Komege matac oglanjyk
Bir adam uly ýoldan tizlik bilen ulagda barýarka, birden pat edip ulagyň aýnasyna uly daş degýär. Ulagy birden saklaýar we ulagdan çykyp seretse daşy zyňan kiçijek oglanjyk ýoluň gyrasynda dur. Oglanjygyň ýanyna okgynly baryp üstüne abanyp näme üçin daş zyňdyň diýýär. Oglanjyk: Daýyjan gaharlanma meniň hanha ol ýerde maýyp oturgyjyndaky doganym ýykylyp ýatyr men özüm ony ýerinden turzyp bilmän ýola çykyp geçen ulaglardan kömek soramak üçin hälden bäri elimi galgadyp saklajak bolup duryn! Ýeke birem durmady, ahyry soňy men daşlasam durarlar diýip daş zyňdym we sen gabat geldiň diýýär.
Bunyň ýaly jogaba garaşmadyk ol adam bir tüýsli bolup durýarda. Gel doganyňa kömek edeli diýip doganynyň ýykylyp ýatan ýerine ýönelýärler. Doganyny tekerli otyrgyjyna otyrdýar we gerek bolan kömekleri edip ýoluna dowam edýär....
Hawa doganlar durmuş edil şu wakadaky ýaly kä wagt biz dünýä işleri bilen meşgul bolup şer näme haýyr näme unudýarys. Hatda şeýle bir dünýewi işler bilen meşgul bolýarys welin ...tizligimizden ýaňa doň ýürege öwrülip gidýäs...
Kä halatlarda ynsan oglunyň dogry ýola, sogap, haýyr işre gelmegi üçin edil şu wakadaky ýaly daş zyňmaly bolýar....
Allah Tagala bize: aklyňa aýlan gulum diýip, käbir ýagdaýlara sezewar edýär... Çünki biz wakadaky durman geçýän ulaglar ýaly yumşaklyk bilen edilýän nesihatlara, çagyryşlara üns bermeýäris....
Elbetde bu daş zyňylandan soňra aklyňa aýlansaň sen ne gözel ynsan!
Emma belli bir wagtdan soňra kalp şeýe bir doňýar welin üstüne dag gaçsada, tä ölüm gelip bogazyna ýapyşýança şol bir tizliginde dowam edýär.... Doganlar dogry ýola gelmek üçin, haýyr -sogap etmek üçin birileriniň size daş zyňmagyna garşmaň, toba gelmek üçin başyňyza kynçylyk gelmegine garaşmaň.....
Pegas 3 years ago- Men saňa aşaky mowzugyňda sorag beripdim.