“Samsung Electronics” kompaniýasy özüniň kuwwatly batareýaly täze arzan smartfonyny - “Galaxy A02”-ni tanyşdyrdy. Bu barada www.ixbt.com habar berdi.

“Galaxy A02” modeli täze ýyldan öň arzan bahadan satylyp başlanan “Galaxy A02S” smartfonyndan hem has ýönekeý hasaplanylýar.
Smartfon HD+ durulykly (1560 x 720 piksel), 6,5 dýuýmlyk TFT ekrany, 5 megapikselli öň kamerasy, 13 we 2 megapikselli goşa esasy kamera datçikleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Batareýanyň kuwwaty 5000 mA/sagat bolup, ol 7,75 Wt kuwwatda zarýad alyp bilýär.
Dört ýadroly we 1,5 Hz takt ýygylykly SoC MediaTek MT6739W, 2 ýa-da 3 GB RAM we 32 ýa-da 64 GB içerki fleş ýady bu smartfonyň apparat bazasy bolup hyzmat edýär. Onuň ölçegleri 164 x 75,9 x 9,1 mm, agramy 196 gr.
“Galaxy A02”-e barmak yzy skaneri, NFC we beýleki “ýeňillikler” ýetmezçilik edýär, ýöne onda 4G VoLTE, Wi-Fi (802.11 b/g/n), Bluetooth 5, GPS we GLONASS, iki SIM kartlary we ýat kartalary üçin aýratyn ýer bar. Smartfonda “Samsung One UI” gaby bilen “Android 10” gurnalan.


Çeşme: tmcars.info

Tehnologiýa, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir