„Sen ýok.
Bir gün gadryň biliner...“
(aýdymdan)


Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär...
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.

Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýesiz!)
Sen ýok — ömür dowam etdi biperwaý,
Sen ýok — bu duýgulam galdy söýesiz.

Pasyllar ornuny çalşyp geldiler,
Ýaz-a ýaz däl,
Özün unutdy tomsam.
Ýatamda bagrymy kerçedi „Sen ýok“,
„Sen ýok“ ýüregimi gyýdy oýansam.

Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi...
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..
Düşünýänem ýogsa, ahyrsoňunda,
Hawa, şu „Sen ýok“-lar berkider meni.

Adam-da... küýsegden bagryň dilinýär...
Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär...


30.10.2018ý.

Sapa Hommadow

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir