Salamälikler! Bu tema belki käbirleriňiziň gaharňyzam getirmegi ahmal, şonda-da öz pikirimi aýdaýyn. Oglanlar öz sowjak puluny özleri gazanmaly ene-atasyndan almaly däl (has wajyp bolmasa). Köp oglanlarda “özüm gazanaýyn, özüm işläýin, enem-atama ýük bolmaýyn” diýen düşünje ýok. Olar ulalanlaryndan soňam öýündäkiler oňa pul bermäge borçly ýaly hasap edýäler. Öýündäkilerden pul soramaga utananoklaram. Belki käbirleriňiz üçin utanç däldir ýöne mena oglan bolup özüni özi oňaryp bilmese halamok, hemişe öýündäkilerden pul sorap ýörse… Mysal üçin köp daşynda okaýan oglanlar elmydama öýünden pul alyp durýalar ýa-da öýündäkiler pul ugradýalar. 1-2 ýyl zyýany ýok diýeli, ýöne söň pul almagyny ýerliksiz görýän. Käbirleri hem okaýalar hem işleýäler öýlerindäkilere ýük bermejek bolup käbirleri bolsa beýdenok näme üçin?! Beýlekiler işleýän bolsa goý olam işlesin! Ýöne olarda ol düşünje ýok. Şuň ýaly öz elim öz ýakam diýen pikir oglanlara gerek, olar nezawisymrak bolmaly, islendik ýerde öz gününi özi görüp biljek halda bolmaly, şu düşünjeler olarda ýaşlykda bolmaly. Oglanlara şeýle hasiýetler gelşýä, hemem hökman şeýle bolaýmaly diýip pikir edýän.

Köneler, Harmandali tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir