Hem günäli hem köp alkyşly...
Ir döwürlerde akylly-paýhasly, ylymly bilimli bir ýaş ýigit, göwy-görüşip tirkeşýän dostynyňka myhmançylyga barypdyr. Dosty hem myhmany gaty gowy görenligi sebäpli, öz dostuny gyzgyn hem mertebeli kabul edipdir. Bu iki dost gowy naharlardan mazaly iýip, arassa howadan dem almak we akyl, ylym-bilim barada pikir alyşmak niýet bilen öýden daşary aýlaň-çaýlaňa çykypdyrlar. Şeýdip iki dost güýçliräk akýan, derýadan kiçi çeşmeden uly güzeriň gapdalyndan ylym-bilim barada söhbet edip gelýärkäler oňlerinden bir ýaş gelin çykypdyr. Gelin bu iki alyma:
-Salamälik doganlar. Meň ýan-ýoldaşym, tokaýa gitdi. Eýýäm 3 gün bäri öýe gelenok "Janym sag başym abat bolsa hökman gelerin" diýip söz berip gitdi. Ejesi bilen meň gözümiz ýolda galdy, aýdara başga hossarymyz ýok. Hossar bolaýanyndada kim möjekli aýyly tokaýa gitsin. Men şu güzerden geçjek bolýaryn. Howada sowuk. Eşigimi suw etmekden we sowuklamadan gorkup geçip bilmän durun. Belki ol kenara geçirersiňiz!? - diýip kömek sorapdyr. Şonda, hälki myhman alan akyldar:
-Bagşlaň. Başaramok. - diýip öz ýoly bilen ýörejek bolanynda beýleki akyldar-myhman ses-üýn çykarman, gelini elinde göterip, gujaklap ol kenara geçiripdir. Gelin taňyrýalkasyn aýdyp ýoluny dowam edipdir. Akyldar ýigit dosdunyň ýanyna dolanyp gelipdirde:
-Haý peläket diýse, utanmadyň nätdiň? Bir kişi gelniniň uýat ýerlerinden tutup gujaklamaga utanmadyňmy? Sen ol geline degmäne ne hakyň bar!? Alladan gorkmadyňmy? Hany seniň akylyň!? - diýip gaharlanypdyr. Akylly ýigit:
-Dogry, men ol geliniň uýat ýerlerinden gujakladym. Bu edenim üçin maňa günä ýazylyp dowzahda ýanaryn. Emma men ol gelini, beýleki kenara geçirip eden ýagşylygym hem bar ahyry. Ine haçanam bolsa bir gün, kazam dolup, dünýämi täzelänimden soňra ALLAHYŇ öňünde soraga çekilerin. Belki şonda beýik biribar meniň ýüregimden "Eý ýürek, seni şu ynsana berkitdim. Aýt, şu ynsan, şol ýerde, şol wagt, şol gelini gujaklap beýleki kenara geçireninde sen nähili duýgular başdan geçirdiň, özüňi nähili duýduň, näme niýet etdiň?" diýip meniň ýüregimden sorar. Şo mahal Ýüregim "Ähli adamlar Adamata bilen Howeneden gaýdýar, şol sebäpli ähli adamlar dogandyr, bu doganlygy diňe nika bozar. Onsaň gelin bilen aramyzda nika bolmanlygy sebäpli, gelini öz doganym hasap etdim we doganyma şolwagt kömek etmek duýgysy bardy. Kömek edýänime begendim, sebäbi gelin sowuklasa önelgesiz bolar, netijede çaga bolmadyk öýde belki bagtam bolmaz, bu betbagt maşgala belki dagar. Suwdan geçirenim üçin gelin sowuklamaz, nesli bolar, maşgalasy bilen bagtly ýaşar. Bir maşgalany dagamakdan halas edip bagtly ýaşatjakdyklaryna ynamym bar we begenýän" diýip jogap berer. Sebäbi bu hakykat!!! - diýip dostuna aýdypdyr.


AWTORY: HALK ARASYNDAN,ÝATDA GALANLARDAN.

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir