gowy tiksin» diýip iberdi». Ol bolsa: «Lepbeý, hyzmatyna taýýardyryn!» diýip jogap beripdir. Onsoň ol oňa köýnek biçipdir-de, şol günüň özünde-de tikip taýýar edipdir. Ertesi güni bolsa hyzmatkär gyrnak ir bilenjik onuň ýanyna gelipdir-de: «Meniň bikäm saňa salam gönderýär hem-de seniň öten gijäni nähili geçirendigiňi soraýar. Ol uzynly gije uklap bilmedi, sebäbi diýseň onuň bütin ýüregini sen eýeläpsiň» diýipdir. Ondan soň bolsa gyrnak onuň öňünde sary atlaz matany goýupdyr-da: «Meniň bikäm saňa şu matadan iki jüp balak biçsin-de, şu günüň özünde-de tikip taýýar etsin diýip tabşyrdy» diýipdir. Meniň doganym bolsa oňa: «Lepbeý, hyzmatyna taýýardyryn! Oňa köp salam gowşur, onsoňam: «Seniň sadyk guluň buýrugyňa taýýar, göwnüniň islänini buýrubersin» diýip, oňa aýdaýyň» diýip jogap beripdir.
Ondan soň ol matany biçmäge başlapdyr-da, yhlas bilen tikip, balaklary taýýar edip goýupdyr, birnäçe wagtdan bolsa ol aýal äpişgäniň agzyndan görnüpdir-de, ilki gözlerini süzüp, soňundanam onuň ýüzüne ýylgyryp bakyp, üm bilen oňa salam beripdir, doganym bolsa ony ele salandyryn öýdüpdir. Ondan soň ol aýal ýene aňyrlygyna gidipdir, onsoň hyzmatkär gyrnak gelipdir, ol hem özüniň tikip taýýarlan balaklaryny jüpi bilen oňa beripdir, ol hem alyp gidipdir. Agşam düşensoň, ol öz ýerine geçip, tä ertire çenli uklap bilmän, uzynly gijäni eýlesine-beýlesine agdarylyp geçiripdir. Ertesi bolsa ol ir bilen öz ýerine gelip oturan badyna, hyzmatkär gyrnak onuň ýanyna gelip:
«Seni meniň jenabym agam çagyrýar» diýipdir. Doganym bu habary eşidip, gorkusyndaň ýüregi ýarylara gelipdir, hyzmatkär gyrnak bolsa onuň biçak gorkanyny görüp: «Sen ýagşylykdan başga hiç hili ýamanlyk görmersiň! Meniň bikäm bilgeşlinden seni meniň jenabym bilen tanyşdyrjak bolýar» diýipdir. Ondan soň ol biçak begenip, gyrnagyň yzyna düşüp ugrapdyr, onsoň aýalyň äriniň — jenabyň ýanyna baryp, eglip salam berip, onuň aýai gozuny ogşapdyr, ol hem onuň salamyny alyp, oňa köp-köp mata berip: «Şulardan maňa köýnek biçip tikip ber» diýipdir. Meniň doganym bolsa: «Ajap bolgaý, gözüm üstüne!» diýipdir-de, agşama çenli turman işläp, ýigrimi köýnek dagy biçipdir, özi-de uzynly gün iýmän-içmän işläpdir. Onsoň hojaýyn ondan: «Bu işiň muzdy näçe bolmaly?» diýip sorapdyr. Doganym bolsa: «Ýigrimi dirhem» diýip jogap beripdir. Şondan soň ol aýalyň äri — jenap hem öz hyzmatkär gyrnagyny çagyryp: «Ýigrimi dirhem getirip ber!» diýipdir. Meniň doganym bolsa sesini çykarmandyr. Emma jenabyň aýaly oňa göz ümläp: «Ondan pul alma» diýip yşarat edipdir. Şondan soň meniň doganym jenaba ýüzlenip: «Alladan ant içýän, men senden hiç zat alyp bilmerin!» diýen bolupdyr-da, tikinlerini alyp çykyp gidiberipdir. Emma, hakykagyna garanyňda weli, meniň doganym kör köpüge-de mätäçdi, şoňa garamazdan, ol azrak iýip-içip, kör oňňut edip, üç günläp işläp, onuň köýneklerini yhlas bilen tikipdir. Onsoň hyzmatkär gyrnak gelip: «Hany, näme iş bitirdiň?» diýip sorapdyr. Doganym bolsa oňa: «Taýýar!» diýip jogap beripdir-de, özüniň tiken geýimlerini alyp, olaryň öýüne bakan ugrapdyr, eltibem ol köýnekleri şol aýalyň adamsyna gowşuryp, şol sagadyň özünde yzyna gaýdypdyr. Onsoň ol aýal meniň doganymyň pikir-hyýalynyň nämedigini öz ärine şugullapdyr (meniň doganymyň bolsa ol zatlardan habary ýok ekeni), şondan soň är-aýal ikisi dilleşip, oňa mugtuna geýim tikdirmegi, şeýdibem onuň üstünden gülmegi ýüreklerine düwüpdir. Ertir ir bilen doganym öz dükanyna gelen wagtynda, olaryň hyzmatkär gyrnagy onuň ýanyna gelip: «Seň meniň baýarym bilen gepleşip gaýt!» diýipdir. Olam gyrnagyň yzyna düşüp ugrapdyr; olaryň öýüne baryp, baýaryň ýanyna giren wagtynda, ol: «Sen maňa bäş sany jiltge tikip ber!» diýipdir. Meniň doganym hem onuň buýran eşiklerini ölçäp biçipdir-de, işi öz dükanyna alyp gaýdypdyr. Ine, onsoň ol onuň eşiklerini tikip bolup, şol aýalyň ärine eltip beripdir weli, ol hem onuň geýim tikişinden hoşal bolup, pully gapjygy getirmegi hyzmatkärine buýrupdyr. Onsoň ol pul berjek bolanda, meniň doganym aljak bolup elini-de uzadan eken weli, şol pursatda ol aýal äriniň ýeňsesinde duran ýerinden oňa: «Hiç zat alma!» diýip yşarat edipdir. Meniň doganymam ol adama: «Pul berjek bolup howlugyp durmasana, jenap, haçan alsagam wagt tapylar!» diýen bolup, içini tutup çykyp gaýdypdyr, şeýdibem özüni eşekden beter kemsindiripdir, sebebi diýseň, ol bäş tarapdan zyýan çekipdir: söňgi derdi, gazançdan galyp tozmagy, açlygy, ýalaňaçlygy hem argynlygy — bularyň hemmesi birigip, onuň üstüne agyr bela bolupdyr, ol bolsa çydan bolup gezip ýörüpdir. Meniň doganym olaryň ähli buýran işlerini edip gutaransoň, olar ony öz hyzmatkär gyrnaklaryna beren bolup, ony aldap, masgaralapdyrlar. Öýeren gijesinde meniň doganym onuň ýanyna girmekçi bolanynda, olar oňa: «Eger sen şu gijäni ertire çenli degirmende ýatyp geçirseň, gaty gowy bolar!» diýipdirler.
Meniň doganym olaryň gepine ynanyp, şol gijäni degirmende ýeke ýatyp geçiripdir, aýalyň äri bolsa degirmençi bilen dilleşip, ony uzynly gije degirmen aýlap oturar ýaly edipdir.
Meniň doganym degirmeniň içinde ýatyrka, gijäniň ýarynda onuň üstüne degirmençi gelipdir-de: «Be, bu öküz näme üçin degirmen aýlaman bikär ýatyr, biziň bolsa üwedilmedik bugdaýymyz köp» diýip ylgap çykyp, degirmeniň dolusyna bugdaý guýupdyr. Onsoň eline bir ýüp alyp gelip, meniň doganymyň boýnundan salaga-da, degirmeniň çarhyna baglapdyr-da: «Çüw, haýda, çaltrak aýla degirmeni! Seniň bileniňbitireniň iýip-içip ýatmak-la!» diýip, gamçyny alaga-da, gomuna-da birkini şarpyldadypdyr weli, doganym aglap gygyrypdyr, emma onuň dadyna ýeten bolmandyr.
Ine, onsoň olam tä ertire çenli degirmen aýlap, un üwäpdir.
Şol wagt hem öýüň eýesi gelip, meniň doganymyň degirmen aýlaýan agaja baglydygyny görüp, sesini çykarman gidiberipdir, ondan soň ir bilen hyzmatkär gyrnagyň özý onuň ýanyna gelip: «Seniň başyňa düşen bu ýagdaýa men biçak gynanýaryn; biz, meniň bikäm ikimiz, seniň aladaňy edip ýörüs» diýipdir. Emma meniň doganymyň urlup horlanany zerarly hem ýadawlygyndan ýaňa, onuň jogabyny bermägede dili ysmandyr.
Şondan soň doganym öz öýüne gaýdyp barypdyr; onsoň birden onuň ýanyna şol agşam onuň nika hatyny ýazan ýazuwçy gelýär-de, oňa salam berip: «Alla seniň ömrüňi uzak etsin! Ilkagşamdan ertire çenli gujaklaşyp-guçuşyp, näz-kereşme bilen keýp çeken adamyň ýüzi şeýle bolýarmyka!» diýýär. Onda meniň doganym: «Ýalan sözläni Alla hem ýalkamasyn! — diýip jibrinipdir. — Müň gezek nälet bolsun, men diňe ertire çenli öküze derek degirmen aýlap, un üwemek üçin baran ekenim!»
Onda ýazuwçy oňa: «Sen öz başyňa düşen zatlary maňa aýdyp ber» diýipdir. Onsoň meniň doganym hem bolan zatlary gürrüň edip beripdir weli, ýazuwçy: «Seniň ýyldyzyň ol gyzyň ýyldyzy bilen bap gelmeýär, ýöne weli eger sen isleseň, men seniň ol hatyňy üýtgedip bereýin» diýipdir. Onda meniň doganym: «Seredip gör, seniň başga mekirligiň galmadymyka!» diýip jogap beripdir-de, ýazuwçynyň ýanyndan turup, özüniň iş ýerine baryp, güzeran görmek üçin gazanç eder ýaly iş getiren bolmazmyka diýip garaşmaga durupdyr. Emma şol wagt birdenkä ýene şol hyzmatkär gyz gelipdir-de: «Meniň bikäm bilen gepleşip gaýt!» diýipdir. Onda meniň doganym oňa: «Jähennem bol, bedasylyň gyzy, seniň bikäň bilen meniň işim ýok!» diýipdir. Hyzmatkär gyzam onuň bu aýdanyny baryp, öz bikesine habar beripdir. Onsoň meniň doganym eýlesinibeýlesini bakmanka, ol aýal äpişgeden seredip hem aglamjyrap: «Meniň söýgülim, näme üçin indi seniň bilen biziň işimiz ýokmuş?» diýip gygyrypdyr.
Emma doganym oňa jogap bermändir. Onsoň ol aýal ant içip, awy ýalap, düýn degirmende onuň başyna düşen işde özüniň günäsiniň ýokdugyny, bu işde özüniň günäsizdigini aýdypdyr. Onsoň meniň doganym onuň owadanlygyna hem gözel görküne maýyl bolup, özüniň düýnki çeken horlugyny unudyp, onuň şirin-şirin sözlerine ynanypdyr-da, onuň ähli etmişlerini bagyşlapdyr, oňa gözi düşüp duranyna şatlanypdyr. Onsoň ol onuň bilen ýaňadandan salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşyp, iş başynda birmeýdan gürleşip oturypdyr. Ondan soň hyzmatkär gyz onuň ýanyna gelip: «Meniň bikem salam iberdi hem şeýle diýdi: onuň äri bu gün öz dostlarynyň öýünde ýatjak, ol öz dostlarynyň ýanyna giden wagtynda, sen biziňkä gelersiň-de, meniň bikem bilen tä ertire çenli bile ýatyp. gijäňi hoş geçIrersiň» diýipdir.
Äri bolsa öz aýalyna: «Ony senden daşlaşdyrmak üçin näme etsekkäk?» diýipdir.
Onda aýaly: «Gel, men oňa şeýle bir mekirlik edeýin weli, goý, ol bütin şähere masgara bolsun» diýip jogap beripdir. (Ol aýalyň etjek mekirliklerinden bolsa meniň doganym düýbünden bihabar ekeni).
Ine onsoň agşam düşýärem weli, hyzmatkär gyz meniň doganymyň ýanyna gelipdir-de, ony öz öýlerine alyp barypdyr. Ol aýal bolsa meniň doganymy gören badyna: «Alladan ant içýän, meniň jenabym, seni biçak göresim geldi!» diýen bolupdyr. Onda meniň doganym: «Allanyň haky üçin, hemme zatdan öňürti basymrak bir öpüş!» diýipdir. Ol gepini soňlap-soňlamanka, ol aýalyň äri beýleki otagdan çykyp gelipdir-de: «Alladan ant içýän, men senden diňe saklawbaşynyň ýanynda dynaryn!» diýip gyňralypdyr. Meniň doganym hem oňa ýalbarmaga başlapdyr, ol bolsa onuň ýalbarmasyna garamandyr-da, ony weliniň ýanyna äkidipdir, weli bolsa ony gamçy bilen urmaly hem düýä mündürip, şähere aýlamaly diýip höküm edipdir. Ilat bolsa oňa: «Ynha, kesekiniň haremhanasyna girýäniň çekýän jezasy!» diýşip gygyryşypdyrlar.
Ondan soň hem ony şäherden çykaryp kowup goýberipdirler, ol hem çykyp, nirä gitjegini bilmän duran ekeni. Menem gorkup, onuň yzyndan ýetdim-de, ony özüm ekläpsaklamaga boýun bolup, yzyna alyp gaýtdym, özümem ony şu wagta çenli öz öýümde saklap gelýärin.
Halyf bolsa meniň bu sözlerime gülüp hezil etdi. Ol: «Berekella, Dymma, berekella, geplemezek!» diýdi-de, mana sylag bermeli hem çykaryp goýbermeli diýip buýruk berdi. Emma men: «Özümiň beýleki doganlarymyň-da başyndan geçenleri aýdyp gutarýançam, senden hiç zat alyp gitmerin, ýöne weli meni köp gepleýändir öýtmegin» diýdim.

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir