Söýgi, söýgi bu näme diýip menden sorasalar men şeýle diýerdim. Söýgi bu suwjuklyk däl. Ol suwjuk hereketlerden durýan zat däl. Söýgi bu Beýik zat. Söýginiň bar ýerinde hemme zat bagta ýetýär. ALLAH TAGALLA söýgi bilen hezreti Muhammedi ýaratdy, Ony Öz Dosty edip hormatlady. Muhammet Pygammber ummatyny söýdi, ummatyny söýeni üçin kän kynçylyklary çekdi. Ummatyna bolan söýgisi üçin Ol onuň iki dünýäde hem aman bolmagyny isledi.
Ýaş juwanlaryň ortalaryndaky söýgi meniň pikirimçe şeýle bolsa gowy, adam durmuş gurýa, emma durmuş gurmanka ýaşaýyşa akyly ýetýär. Ol durmuş hakda şeýle diýip oýlaýar. Men orta mekdebi gutardym indi durmuşda orun tapmaga hereket etmeli. Maksadym hasyl bolsa men bu ugurdan ukuwa synanaýyn. Soň şeýle käre başlaýyn, ana onsoň men durmuşda pikirdeş boljak bir gyza gabat gelerin ana şol wagty hem maşgala-da guraryn we şeýdip maşgalada aýalym bilen bir-biregi ömür soňuna çenli gadyrlap ýaşaryn" diýen höwäsler bilen garalýan zat bolmaly. Durmuşda başga zatlar bar, olar söýginiň derejesinden ýokarda däl ýöne söýginiň, näme diýsemkäm güýmenjesinden möhüm zatlar.
Ýolagçy