Döwlet häkimiýetini elinde saklap duran režime garşy gidenler, ýoluny urduranlar, teraktlary amala aşyranlar, howpsuzlygy we jemgyýetçilik tertip-düzgüni bozanlar, pitne döretmek üçin jenaýatçylykly ýaragly toparlary döredenler we ýaragly hereketleri amala aşyranlar barada "Gurhanda" ýörite üstünde durlup geçilipdir. "Alla we Resulyna garşy söweşenleriñ, ýer ýüzünde bozgunçylyk etmäge çalyşanlaryñ jezasy, diñe öldürilmeleri ýa asylmalary, ýa-da el-aýaklarynyñ kesilmegi, ýa bolmasa ýaşaýan ýerlrinden sürgün edilmeleridir. Bu olaryñ dünýäde çekjek masgaraçylygydyr, ahyretde bolsa olara uly azap bardyr". ("Maide" süresi 5/33).

Eger möminlerden iki topar özara uruşsa, olary aralañ. Muña garamazdan biri beýlekisine topulmagy bes etmese, topulan tarapa garşy, tä ol Allanyñ emrine dolanýança sizem uruşyñ. Dolanan ýagdaýynda aralaryny düzeltiñ we hemişe adyl boluñ, çünki Alla adyllary söýýär". ("Hujurat" süresi, 49/9).

Muhammet pygamber (s.a.w) "Jezasy iñ çalt berilen şer topalañdyr" diýipdir. Ymam Japar Sadyk hem "İblis leşgerlerine şeýle emreder "Aralaryna duşmançylyk we topalañ salyñ, çünki bular Allanyñ ýanynda şirke barabardyr" diýer" diýipdir. "Gurhanda" şeýle diýilýär: "Bir ýamanlygyñ garşylygy misli bir ýamanlykdyr. Kim bagyşlar we bagyşlasa sogabyny Alla berer. Ol zalymlary söýmez. Kim zuluma uçrandan soñra jebisleşse, olaryñ üstüne ýol ýokdur. Olara hiç zat edilmez, jeza berilmez. Ýol diñe adamlara zulum edenleriñ we ýer ýüzünde nähak ýere topalañ turzanlaryñ üstünedir. Olar özleri üçin aýylganç azap taýynlanan kişilerdir" ("Şura" süresi 42/40-42).

♣WATAN SÖÝGÜSI IMANDANDYR

Adamlaryñ durmuşda ýaşamaga bir öýe mätäç boluşlary ýaly, halk hökmünde hem biz ýaşamaga bir Watana mätäçdiris. Öýsüz-öwzarsyz kişilere dünýäde hözirli durmuşda ýaşamak mümkin däl bolşy ýaly watansyz adamlaryñ hem erkanalykda we bagtyýarlykda ýaşamaklary asla mümkin däldir. Hut şonuñ hem "Alla hiç kimi bu dünýäde watansyz etmesin, ahyretde imansyz etmesin" diýilýär. Türkmen aga "Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä..." diýip ýöne ýere aýdanok. Bütin dünýäniñ halklaryna bagtyýar we asuda durmuşda ýaşamagy üçin hökmany suratda watanyñ gerek bolşy ýaly, ynanan dinlerine arkaýynlykda uýmak, tagat-ybadatlaryny erkin ýerine ýetirmek, çagalaryny göwün islegiçe okatmak, terbiýelemek üçin hem hökman watan gerekdir. Hut şonuñ üçin her bir raýat öz ýaşaýan watanyny söýmäge borçludyr. Çünki ol ähli hak-hukugyny we bähbitlerini watanynyñ barlygynda gorap bilýär. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) we ilkinji musulmanlar Mekgede müşrikleriñ görlüp-eşdilmedik ezýetlerine we jepalaryna, adatdan daşary zulumlaryna duçar bolup, diniñ emirlerini ine-gana ýerine ýetirip bilmändikleri üçin Medinä hijret edipdirler we ol ýeri ikinji watan hökmünde saýlap alypdyrlar. Emma dogduk depeleri bolan Mekgä bolan söýgülerini we intizarlyklaryny welin, hiç haçan ýitirmändirler. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) Mekgeden Medinä hijret edip barýarka düýesini Hazwere diýen ýerde sägindirip, Mekgä tarap zaryn-zaryn-zaryn bakypdyr we şeýle diýipdir: "Walla, sen Allanyñ ýaradan ýerleriniñ iñ haýyrlysy, Allanyñ gatynda iñ söýgülisi bolan ýersiñ. Senden çykarylmadyk bolsadym, çykmazdym. Maña senden has owadan, has söýgüli ýurt ýokdur. Kowmum meni senden çykarmadyk bolsady, çykmazdym, senden başga ýerde ýurt, ojak tutmazdym".

Munuñ üçin Pygamberimize (s.a.w) Allatagaladan şeýle wahy gelipdir: "Elbetde, ol "Kuranyñ" teblygyny saña parz eden Alla, seni ýene dolanmak islän ýerine dolanandyrar" ("Kasas" süresi, 85).

Hakykatdanam Pygamber Hezretleri (s.a.w) we onuñ sahabalary hijretiñ sekizinji ýylynda Mekgä dolanyp, şäheri eýeläpdirler. Watan dogulan we üstünde ýaşalyp ýörlen ýer bölegidir. Watan görer göze ýöne bir ýer bölegi ýalydyr. Emma juda bir beýle hem däldir. Bir halkyñ agalyk edip ýaşamaly, häkimiýet gurmaly, goralmaly, gerek bolsa janyñy ugruna pida edilmeli ýer bölegidir. Ýurt hem edil şol manydadyr. aхz we ba watanymyzyñ her garyş ýeri watan üçin janyny pida eden merdana ata-babalarymyzyñ ganlary bilen ýugrulandyr.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir