Ýok, dost, ýol galmady buýtar-suýtara,
Haýsymyzyň kalbyn awlamady ol?!
Haram duýgymyza meý bere-bere,
Haýsy gujaklarda galgamady ol?!
Biz perde edinip kasamdan, şertden,
Gijäni Geýnäniň şygryndan açyp,
Syndyrdyk ynama meýilli erkin,
Al bile içinden-bagryndan geçip.
Kim oýlandy, kim aýlandy aklyna,
Gyzgyn lezzet alyp sowuk gujakda?!
Söýgä däl,
bagta däl
hem durmuşa däl,
Ony nirä alyp barýanmyz hakda?!
Ine, ýene aldap özi-özümiz
Hem basalyk berip otly gussa-da,
Tabydy däl, elhenç günämizi biz
Egne alyp barýas mazarystana.
Bessir, ýol galmady buýtar-suýtara,
Boýun alalyň biz gynaman jany:
Ynam bile äkitdi ol gabryna
Biziň ak lezzetli gara wyždany.
* * *
Maňa ogşamany öwretdi aýal.
Dostlar — öýkäni.
Wagtynda gadryny bilmedik atam —
Ogly söýmäni,
Kynçylyk — gülmäni,
Meýlis — ölmäni...
Kän öwrendim, ýöne ony ýazmadym.
Maňa ogşaşmany öwretdi aýal.
Soň söýgä uçradym,
Nädip ýanmarsyň?!
Nobatguly REJEBOW
soho 4 years ago- Sagja bol yetirenine, gowy goryan goshgularmyn biri