Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim,
Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem.
Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi,
Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem.
Indi has süýjedi ömrüň tagamy,
Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň.
Göwnüme itleriň üýrüşem ajap,
Göwnüme hol kaktuslaram — ter çemen.
Söýýän çogly Güni, söýýän buludy,
Ýagşyny, ýamany söýýän gyradeň.
Dünýäde milliardlap adam ýaşaýar,
A meň üçin olaň sany bire deň.
Gijeler gündiz deý ýap-ýagty indi,
Gündizler gije deý eredip barýar.
Seň söýgiň gussaly Sapaň içinde
Başga bir Sapany döredip barýar.
Güýzüň duýgularyn duýgulam bilen
Bezeýän bolanja yhlasym bilen.
Bir uly YKBALY dünýä getirsin,
Ykbalyň birleşip ykbalym bilen.
Sözüm söz, melegim, artykmaçlygyň
Kemçiligiň bilen bolar gyradeň.
Çünki sen iki däl, on däl, ýüz-müň däl,
Meniň üçin tapylgysyz BIRE deň!
12.11.2016ý.
Sapa Hommadow
AŞYKLYK
-
Aýsenem92.
3 years ago
- gowy goshgy ,👍
-
Шекер
3 years ago
- Kartinka d:aşş))Sazlaşýar goşgy bilen.Birem şu "tapylgysyz BIR-i "haladym
-
MARGARITA
3 years ago
- Gowy ýazylypdyr
yashalym 3 years ago- +++++