Ýok, bu ýere gelmedim öz meýlime,
gelmedim men keýpine,
Ýazmagam islämok bular barada.
Aýallar türmesi,
wagşylyk bile
Parala sen,
Jiger-bagrym parala.
Bagtym parala.
Parala sen, tikenekli simleriň
Paralaýşy ýaly
näzik şemaly.
Synyşyn synlaýyn näzeninleriň
Hem synlaýyn erkekpisint jenany.

Aýagy jalbarly,
Egni güpbüli
Ene, sen eýlediň niçik jenaýat?
Aýallar türmesi — ykjam goralýar,
Siz arkaýyn ýatyberiň, jemagat!
Daýza, günäň näme?
«Alyp-satarmyň?»
Bu käriňi «kitler» alga alanok.
Kooperator satýar howpsuz-hatarsyz,
Harby gämi,
wertolýot
hem samolýot.
Maýda bolýaň, oturmasaň bolanok!
Aýallar türmesi — görer ýalymy,
Gursakda ahmyrdyr gazap dyňzaýar.
Olar —
Otuzynjy ýyllar aýal roluny
Oýnap gezen erkeklere meňzeýär.
Ýaş gelinler gijelerne düýş görýär,
(Düýşler üçin serhet ýok borly düýpden)
Olar söýüşýärler gijeler,
ýöne
Ýok, göwreli bolup bolmaýar düýşden.
Suw içip göwreli bolup bolmaýar,
Durmuş erteki däl,
Durmuş hyýal däl.
Aýallar türmesi bolsa-da ady,
Munda oturanlar asla aýal däl!
Aýagynda ädik,
erninde çilim,
Ýüzüni penjeläp gezýär howluda.
Ony duşuşyga çagyrýar — ölüm,
Aýdyň ahyr, nädip görnüp bilsin ol
Agşam duşuşyga geljek ogluna?!

Olar hesret çekýär,
Olar aglaýar,
Olar bilýär bu dünýäniň dardygyn.
Ynsanperwer diýar nämä aňmaýar
Ýüreginde şeýle türmäň bardygyn?!
Tussag edilmeýär günäsiz kişi,
Oturandyr, diýmek bardyr etmişi.
Bardyr oturanlaň günäsi,
ýöne
Enesinden aýry düşen çagalaň
Günäsi näme?!

Ýüz ýyl mundan ozal ynanarmydy
Şu şygrymy okap bersem türkmene?!
Biz size erkinlik berdik ahyry,
Size azat söýgi berdik ahyry,
A siz bolsa otyrsyňyz türmede!

Ýok, bu ýere gelmedim men meýlime,
Gelmedim men keýpine.
Ýazmagam islämok bular barada
Aýallar türmesi,
wagşylyk bile
Parala sen,
Jiger-bagrym parala!


Nobatguly REJEBOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir