Okuwçylar hem çagalaryň degişmeleri.
1. Şuwagda çenli ylym-bilimden ölenä ýok, ýöne şondada biýologiýa klasdaky skelet pikirlendirýär.
2. Mekdebe garanodan "Okuwçylara howpsuzlyk çärelerini öwretmeli" diýen buýruk gelýär. Şonda bir mugallym okuwçylara:
-Tok razetkalara eliňi sokmalydäl-diýende bir okuwçy:
-El oňa syganoga...
+Şeý diýildigi "çüý bilenem sokmalydäl" diýildigi haýwan...
3. Barbi gyzlar okuwçyka, okuwda oglan klasdaşlary olaryň kellelerine papka bilen urýarlar. Soň ulalansoňlaram "Nämçün Barbi gyzlar samsyk bolýalaraý!?" diýibem geň görýärler.
4. Meň üçin himiýa sapagyndagy gürrüňler şeýle bolup eşidilýär "Iki sany düýe uçup barýardy-biri gök. Beýlekisi çepe. Asfalt kilo näçe. Eger kirpiň ýaşy 25 bolsa!?"
5. Biýologiýa sapagynda mugallym:
-Meredow 2 sany ýyrtyjy-haýwanynyň adyny aýt!
+Ýolbars mmmmm....
-Bileňok otyr, ikilik. Gurbanow 3 sany ýyrtyjy haýwanyň adyny aýt!
+Ýolbars, gaplaň.... Ýadyma düşenok.
-Otyr iki. Sähedow 5 ýyrtyjy haýwanyň adyny aýt!
+2 ýolbars, 3 gaplaň!
6. Bir okuwçy 1000$ tapypdyr hem Polisiýa berenini aýdypdyr. Okuwçyň eje-kakasy oglunyň dogruçyllygyna guwanyp-begenip möňňürüp agladylar.
7. Mugallym:
-Wah siz bara. Hemmäňiziň klasda sapakda internet oýnaýanyňyzy bilýän. Sebäbi normalny adam, aýaklarynyň arasyna, seredip gülenok!
8. Garagol okuwçy:
-Mollym tuwaleda gidäýeýin!? - diýende mugallym oňa garagollygy üçin käýemek niýetde:
-Sen sapakda okuwda ahyry, sypaýçylykly gürlemelä! Bolmanda "Mollym, suw döküp geläýin" diýdä.
+Bolýa. Mollym, daş zyňyp geläýindä.
9. Klasda "Tebigatda özüňi nähili alyp barmaly" tema geçirýän mugallym:
-Öňräk men daga gidemde öňümden ýylan çykdy we meni çakmady. Sebäbini kim bilýär!?
+Sebäbi bir ýylan başga ýylanlara degenokda.
10. Geometriýa sapagynda mugallym doskada nokatlar goýup:
-A nokatdan B nokada, B nokatdan C nokada, C nokatdan F nokada barýas! - diýende bir garagol okuwçy:
-Mollym haçan G nokada barýas!?
+Otyr gürleme, ol nokada barmaga siz entek kiçi bolýaňyz!
11. Kakasy birinji gezek gyzjagazy ýatmanka oňa erteki okap berýär:
- Bir bar eken bir ýok eken, bir kökejik togurlanyp gidiberipdir, öňünden möjek çykyp kökä "men seni iýjek"- diýende gyzjagaz gorkup ejesiniň ýanyna ylgap baryp:
- Eje eje kakam däliredi. Ol "köke togalanyp gidiberýä" diýýä. Soňam möjekler gürleýär diýýä.
12. Kakasy garažda maşyn bejerişini synlan ogly, kakasynyň eli gapjanda, aýagyndan çekiç gaçanda, maşyny bejerip bilmände, oglujugy gaty köp üýtgeşik sözler öwrendi:-)
13. Kakasy marşrutkada otyrka uly sesli ýel göýberip howany hapalaýar we ýanyndaky oturan oguljygyna:
-Oho, özüňä şeýle kijijek, sesi weli piliňki ýaly! - diýip gülüp göýberipdir. Aňyrda oturan aýal:
-Gyýw, ony sen etdiňä!...
+Muňa seret, menä owadanlap seňkini bukýan, a bu bolsa gaýtam meni masgara etjek bolýar.
14. Ejesi:
-Hany oglum, bu daýy bilen salamlaş
+Salawmaleýkim
-Ýooo, hany kakaňýaly gowja salamlaş...
+Oý blaaaa nähilooo petuh, ýaltanman ýaşapýörsiňmi loh...
15. Sadikda çagalaryň gürrüňinden. Bir çaga:
-Meň ejemi skoro pomoşda dogtarlar alyp gitdi! - diýipdir. Beýleki gir çaga:
-Waýýý oňa mämbolly...???
+Ýaramandyr! - diýip uludan demini alyp ýüzüni aşak sallap ýene:
+Ony kakam keselledipdir, inni ejemiň garny şar ýaly.
16. -Oglum, egzamenler nähili?
+Gymmatlapdyr kaka, gymmatlapdyr!
17. Üçem jigisi bolan çagadan goňşulary:
-Jigileriň ady näme? - diýip soraýarlar. Çagajyk bolsa:
-Kakama dogry düşünen bolsam olaryň atlary "Aý, Nätdiňaý, Goýsanaý".
18. Bir adam çagaň elinden tutup parkmahera girýär. Bulary gören Parkmaher:
-Howwa ýaşuly, saçy deňlemelimi, sakaly syrmalymy, ýada ukladkamy?- diýip sorapdyr. Ol adam:
+Aýýýý hemmesem! - diýip saçyny deňledip, sakalyny aldyryp, ukladka etdireninden soň, parkmahera:
-Ine şuňam saçyny deňle, men häzir telefona pul salyp geleýin! - diýip çykyp gidýär. Çagaň saçyny deňläp bolan parikmaher:
-Hany kakaň gelmedilaý!?
+Ýogo ol meň kakamdälooo. Ol maňa "Mugt saç deňletjekmi?" diýdi....
19. -Kaka, adamlar maýmyndan emele geleni çynmy? Ejemä şeý diýýä!?...
+Oglum, biz adamdan emele gelen. Ejeň bolsa öz garyndaşlary barada aýdýa.
20. Awtobusa gür-gara sakally adam münýär. Muňa bir gyzjagaz aňkaryp galypdyr. Ol adam:
-Gyzym, köp seretdiňweli, men kakaňa meňzeşmi?
+Ýok, maýmynyňka meňzeş. A kakam meň owadanja.
Awtory: Internet sahypalaryndan. Paýlaşan: IDEALLIDER.
Real.123. 4 years ago- :D